22:35 Doganoglan agam, meşhur hirurg Hojageldi Orazmyradowy ýatlap | |
DOGANOGLAN AGAM, MEŞHUR HIRURG HOJAGELDI ORAZMYRADOWY ÝATLAP
Goşgular
Ten ýara, näsaglyga, Çydardyk ýa aglardyk. Ýöne ozaly Alla, Seň ýanyňa ylgardyk. Ýeňil elleriň bilen, Gözläp, ellän çagyňda. Anyklardyň, aňardyň, Ne kem bar sol, sagyňda. Bejerip, em ederdiň, Dermanyňam ýanyňda. Mätäje kömek etmek, Bardy asly, ganyňda. Indi ýara düşdügi, Aglaýas, aglamaýas. Sen ýok, alajymyz ýok, Ýanyňa ylgamaýas. Bizi sagaldyp ýören, Seniň barlygyň eken. Il içinde abraýyň, Barja baýlygyň eken, Eý, Hojageldi ekem! 2011 ý. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |