18:34

Dogduk depämde galan dostuma hat

Oýlanmalar
Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 294 | Добавил: sylapberdimuhamov | Теги: Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Oýlanmalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 4
0
1 Gurgencli  
324
Şeýle hat-habar alyşjak, dertleşjek dostuň bolmagy hem bir bagt bolsa gerek.
Bizdä dost-ýar hem ýok, dostlugyň nämedigini hem bilemizok:)

0
2 Bagabat  
43
Hamana, adam o dünýä barandan soň, oňa hiç kimiň delalaty degmeýärmiş.
Ata-enesiniňem, dogan-garyndaşynyňam, bala-çagasynyňam, aýalynyňam…
Aýatda gaýran günä-sogaby üçin, gaýypda her kimiň täk-tenha özi jogap bermelimiş.
Hatda, kakaň-ejeň: “Meniň sogaplarymy alyň-da, çagamyň hasabyna ýazyň, onuň günälerinem meniň hasap depderime geçiriň. Goý, ol jennete girsin, men bolsa onuň deregine dowzaha gideýin!” diýip, bagyryp dursa-da, olara gulak gabardýan ýokmuş.
Diňe Keremli Allatagala, öz resuly, pygamberimiz Muhammet alaýyhssalam bilen dostlugynyň hatyrasyna, çyn dostlara birek-birek bilen günä-sogaplaryny alşyp-berişmäge mümkinçilik berýärmiş.
Hamana, iki dostuň her biriniň togsan dokuz-a günäsi, ýekeje-de sogaby bolsa, dostlaryň biri beýlekisine mähribanlykdan: “Meniňem sogaply bolup durdugym däl, ikimizem dowzahda ýananymyzdan meniň bolanja sogabymy dostumyň hasabyna alyň-da, onuň günäsinden ýetdik paýam maňa ýükläň!” diýse, onda Sahawatly Perwerdigär, ol günäkär bendesini: “Bir musulman bendäm, şunuň hatyrasyna dowzah oduna kaýyl bolsa, onda ol ýaman adam däldir!” diýip, jennete höküm edermiş.
Dostuna sogabyny berip, onuň günäsini özüne alan adamy bolsa: “Bir musulman bendäm üçin dowzaha gitmäge taýyn bolsa, onda bu hem erbet ynsan däldir” diýip, Haktagala behişte ugradarmyş.
Şeýdibem dostlaryň ikisem ýalkanarmyş…

0
3 Bagabat  
43
Dost / hekaýa

Bedenterbiýe sapagy.
Türgenleşik meýdançasy.
Has takygy, meýdança däl-de, mähnet meýdan.
Has-has-has…
Tutuş synp bolup ylgaw synagyny tabşyrýarlar.
Meýdançanyň ortasynda türgenleşik geýmindäki boýny jürlewükli mugallym, olaryň ylgaman ylgan kişi bolup, sapalak atmazlyklaryny hüşgärlik bilen, sypdyrman synlaýar.
Has-has-has…
Synpdaşlar-a, hanha, eýýäm ikinji aýlawy ýarpylap barýarlar welin, ol heniz birinjisinem tamamlamady.
Şonda-da demi-demine ýetmän, öýkeni agzyndan çykaýjak bolýar.
Has-has-has…
Lopbuk göwresi mundan buýanky beýlekileriňkä iki essedigi sebäpli, ol bar güýji bilen ylganda, garagolrak deň-duşlarynyň biri haýdap ýöreýän ýaly…
Şol sebäpli, arakesmede “kowdy-gaçdy” oýnasalaram, müdimilik eşekçi bolmak onuň maňlaýyna ýazylan.
Hemme zada-da ejesi günäkär.
“Üç gyzdan soň bolan ýekeje oglum” diýen bolup, haçan görseň süýjüden-süýji zatlary bişirip, öňüne üýşürip ýör.
Iýmänem bir gör, hany ol zatlary!
Nädersiň, iýmejek bolup özüňe zor salan badyňa, hyllygyňa düwünip öleýmeýäňmi, saçak başynda oturanja ýeriňde!
Kakasam: “Berhiz sakla, horlanjak bol” diýmegiň deregine gaýta: “Goç oglum, bahym meniň yzymdan ýetýä!” diýip göwnühoşluk bilen garnyny sypaýar-a, her gezek…
Has-has-has…
Deň-duşlary dolmuşja oglanjygyň yzyndan ikinji gezegem ozup geçdiler.
Hemmejesem, mugallyma bildirip-bildirmän kikir-de-kikir…
Üstünden gülýärler.
Dili duzlyraklary bolsa deňesinden ötýänçä her hili neşderlije sözlerini atyp galýar:
-Dost, bommasa, ulaghanadan traktyr diläp getirip şoňa süýredäýeli?! Hä?!
-Pökgi, etiň kilesi näçeden?! Ýohha-da, bagyşlaweri! Senden etiň bahasyny däl-de ýagyňkyny soramalydyr-ow!
-Dost, näme bilen bakýalar-aý, seni?! Biz-ä öýde baggoýnumyzy näçe baksagam, seniň ýaly owadan edip bilmeýäs onyny! Hä?!
-Pökgüş, kimi iýdiň-aý?! Saňa-ha biz ýalyň azyndan üçüs-ä sygýa! Hä?!
Onuň bolsa bujagaz teýeneli jümlelere jogap gaýtarmaga haly ýok.
Türgenleşik geýmini sykybermeli.
Suw-sil.
Daljygýar.
Has-has-has…
Üstesine-de, bu oba göçüp gelip, mekdebe gatnap başlanyna ýaňy aý ýarym bolany hem onuň diline badak atýar.
Ol deňesinden ozup geçip, ýeňil gopup barýanlar üçin henizem doly özüniňki däl.
Ýarym bigäne.
Şonuň üçinem olaryň arasynda onuň arkasyny alýan ýa-da teň halyna duýgudaşlyk bildirýän ýok.
Hatda, soňky bir aý bäri bile mekdebe gatnaýan, bile oýnaýan, özüniň oňa öý işlerini edişýän goňşy ýaşytdaşy hem adaty günde dost bolsa-da, şu mahal dost däl ýaly.
Sesini çykarmasa-da, beýlekilerden beter kikirdeýär.
Has-has-has…
Ol halys ysgyndan gitdi. Gözüniň öňi garaňkyrap başlady.
Mugallym onuň ýagdaýyna düşündi öýdýän. Jürlewük çaldy-da:
-Pylanyýep, az-maz sägin-de, ylgawuňy bes edip, maýdalyňa ýöräp, demiňi dürse!-diýip gygyrdy.
Emma, ol üstünden gülünýänine kemsindimi ýa-da saklanmagy ejizlik hasap etdimi, dişini gysyp, bolanja gaýraty bilen ylgamagyny dowam etdi.
Şol pille-de, deň-duşlarynyň içinde iň ekabyry, üçünji aýlawa ylgap barşyna onuň yzyndan ýetdi.
Dolmuş oglanjyk onuň birnäçe ýyl bäri dzýudo göreşinden işjeň tälim alýandygyny beýlekilerden eşidipdi.
Onuň endigan dem alyp, çala derläp, beýlekiler iki aýlanýança üçünji aýlawyny tamamlap ylgaýşyndanam täliminiň ýetikdigi bildirýärdi.
-Ýadadyňmy, dost?!-diýip ol onuň deňesine ýetende badyny haýallatdy:-Howlukma, gaty agramam salma! Häzir seniň bilen badymy deňleşdireýin welin, büdräp, südeneklejek bolsaň, egniňi maňa diräýgin! Dem alşyňam, aýak urşuňam meniňkä görä sazlajak bol. Şonda daljygmarsyň! Bolýamy?!
Ol geň galmakdan ýaňa tas büdreýärdi.
Süssenekläp gitdi.
Ýanyndaky goltugyndan gop bermedik bolsa, öz aýagyna çolaşyp, tüwdürilip gidýärdi.
Hernä ol saklap ýetişdi.
Ol zordan aýak urşuny düzetdi.
Soňra olar iki bolup, ylgawlaryny dowam etdirdiler.
Dem alyşlaram sazlaşdy.
Gadam uruşlaram…

0
4 sylapberdimuhamov  
1428
Megerem diniň ýazgylary özboluşly kodlanan beýanlardyr. Men ähli adamlary birleşdirýän beýik bir Barlyga gözüm bilen görüp duran ýaly ynanýan. Hatda Ony duýýan diýsemem ýalňyşmaryn. Ýaman erbet howply, hatda ölüm bilen tamamlanaýmaly situasiýalarda hem bir zat bir zada sebäp bolýar-da ýeke ädim, bir dem, bir zat bii goraýar, gudratly ýol bilen salamat galýan pursatlarymyz hakykatdanam bir zad-a bar-aý diýýärsiň.
Gelip geçen pygamberlerem OL Zaty Züljelal we Onuň Zaty, Subuty sypatlary hakynda biziň dünýä haýýatyndan soňky ýaşaýşymyz hakda kän zatlar (bir-birsine çapraz gelýän kähalat) hakynda aýdyp, beýan edip, wagyz ýaýradyp geçipdirler.
Elbetde, bende bilen Taňry dostlugy. BU meniň pikir edişime görä, gaty güýçli zat. Ynsan durmuşyna mantyk berýän güýç, her etjek işleriň öňünde keserjek kynçylyklary ýeňmäge motiwasiýa. Iki ynsanyň dostlugy hem meniň pikirimçe ylahy bir zat bolmaly.
Biz haçanda dostluk diýen zada ylahy bir möhümlik hasaplap wepalylyk görkezen wagtymyz durmuşymyzyň ugry gowy tarapa ugrugar.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]