05:25 Dogduk depelere hyýallanmak | |
Berdinazar HUDAÝNAZAROW
Goşgular
▶ DOGDUK DEPELERE HYÝALLANMAK Agras oý-pikirler ýadatdy halys, Huma dönen kelle boşaşsyn biraz. Soňsuz hysyrdydan daljygan ýürek Demini dürsesin, köşeşsin biraz. Gümra bolduň soňy gelmez işlere, Ýatsaňam goýanok girip düýşlere. Gaçyp gitjek gümany ýok hiç ýere Iş-pişe gapyda garaşsyn biraz. Gursakda galypdyr gör näçe duwün, Kömege çagyrýan şeýtanyň suwun. Bolgusyz gep bilen çişirlen göwün Öýkesini ýazyp, ýaraşsyn biraz. Adam pakyr çig süýt emipdir arman, Gezip ýör kemini özünden görmn. Mydam özge bilen göreşip ýörmän Öz özi bilenem göreşsin biraz. "Huw hak!" diýip ýören derwüşler deýin, Başym alyp ýaşyl ýaýla gideýin. Yz çalyp, aw aňtap seýran edeýin Gök ýylak saçymy daraşsyn biraz. Depämde düýrügen çygly bulutlar Gözlermi ýaşartsyn gulüp-gülüpler.. Berdinazar aga çaga boluplar, Guba depelere dyrmyşsyn biraz. Sermest bolup gelen bahar aýynda, Ömrüň giç öýleden öten çagynda Ýetimsiräp galan Daşlyň oýunda Tenha özi bilen gürleşsin biraz. ... Ine gök gübürdäp atýar haýbatyn, Depe bilen düzi saýgarmak çetin. Goý, ýagşyň astynda galyp gözetim Asman bilen Zemin birleşsin biraz... ▶ DAŞLYNYŇ GAÝRASYNDAKY TAKYR Ýedi ýaşda aşyk oýnan takyrym, Ýetmiş ýaşda bir çetiňde düşledim. Gözlerimi çar tarapa gönderip Çagalykdan nyşan gözläp başladym. Gulagyma çawuş çakýar hakyda, Ýürek bolsa awuşap dur, gyýlyp dur. Ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa ýetinçä Ezet baryn çekenligi duýlup dur. Siňe baksaň bu künjekde durmuşyň Bolanlygy çen ediler, çaklanar. Takyryň burçunda, ýeriň astynda Ýatyr meniň eziz inim Haknazar. Gözüm açyp şu asmanyň astynda, Nesip çekip bu ýaşlara ýetenim, Adyň agzap gaty gürläp bilemok, Gyzgyn gerşi Gün reňkli, Watanym! Keramata gaty gygyrmak bolmaz, Söýýän seni kän geplemän, sözlemän. Watan hakda nädip gürläp bolýarka Duýgular tolkunman, ýürek syzlaman?! Ine-de ýygnandy bir bölek bulut Dumly-duşdan, çar tarapdan tasaşyp. Ak damjalar seçme bolup paýrady, Belki, bulut gelen däldir azaşyp. Aşyk oýnan takyrymyň ýüzi dek Gasyn baglan ýüz-gözümi ýuwdy ol. Hem göwnüme öz dilinde pyşyrdap Görüşmesek sag- aman gal diýdi ol. Takyryň telperje çukanaklary Sorup alyp damalary çöpläp dur. Dogduk depäm! Güýç-gudratyň nähili: Mymyk ýeliň, ak ýagşyňam gepläp dur! *** *** *** Bildirmänjik akyp barýan aý-ýyllar Duýdurmanjyk seni dünýä getirer... Ýeteniňde söýgi atly menzile Başga bar zat manysyny ýitirer. Kimler atly ýöräp, kimler pyýada Agyr-agyr alaňlardan ötüler. Rysgalyň yzynda ylgaşlap ýörseň Allaň özi aç-hor etmez, ýetirer. Durmuş göreş däl-de, belki oýundyr, Biri utar, başga biri utular. Arzuw çenden- çakdan aşa bolmasa Irde - giçde şol arzuwa ýetiler. Ýokuş görüp ýerde bolýan işleri Aý agyllar, günler bolsa tutular. Kesek atýan diňe duşmanyň däldir, Dost diýjegiň elindenem atylar. Aý bölegi ýaly owadan gyzlar Aýna bakyp öz görkünden utanar. Kösener durmuşyň näsazlygyndan Nadanlar däl - kämillige ýetenler. * * * Pähimlenip bilýän bolsa başymyz Gudurat ahyr töweregimiz - daşymyz. Tebigatdyr çagalykdan tanşymyz Şondan uly ussat bolup bilmersiň. Pul ynjalyk bermez sanap görmeseň, Ömür sürdügiň däl ýaýnap görmeseň. Agyr menzillerde synap görmeseň Kimiň kimdigini bilip bilmersiň. Türkmeniň düýesi, Hindiniň pili Agyrap - ynjatmaz bolsa-da uly. Emmaki eşekden ýykylsaň weli Wagtynda ýeriňden galyp bilmersiň. Gök gübürdäp ýagjak ýagşy buşlaýar Kelle pikirlenýär - galam işleýär. Ýene-de bir açyş etdim aşnalar: Öňürti ýylgyrman gülüp bilmersiň. Hakykat kän bolman, ýeke - täk bolsa.... Ahyr alyp çykar ýürek ak bolsa. Öz kalbyňda sahawadyň ýok bolsa Iliňkä-de şöhle salyp bilmersiň. Näbileýin, bagt diýilýän nämede. Ýöne belli: bakmaz kaddy-kamata. Haýyr işiň bolsa goýma nobata, Iki gezek dünýä gelip bilmersiň. | |
|
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ "Meni meger şahyr eden..." / Goşgular - 16.08.2024 |
√ Şol işandan / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Içimizdäki Musa... / Goşgular - 07.11.2024 |
√ Gaýtawul / Goşgular - 31.08.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Setirlem / Goşgular - 17.08.2024 |
√ Asmaýar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Geçmişden bir ahwal ýa-da Sanjar hekaýaty / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Eý, Ýusup, şu gözleri görmeýän Ýakuba gel... / Goşgular - 18.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |