19:35 Dost | |
DOST
Goşgular
Meniñ bir dostum bar, dostlaryñ dosty! Men dostumy janymdan-da eý görýän. Sebäp ondan dostlañ serweri ýokdur, Ol islese, Meýlis gurýan, Toý berýän. Islese jylawyn boýnuna orap, Alan galañ özüñki diýip goýberýän! Dostlarymyñ içinde ýeke-tägim ol, Howaly başymda tylla täjim ol, Gähi-gähi ony eljiredýärin, Gähi-gähi ony lälimsiredýän. Tug kimin göterip göwnüni onuñ, Diýenim bir, Diýmedigni iki edýän. Öwülýä ýykylyp alan deý göýä, Ýaşaýan, Şatlanýan, Iýýän hem içýän, Şol söwer dostumyñ islegne görä. Sag bol, şeýle dosty berenñe ykbal! Tarhanlañ tarhany, Tarhan hatly ol, Näme etse-de hakly ol, Etmese-de hakly ol. Sermes bolýan onuñ göwnüni ýykman, Dostum bolsa halys depäme çykýar! Ýör, gideli dostum, ýörär ýoluña, Paýandaz ýazaýyn jahanyñ ýazyn. Arzuwlaryñ hasyl kylyp birdemde Hakykata öwüreýin hyýalyñ. Getirip hazyna-genjin, Getirip geljegiñ depinesini, Iki dogup Bir galanym, Gardaşym, Saña janym, din-imanym bagş edip, Sowuraýyn tapan-tupan pulumam. Nobatguly REJEBOW. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |