02:02 Dostluk derýasy / hekaýa | |
DOSTLUK DERÝASY
Hekaýalar
Agşamarady, Gün özüniň nurly şöhlesi bilen tutuş Zemini ýyladyp, indem gök deňziň aňyrsynda gizlenmäge, öz ornuny gijäniň asudalygyna çalyşmaga howlugýana meňzeýärdi. Haýal hereket edip, kenaryň gyrasyndaky gözellikleri öz üstündäki jahankeşdelere hem-de dynç alýanlara tanyşdyryp barýan gämi çalaja çaýkananda, çaga sallançagyny, onuň sütünlerine urlup, birsydyrgyn owaz edýän tolkunlary bolsa ene hüwdüsini ýadyňa salýardy. Bu ýerdäki gözellikler deňiz täsinlikleri bilen bitewüleşip, edil demirçi ussanyň gyzyl köz bolan demri ilki ýenjip, soňra suwa sokup, ony taplaýşy, şeýdibem, oňa suw berşi ýaly, ynsan saglygyna şypa bermekde hem-de janynyň aram tapyp, süňňüniň ýeňlemeginde gudrat mekany ýalydyr. Awaza derýasynda gämide ýüzýänleriň hersini bir täsinlik özüne bendi edipdi. Olaryň birtopary kenar ýakasyndaky ynsan gudraty bilen döredilen bagy-bossanlygy, gül-çemenzarlygy, olar bilen kökenleşýän seýilgähleri, müňde bir öwüşginleri, yşyk berýän suw çüwdürimleriniň täsin görnüşlerini synlap, göwünlerini besleseler, beýleki birtopary Zemine gök mahmalyny örten Hazaryň üstünde perwaz urup uçýan çarlaklardan, suwda ýüzüp, her hili oýunlar guraýan deňiz guşlarynyň boluşlaryndan kalbyny rahatlandyrýardylar. Üçünji birleri bolsa gäminiň üstündäki amatly we oňaýly oturgyçlarda ýerleşip, okaýan eserleriniň wakalaryndan nazaryny sowup bilmän, haýsydyr bir dünýä aralaşyp, ondan ruhy lezzet alýardylar. Gäminiň bir çetinde stolda oturan iki ýaşulynyň biri öňündäki sowuk miweli içgiden owurtlap, ýaşyp barýan Günüň deňziň üstüni altynsow şöhlesiniň özboluşly bir täsinlikleri, aýratyn tebigy keşbi bilen örtüşini ünsli synlap Baba aga: — Sergeý Mihaýlowiç, töwerekdäki gözelliklere syn edýäňizmi, olaryň ählisi diňe adama hyzmat etmek, onuň ruhy isleglerini, rahatlygyny kanagatlandyrmak üçin döredilipdir. Bu zatlary synlap, olaryň aňyrsyna asla göz ýetirer ýaly däl, akylyň haýranlar galýar — diýdi. Sergeý: — Baba Myradowiç, bu görýän zatlarymyz ertekilerdäki bolsadylardan hem zyýada. Bularyň ählisi sanlyja ýyllaryň içinde bolup geçen durmuş hakykaty ahyryn. Indi görýäň-ä, dünýä halklary bu ýere, bize ýygnanýar. Şu gäminiň içindäki adamlara bir syn et, olar dürli döwletiň, dürli milletiň wekilleridir. Özlerem dogan ýaly bolşup, birek-birek bilen düşünişýärler. Şuňa seredeniňde, bu ýere dostluk şäheri diýseň hem nädogry bolmazdy — diýdi. — Hakykaty aýdýaňyz, eýsem, bizi tanyşdyran, dostlaşdyran şu gäminiň üsti dälmidi näme?! Biz şunuň üstünde gezelenç mahaly soraşyp, gürrüňleşip, ýürekdeş bolmadykmy näme?! — Bizi ýakynlaşdyran hem dostlaşdyran şu gäminiň üstüdir. Ýürekdeşlige ýetiren geçen durmuş ýolumyzyň, ykballarymyzyň gabat gelmegi hem täsir edip biler. Onuň aňyrsynda çagalygymyzyň ýowuz ýyllary, ýaşlygymyzyň aýgytly ädimleri ýatyr. Açlyk, horluk, ýetimlik. Aý, sanasaň sogaby kän, görülmedik günler galdymy? Şol mahallar dostluk goluny, ýyly mährini beren şu topragyň mähriban adamlarydy ahyryn. Men şu toprakdan bagt, döwlet tapdym. Eýsem, dünýäde şundan eziz, şundan artyk mukaddeslik bolup bilermi?! Baba aga: — Eýsem, gämidäki dynç alýanlary birek-birek bilen näme golaýlaşdyrýarka? — diýip, bilesigelijilik bilen söhbetdeşine seretdi. Sergeý Mihaýlowiç uludan demini alyp: — Biz-ä durmuş zerurlygy birleşdiripdi. Görýäňiz-ä, bu gämidäkiler her ýurtdan dynç almaga gelenler. Olar bu ýeri edil öz öýleri ýaly duýýarlar. Elbetde, olary birleşdiren, dostlaşdyran zat pikirdeşdikleri, maksat-niýetiniň birligi bolsa gerek. Baba aga ýoldaşynyň pikirini goldap: — Siz örän mamla. Olary pikirdeşlik, şu täsin tebigat bilen ynsan saglygyna şypa beriji merkez birleşdirýär — diýip, nazaryny gök deňze dikdi. Ýuwaşja ýöreýän gämi menzil aşyp barýardy. Onuň bu ýörişi dostluk-doganlygyň geriminiň barha giňäp barýandygyny alamatlandyrýan ýalydy. Bäşimdurdy ŞADURDYÝEW. | |
|
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||