17:08 Peder sargydy / hekaýa | |
PEDER SARGYDY
Hekaýalar
Uzboýuň üsti bilen gadymy Maşady-Missirianyň düzlügine aralaşan kerwenden bölünip aýrylan üç ýolagçy atlarynyň ugruny Etrege tarap öwrüpdi. Olaryň atlarynyň haýal ädimleýşini, özleriniň hem atyň üstünde ýüzleriniň salyk we agras görnüşlini synlanyňda, uzak ýoluň ýadawlygynyň ýolagçylary basmarlandygyna anyk göz ýetirmek bolýardy. Şol sebäpli bolsa gerek, atlylar soňky bir çagrym ýoly gepsiz-gürrüňsiz geçdiler. Ýene-de ümsümligi orta boýly, saryýagyz, agajet, ýüzünden mähir ýagyp duran, orta ýaşlaryndaky ýolagçylaryň biri bozdy. Ol düýe ýüňünden syk dokalan matadan sünnälenip taýýarlanan agyr çäkmeniniň synyny çekişdirdi-de: — «Agşamyň haýryndan, ertiriň şeri» diýipdirler. Ýene bir çaý içim salym aralygy geçsek, Süýji guýudaky Annatagan aganyň çopan goşuna ýeteris. Şol ýerde dem-dynjymyzy dürsäp, nesip edenden ertir irden ýola düşäýsek, göwnejaý boljak — diýip, öz pikirini ýoldaşlaryna mälim edende, olaryň dor atda barýany: — Halypa, aýdýanlaryň göwnümize laýyk gelýär, şu menziliň ýoly uzak bolaýdy, ýogsam biz ýadaw görünmeli hem däl — diýip, öňe baka gobsunyp, atyny tijedi. Gelen myhmanlar Annatagan aga ýat adamlar däldi. Olary ak öýüň öňünde ýaşuly çopan güler ýüz bilen garşylady: — «Ile döwlet geler bolsa, bagşy bilen ozan geler» diýipdirler. Hernä, döwletli myhmanlaryň aýagy düşümli bolsun, şu ýaz dowarlardan owlak-guzy almak işimiz hem şowuna düşse gerek! Soňra ol: — Hany, durmaň-da, myhmanlaryň atyny tutuň! Oraz, sen bar-da söwüş ýykmanyň ugruna çyk — diýip, töweregindäkilere tabşyryklar berişdirdi. Saglyk-amanlyk soraşylandan soňra orta gök çaý geldi. Ondan bir-iki käse çaýy içen ýolagçylaryň örüsi giňäp, gözlerine nur çaýylyp ugrady. Olar özlerini dürsäp ugraýançalar, öýe ýaşuly çopanyň goňşy-golamlary hem görme-görşe geldiler. Annatagan aganyň myhmanlary gelenlere medrese durmuşy, gören-eşiden täsin wakalary barada gürrüň berip ugradylar. Magtymgulynyň Hywa medresesinde okaýan dosty Orazmeňli täze ýazan goşgularyny oturanlara joşgunly okap berse, Börmeli dosty Nazaraly gazma dutaryny gabyndan çykaryp, ilki bäş-alty saz çaldy. Ojakda ýanýan ojar odunyň kalplara barýan ýylysy bilen bagşynyň şirin sazy oturanlary öz erkine goýmady. Olar iki-bakan yranyşyp, kellelerini aşak-ýokaryk galdyryp «Sag bol, sazanda!», «Öz-ä gapylan gulagymyzy açyp ugradyň, hany, indi nama aýtmagyň wagty hem ýetäýdi öýdýän!» diýenlerinde, Nazaraly ýylgyryp, dutarynyň kirşini çekip, käsesindäki çaýyny owurtlap, awuny aljak laçyn ýaly, özüni çus tutup: — Magtymguly, sözleriň, Saza salsaň, uz bolar — diýip, ýuwaşjadan hiňlenip ugrady. Aýdym başlanan badyna oturanlar bir gulaga öwrülip, bagşyny ünsli diňlediler. Nazaraly gitdigiçe ýokary perdeden gopup, joşup, halk aýdymlaryny hem-de dosty Magtymgulynyň sözlerine mertlik, ynsanperwerlik, watançylyk baradaky düzülen aýdymlaryň birnäçesini aýdyp berdi. Bu aýdymlar diňleýjileriň gündelik durmuşyndan, ýaşaýşyndan söhbet açyp, olaryň Garagum ýaly arassa hem sada kalplaryny bir maksada, agzybirlige, dostluga, wepadarlyga çagyrýardy. Bagşa dynç berenlerinden soňra aýdymyň ýerini özara söhbetdeşlik eýeledi. Ýaşuly çopanyň goňşularynyň biri oturan ýerinden ardynjyrady: — Annatagan aga diýýän-ä, ýaňy siz «Ile döwlet geler bolsa, bagşy bilen ozan geler» diýdiňiz welin, bagşyňyz-a düşnükli, ozanyňyz kim bolýar? Ýaşuly çopan ýylgyryp: — Men bu nakyly birmahallar şunuň ýaly oturylyşykda eşidipdim. Düşündirişlerine görä, bagşy-ha Nazaralynyň özi bolmaly. Ozan hem ýene-de Nazaraly bolar-da — diýende, sorag beren ýigit jogaba doly düşünmän, gözüni tegeläp onuň ýüzüne seretdi. Orazmeňli söze goşuldy: — Ozalda-ahyrda halkymyz dörediji, şahandaz halk bolupdyr. Olaryň arasyndan çykýan şahyrlar düzen goşgularyny özleri saza goşup aýdypdyrlar. Şeýle zehinlere ozanlar diýipdirler. Olar öňki zamanlarda obama-oba aýlanyp, il-güne özleriniň göwün küýsän aýdymlaryny aýdyp beripdirler. Diňleýjiler tarapyndan bagşynyň hem-de şahyryň tarypy ýetirilenden soňra ýene-de özara gürrüňdeşligi Annatagan aga ojagyň oduny ölçerişdirip dowam etdi: — Magtymguly şahyr, seniň goşgularyňda aýdylýan pikirler edil ýürek taryňy gozgaberýär, ondaky sözler biziň durmuşymyzyň, arzuw-hyýallarymyzyň beýany bolup ýaňlanýar, eýsem, bu jadylaýjy sözleri nireden alýarsyň? — diýende, Orazmeňli: — Annatagan aga, halkymyz «Owal akan ýerden akarmyş aryk» diýip, ýöne ýere aýdanok. Onuň garry atasy Magtymguly Ýonaçy deriden diňe bir at esbaplaryny ýa-da bolmasa, adamlaryň gündelik durmuşynda ulanylýan zatlary taýýarlaman, eşidişime görä, onuň şahyrçylyk bilen hem meşgullanandygy baradaky gürrüňler häli — şu güne çenli il içinde aýdylýar. Ylym atamyz bolan Döwletmämmet Azadynyň hem akyldar alym, şahyr, magryfatdan-şerigatdan adamlary dogry ýola gönükdirýän uly bir ahundygyny siz bilýänsiňiz. Şejeräňde şeýle zehin ýaran abraýly ynsanlar bar ýerinde, heý-de, bir onuň dowamaty bolmazmy?! Bir gezek Magtymguly halypamyza ahun agamyzyň welilik bilen aýdan sözleri ýadyma düşýär. Şonda ol adaty bolşuny we asudalygyny saklap: «Oglum, meniň ýüregim sende bar bolan dogmagursak zehini duýýar. Ol Beýik Taňrynyň öz bendesine berýän örän seýrek peşgeşidir. Şuny bilgin, ol seniň geljekdäki döretjek diwanlaryňdaky goşgularyňdyr gazallaryň halkymyzyň ruhy ahwalatynyň täze bir kämil dünýäsi bolar. Olardaky aýdylýan çuň manyly pikirlerde erkana durmuşyň ynamy bilen ýaşaýan türkmeniň ykbalynyň bagtyýarlyk keşbi jemlener. Onuň üçin halkyň döreden baý ruhy çeşmelerinden, bu bereketli toprakda ýaşap geçen danalaryň, alymlaryň hem-de danyşmentleriň ylym dünýäsinden öz teşneligiňi gandyrmaly bolarsyň» diýip, aýdan ata pentleri şahyr üçin durmuş sapagy bolan bolsa gerek — diýip, käsesindäki çaýyny owurtlady. Şol pursat Magtymguly ýuwaşjadan: — Biziň hem ilden artykmaç ýerimiz ýokdur. Bu ykbalda, men size maşgala durmuşym barada kelam agyz söz aýtmaly boljak. Meniň başymdan durmuşyň ajysy-da, süýjüsi-de geçdi. Atamdan hat-sowat çykanymdan soňra men ýonaçylyk, zergärçilik, demir ussasy ýaly kärlerde işläp eklenç gazandym. Meniň bilime bolan yhlasyma göz ýetiren atam agşamlaryna durmuşyň dürli ugurlary boýunça bilenlerinden maňa öwretmäge ýaltanmady. Özünde bolan alymlaryň kitaplaryny, görnükli söz ussatlarynyň diwanlaryny, halk döredijilik eserlerinden dessanlary, nakyllary, matallary, ertekileri we beýlekileri öwrenmäge maňa ugur salgy berdi. Ol: — Oglum, wagt geler, men seni Buharaýy-Şerif, Hywa ýaly uly şäherlerdäki atly medreselerde ylym almak üçin ýollaryn — diýende, men has begenipdim. Çagalygymdan men atama has ýakynlaşypdym, oňa höwür bolup galypdym. Agşamlaryna gijäniň bir mahalyna çenli ylahyýetden, magryfatdan, dünýewi ylymlardan bolan kitaplaryň gatyny açyp, olaryň manylaryny düşündirerdi. — Türkmeniň şu giňişlik sähralarynda onuň tireleri ýerleşýändir, olar ýüz ýyllyklaryň dowamynda ene toprakdan döwlet tapypdyrlar. Halk bir uly güýçdür, onda giden bir ruhy hazyna jemlenendir. Meniň ilki sargydym hem şu bolar, eziz perzendim, sen halkyň döreden şol ruhy çeşmelerini öwrenip, ony ýene-de çeper sözleriň bilen baýlaşdyryp, halkyňa gaýtarmaly bolarsyň. Onsoň hem bu toprakda ýaşap hem işläp geçen belli alymlaryň, söz ussatlarynyň, pirleriň goýan miraslaryny öwrenmeli bolarsyň. Mundan Günortadan-Gündogara tarap Buharaýy-Şerife ýöreseň, öňüňde aryflykda halat alan Abu-Sahyt pirleriň gezen ýerlerine, soňra bolsa keramatly Sarahs Baba, Mary topragyna aralaşaňda, dana Hoja Ýusup Hemedana, Jeýhunyň kenaryna ýeteniňde, pähimdar Idris baba, Astanababa tagzym edersiň. Demirgazykdan gaýdanyňda bolsa, Yzmykşirdäki Hoja ogly Goç bagşydan «Göroglynyň» şahalaryny diňläp, olardan netije çykararsyň. Ýol ugrunda Üç ýüz altmyş pirlere gol berip, watançy pirimiz Nejmeddin Kubranyň aramgähine zyýarat edersiň. Soňra gadymy Uzboýyň ugrundaky galalar bolan Aşyk Aýdyň pir, Şasenemiň galasy, Zeňňi Baba, Toprak gala hem-de Topýatan, Ýasga kölleriniň üsti bilen kiçi we uly Balkana aralaşarsyň. Şu giden sähralykda ýaşaýan kowum-garyndaşlaryň däp-dessurlary, arzuw-islegleri, ýaşaýyş-durmuşlary bilen ýakyndan tanşarsyň — diýipdi—diýip, Magtymguly sözüni jemlemänkä, Orazmeňli tirsekläp ýatan ýassygyndan dikeldi. — Görmek, eşitmek, gezmek ömürden diýipdirler. Biz hem geçiren syýahatlarymyzda, okan medreselerimizde ahun agamyzyň sargytlaryny ýerine ýetirmäge çalyşdyk. Şolaryň biri hem Yzmykşirde Goç bagşynyň aýtmagynda «Görogly» dessanynyň şahalaryny bir hepdeläp diňlänimiz boldy. Men hem ol dessanyň täsirinden çykyp bilemok. Ondaky sözüň, sazyň hem bagşynyň owazy birleşende, diňleýjilerini otdan alyp, suwa salşyny bir görsediňiz! Göroglynyň işiniň şowly ýerinde adamlaryň gözünde şatlyk uçganaklap, «Haý, berekella-da!», «Müň ýaşa bagşy!» diýşip, ruhubelent gygyryşlary gulagymdan gidenok. Her gezek aýdym soňlaberende, olar başlaryny ýaýkap, tutuş durky bilen yranyşyp, owsun atmak bilen, aýdyma has hem göçgünlik berýärler. Olaryň şol mahalky boluşlaryny synlanyňda, tüýs Watan gerçekleri göz öňünde janlanýar — diýdi. Magtymguly: — Görogluda, onuň ýigitlerinde jemlenen ynsanperwerlik, gaýduwsyzlyk, ugurtapyjylyk, ýoldaşa wepalylyk, gelin-gyzlara bolan hormat ýaly sypatlar soňky nesillere tälim alarlyk nusgadyr. Aýdym-sazy söýýän halkyň kalbynda hemişe haýyr işleriň uçganlary döräp, olaryň maksatlary aýdyň bolýandyr — diýip, onuň sözüni alyp göterdi. Gije birçene barypdy, diňleýjiler myhmanlary mundan artyk ýadatmajak bolup, öýli-öýlerine turşup ugradylar, gidenlerinde olaryň dillerinden myhmanlara bolan çäksiz hoşallygy hem-de alkyşlary eşidilýärdi. Magtymguly ýadaw bolara çemeli, ýassyga kellesini goýandan uka gitdi. Ojagyň ody oturanlaryň bedenine ýaýrap, olarda has hem ýakymly pikirleri, duýgulary oýardy. Annatagan aga ardynjyrap: — Men ömrümi çopançylykda geçiren adam, malyň diline düşünsem hem, sözüň güýjüne gelende, birhili, agsaberýän. Ýöne welin, meniň öňümde şu Magtymguly şahyrymyz bir görseň, dag ýaly beýik, bir görseň hem, başy aşak miweli bag ýaly bir gudrat bolup görünýär — diýende, Orazmeňli: — Şahyr atasynyň pendi-nesihatlaryndan netije çykaryp, gören, eşiden, okanlaryndan many arçap, ony öz halkyna düşnükli dilde gaýtarmagy başarýar. Şu hem onuň ussatlygynyň alamatydyr. Dogry, menden ol iki ýaş kiçi, meniň goşgudan az-owlak başymyň çykýandygy üçinmi ýa-da bolmasa, ýaşymy sylapmy, ol maňa hemişe «ussat» diýip ýüzlenýär. Meniň özüm bu ada mynasyp bolmasam hem, ol sylag-sarpanyň hatyrasyny tutýan bolsa gerek — diýdi. Nazaraly: — Magtymguly halypamyz sende şahyrçylyk ukybynyň bardygyny nazara alýandyr, ýazyberseň, kämilleşersiň — diýip, söze goşuldy. Orazmeňli Magtymgula bolan guwanjyny dile getirdi: — Onda bolan ylahy zehin bilen halk zehini birleşip, tarypyny edip bolmajak täze bir ýoly, akabany döretdi. Annatagan aga çäýnek-käseleri ojagyň bir tarapynda goýuşdyryp: — Öz-ä atanyň alkyşyny alyp, sargydyny tutan ynsan hergizler bihal däldir — diýip, ýoldaşlaryna dynç almagy teklip etdi. Olar kellelerini ýassyga goýandan uka gitdiler. Salymyny bermän hem daň agaryp, jahan ýagtylyp ugrady. Gündogardan lowurdap çykan Günüň Nury rowaçlykdan bir alamatdy... Bäşimdurdy ŞADURDYÝEW. | |
|
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||