08:01 Döwletgeldi Pidaýy | |
DÖWLETGELDI PIDAÝY
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Döwletgeldi Pidaýy, XX asyryñ birinji ýarymynda Lebap welaýatynda doglup, ömrüniñ köp bölegini Owganystanda ýaşap geçiren türkmen şahyry. Sowet döwründe ykbaly keç bolan lebaply şahyr Paýzy Orazyñ obadaşy Döwletgeldi Pidaýt dogduk obasy Burdalykdaky oba mekdebini üstünlikli tamamlandan soñra, Buhara medreseleriniñ birinde okap gelýär. Oba adamlarynyñ arasynda uly abraýdan peýdalanan Döwletgeldi söwda-satyk bilen meşgullanypdyr. Ol öz döwrüniñ çylşyrymly syýasatyndanam baş alyp çykypdyr, onuñ Buharada bolan wagtlary Buhara emiriniñ tagtdan agdarylan wagtyna gabat gelipdir. Ilkibaşda onuñ ýiti zehininden peýdalanmak islän bolşewikler şahyry oba şurasynyñ jogapkär işlerine, has soñra bolsa raýonyñ ispolnitel komitetiniñ başlyklygyna belleýärler. Ilkibaşda sowet režimi bilen arasy gowy bolanam bolsa, soñabaka şahyryñ bolşewikler bilen mäşi bişişmän başlaýar. Megerem muña, abraýly adamlaryñ, batly gatlaklaryñ "kulaklar" diýlip uçdantutma ýok edilip başlanmagy sebäp bolan bolsa gerek. Munuñam üstesine bolşewikler kollektiwizasiýa bahanasy bilen, Burdalyk obasynyñ halkyny maldan, baýlykdan mahrum edip, juldan çykarypdyr. Döwletgeldi Jangeldi ogly hem bu adalatsyz syýasatyñ hakyky pidasyna öwrülip, halys garyp düşenleriñ hataryna goşulýar. Şahyr 1926-njy ýylda Güljemal atly adamsy atylyp öldürilen bir dul aýala öýlenýär. Gynansak-da, şahyr onuñ bilen uzak ýaşaşyp bilmändir. Güljemal iki aý geçenden soñra, agyr kesele uçrap aradan çykýar. Sowet häkimiýeti ilki mysapyrsyrap gelenem bolsa, onuñ soñlugy bilen gyýgynyñ ajamagynyñ sebäplerine düşünmek islän Döwletgeldi şahyr ýerlere ugradylan bolşewik ketdeleriñ sowet hökümetiniñ asyl syýasatyny ýoýýandyklaryny halka düşündirmäge çalşypdyr. Burdalygyñ halky ony goldapdyr. Şol ikiarada Döwletgeldiniñ ortanjy dogany Gully basmaçylaryñ hataryna goşulýar. Bu bolsa şahyryñ ýagdaýyny hasam agyrlaşdyrýar. 1932-nji ýylyñ mart aýynda bolup geçen partiýa ýygnagynda kommunistik partiýanyñ agzalary bolan Döwletgeldini we Nobaty "baýlar bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýan, synpy taýdan ýat elementler" tagmasy ýelmenip we it masgarasy edilip kowulýar. Döwletgeldiniñ mundan soñra dogduk obasynda durarlygy galmandy. Ol doganlaryny hem alyp, goñşy Owganystana göçmäge mejbur bolýar. Şeýlelikde, ömrüniñ ile-güne peýda berjek iñ juwan wagtynda, ýagny 32 ýaşynda Ata Watanyny terk etmäge mejbur bolan şahyr ömrüniñ galan 40 ýylyny Owganystanda geçirmeli bolýar. Ol Owganystanda belli bir ýerde ymykly mekan tutýança, ondan-oña, mundan muña göçüp gezipdir. Şahyryñ bu sergezdançylygy barada şeýle setirleri bar: Akja, Şybyrganda ençe oturdym, Garyplykda akyl-huşum ýitirdim, Şeýle kyn güzeran başdan geçirdim, Ondan soñra Andhoý geldim ýaranlar. Şahyryñ başyndaky agyr günleriñ yzy üzülmändir. Şol wagtlar Lebapdan özi ýaly öñ barly bolup, soñ garyp düşen türkmen baýlarynyñ Owganystana göçüp barýanlaryñ sany-sajagy bolmandyr. Agyr günleri başdan geçiren şahyryñ ýat ýurtda aýaly-da aradan çykýar. Iki çagasy bilen galan şahyr üçünji gezek öýlenenden soñra owgan goşunynda gulluk etmäge alynýar. Ol gullukda wagty, yzynda aýaly we enesi ýogalýar. Pidaýy lakamyny kabul eden Döwletgeldi sergezdançylyk çekenem bolsa, özüniñ asyl Watanyna bolan söýgüsinden, türkmenligine bolan buýsanjyndan dänmejekdigini nygtapdyr. Ol: "Ölsem gaýtman milli duýgy ýolumdan" diýip watandaşlaryny türkmeniñ däp-dessuryny ýitirmezlige çagyrypdyr. Pidaýynyñ goşgularynda agzybirlige aýratyn üns berilýär. Ol "Diýmäge geldim" diýen goşgusynda: Zulumdan ezildi türkmen, Jandan doýdum, indi gorkman, Gel, ittifak bolgun türkmen, Men saña diýmäge geldim - - diýip, özge ýurtda göçüp-gonup ýören ildeşlerini agzybirlige çagyrypdyr. Ussat şahyr Döwletgeldi Pidaýy Owganystanda ýaşan wagty ýazan goşgularyny ol ýerde türkmen dilinde çykýan gazet-žurnallaryñ bolmandygy üçin ile-güne hödürläp bilmändir. Muña garamazdan Döwletgeldi Jangeldi ogly, Pidaýy lakamyny kabul etmezden öñ, ýagny Burdalykda ýaşan mahaly, geçen asyryñ 20-nji ýyllarynda welaýat we respublikan gazetlerinde onuñ goşgulary ýygy-ýygydan çap edilip durlar eken. ▶ DÖWLETGELDI PIDAÝYNYÑ GOŞGULARYNDAN ■ Watanym Watan, Watan, eý Watan! Aşyma ballar gatan. Terk edip Watan seni, Boldum, bir bagty ýatan. Watan, Watan, janym sen! Damardaky ganym sen. Jyda düşüp men bildim, Belki din-imanym sen. Watanym, sen huşumda, Gije ýatsam düýşümde. Aýra düşüp, men senden, Gaýgy-gamlar başymda. Isleýärin men seni, Başdan garañky tüni. Ýok edip, deñ ýaşasam Görermikäm ol güni. Pidaýy diýr, Watandan, Jyda düşüp, men ondan, Horu-zelil bolmuşam, Ýowmul beter gün-günden. ■ Lebabym Dünýä inip, göbek ganym dökülip, Otuz bir ýyl ýördüm sende, Lebabym. Terk edip Watany bilim bükülip, Jyda boldum, senden munda, Lebabym. Nesibe kysmatdyr men aýra düşdüm, Aýralyk oduna ýandym, tutaşdym, Jennetden çykyban dowzaha gaçdym, Aýra düşüp, senden munda, Lebabym. Indi gaýdyp görmek bolarmy seni? Güzeran aýralyk gynady meni. Ýa-da bu dowzahda ýandyryp teni, Görermikäm seni indi, Lebabym. Baharda çölleriñ gyzyl gül açyp, Maldar-çarwadarlar bararlar göçüp. Bahardan soñ goýun-guzusyn seçip, Gaýdyp-gelip, gezer sende, Lebabym. Lebap, Watan indi bizden daş galdy, Zähmetli jaýlarym onda boş galdy, Özüm göçüp gaýtdym, onda huş galdy, Pikri-zikrim bary sende, Lebabym. ■ Ylym ýolunda Tükenmez bir genji tapaýyn diýseñ, Ömrüñi sarp etgin ylym ýolunda. Hormatda, rahatda bolaýyn diýseñ, Ömrüñi sarp etgin ylym ýolunda. Ylym hasyl etseñ, genj-u-hazyna, Eýe bolduñ göýä äşgär nehana. At gazanyp belli bolgun jahana, Ömrüñi sarp etgin ylym ýolunda. Ylym ganat baglap, uçar asmana, Gury çykar, gark eýleseñ ummana. Eger seniñ rehmiñ gelse bu jana, Ömrüñi sarp etgin ylym ýolunda. Gulak salyp diñläñ meniñ sözümi, Nadan galyp soldurmagyl ýüzüñi. Ýagşy görseñ, perzent-ogul, gyzyñy, Baryñyz jan çekiñ ylym ýolunda. Ylym hasyl etseñ genju-dest maýe, Nadanlykda geçen günleriñ zaýa. Ylma jäht at, ýalbar kadyr Hudaýa, Ömrüñi sarp etgin ylym ýolunda... ■ Ilden aýrylsa Bir goç ýigit mydam aglar ah çekip, Arzuwly Watany, ilden aýrylsa. Kimi görse, aglar göze ýaş dolup, Arman eder mülk-u-maldan aýrylsa. Jennete barabar dogulan jaýyñ, Añsat öter onda gün bilen aýyñ. Her ýat ilde seniñ ýetişmez paýyñ, Kowm-u-gardaş ulug ilden aýrylsa. Ner düýe ýük çekmez haly bolmasa, Ýigit sana geçmez maly bolmasa. Boş gap dik oturmaz doly bolmasa, Bilbiller saýramaz gülden aýrylsa. Öten ömrüñ zaýa geçer gam bilen, Huk kesel sagalmaz ölmän em bilen, Jan guşuny saklap bolmaz dam bilen, Ölensoñ sözlemez dilden aýrylsa. Dirilikde näçe gezseñ, şat bolup, Ölenden soñ sen galar sen at bolup. Görmeseler bir-birini ýat bolup, Galarlar kowm-u-hyş ilden aýrylsa. Eý Pidaýy, besdir şunça aýdanyñ, Nesihat gulagma ilmez nadanyñ. Zelel-peýdasyny bilseñ söwdanyñ, Ah çeker täjirler puldan aýrylsa. Taýýarlan: Aganyýaz HUDAÝBERDIÝEW. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |