22:52 Pende gulak asmasañ... | |
PENDE GULAK ASMASAÑ... / rowaýat
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Mundan 900 ýyl töweregi öñ bolan waka soñ-soñlar rowaýata öwrülip gidipdir. Waka Abu Aly Hasan ibn Ahmet (980-1037) döwründe we onuñ bilen gös-göni baglanyşykly bolupdyr. Geljekki medisina ylymlarynyñ atasy, görnükli tebigatçy we filosof Buharanyñ etegindäki Afşana diýen obada gullukçy maşgalasynda 980-nji ýylda dünýä inýär. Ýaşlykdan ýiti zehini bilen töwerekdäkileri haýran galdyran Abu Aly Hasan ibn Ahmet (soñ-soñlar Ibn Sina) ilki Buharada bilim alýar. Ony Buharada häkimlik eden Samanidler hökümeti goldapdyr. 999-njy ýylda Samanidler dinastiýasy synandan soñra, Ibn Sinanyñ durmuşynda jahankeşdelik döwri başlanýar. Onuñ jahankeşdelik edip Horasanda, Eýranda bolan döwürlerinden söhbet açýan bir rowaýat bilen tanyş edýäris. Aganyýaz HUDAÝBERDIÝEW. * * * Ibn Sina gezelenç edýän wagtlary mydama ýany şägirtli bolupdyr. Olar şol göçüp-gonup ýören wagtlary bir şäheriñ eteginde, äpet güjüm daragtynyñ saýasynda düşläpdirler. Ibn Sina çöpleme çöpläp, ot ýakyp, çaý gaýnatmaga başlaýar. Şägirdini bolsa iýer ýaly azyk getirmek üçin şäher bazaryna iberýär. Bazara giden şägirt iki gujagyny-da azykdan dolduryp gelýär. Öñler beýle köp azygy almaýan şägirdiniñ bolşuny geñlän halypa, oña soragly nazaryny dikýär. Soraşmaga mähetdel şägirt ýylym-ýylym edip, özi gürrüñe başlaýar. Barab bazarynda nyrhlaryñ hemmesiniñ bir bahadandygyny, özüniñem arzandygyny aýdýar. Şu wagta çenli göçüp-gonup, azyk-suwlukdan horlanandyklaryny ýatlap, lukmanyñ şägirdi mundan bu ýana şu ýerde galmak kararyna gelendigini çürt-kesik aýdypdyr. Bu gürrüñleri diñläp duran lukman çözen goşlaryny ýygnamaga, ýakan oduny hem söndürmäge başlaýar. Şägirdine haýdan-haý bu ýerden ugramagyñ zerurdygynu düşündirýär. Lukman Hekim: "Altyn bilen misiñ, ýag bilen çekizäniñ nan bilen kepegiñ parhynyñ ýok ýerinde adalat hem bolmaz. Onuñ ýok ýerinde ýaşaýyş elmydama howp astynda bolar. Pendimi al, ýygna goşlary" diýse-de, şägirdi aýak diräp durupdyr. Lukman Hekim şägirdini ýeke galdyrmak islemändir. Şeýdip olar bu şäherde ýene birnäçe gün bolmaly bolýarlar. Günleriñ birinde şäher häkimi jar çekdirip, şäheriñ ähli erkek göbeklisiniñ köşgüñ öñündäki meýdana üýşmeklerini talap edipdir. Ol ýere Lukman Hekim bilen şägirdi-de barypdyr. Adamlary meýdana ýygnamakdan maksat, bir jenaýat eden adamy dardan asmak bolupdyr. Günäkäri dar agajynyñ aşagyna alyp barýarlar. Onuñ kellesi biçak uly bolansoñ, agajyndaky ýüpüñ halkasyna sygmandyr. Nätmeli? Meýdana ýygnanan mähelläniñ arasynda dowul başlanýar. Ýagdaýy synlan häkim, hökümi ýerine ýetirmek üçin, kimiñ kellesi dar agajynyñ halkasyndan geçse, şony-da asmagy buýurýar. Lukman Hekimiñ şägirdiniñ kellesi kiçi bolan, özi-de dar agajyna ýakyn durupdyr. Şägirdi idenekledip alyp barýarlar-da, dar agajyndan asmaga girişýärler. Rejäniñ geñ däldigine göz ýetiren Lukman Hekim, jellatlaryñ biraz garaşmagyny haýyş edip, şäher häkimine özüni tanadyp, asmaga höküm edileniñ hem öz şägirdidigini aýdýar. Garaz, Lukman Hekim her edip-hesip edip şägirdini nähak ölümden alyp galýar. Goşlaryna dolanyp gelenlerinden, şägirdi bu ýerden göçmäge taýýarlanyp başlaýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |