22:14 Dowzaha gidip-gelendigini aýdýan adamyñ adamzada beren duýduryşy | |
DOWZAHA GIDIP-GELENDIGINI AÝDÝAN ADAMYÑ ADAMZADA BEREN DUÝDURYŞY
Geň-taňsy wakalar
Aýdyşyna görä, infarkt bolup aradan çykandygyny we dowzaha gidendigini öñe süren Jerald Jonson atly biri gözi bilen gören zatlaryny gürrüñ berip, hemme adamlaryñ dünýäde ýaşap ýörkä ýagşy adam bolmagynyñ gerekdigini ündedi. Jerald Jonson eden bir wideoýazgysynda başyna inen täsin wakalary gürrüñ berdi. 2016-njy ýylda infarkt geçirendigini we şondan soñ dowzaha gidendigini aýdýan Jonson özüni juda ýaramaz duýýandygyny hem-de gorkunç synagdan geçendigini aýtdy. • "Ganym duşmanyñam ýüzi düşmesin" Bolup geçen wakanyñ yzyndan wagty bilen özüni dürsäp bilmändigini aýdýan Jonson "Gürrüñsiz, dowzahy gördüm. Siz ynanmasañyzam, men şol ýere gidip geldim. Pikir edişiñizden has erbet ýer, ganym duşmanymyñam ýüzi düşmesin" diýdi. • "Aýatda dirikäñiz eliñizden gelen ýagşylygy ediñ" Adamlara-da duýduryşynyñ bardygyny aýdan Jonson "O taýyny görseñiz, sizem gidesiñiz gelmez. Aýatda dirikäñiz eliñizden gelen ýagşylygy ediñ" diýdi. • "Adamlaryñ boýny zynjyrlydy" Gören zatlaryny kynlyk bilen gürrüñ berýändigini aýdan Jonson sözüni şeýle dowam etdirýär: "Ol ýerde gören käbir adamlarym ýanyp garaköýük bolupdylar. Boýunlary zynjyrlydy. Zynjyrlary gap-garañky bir zat saklaýardy. Şeýle-de gulagyñy kamata getirýän şaññy aýdymlaryñ ýañlanýandygy eşidildi". Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |