12:39 Doýduk, Bessir... ýaly gyz atlaryna | |
DOÝDUK, BESSIR... ÝALY GYZ ATLARYNA
Goşgular
Aýjemal, Güljemal, Soň Altynjemal... Öwüsdi gyzlardan has salkyn şemal. Ogla ýetilmezmi - dilege baksak, Öýe döwlet gelsin - dogulsyn Maksat. Gyzyň ýüki ýetdi, bizem janserek, Arman, bize ogul, Bir ogul gerek! Dünýä indi, Ogulgerek! Uly howlymyzda, gör, näçe ses bar, Goç ogul doganlaň sesine ses ber! Doguldy Bessir. Ogluň "iňňäsini" eşitsek diýdik, "Iňňä-iňňä" diýip başlandy Doýduk. Ogla ýüz düşmese görkli, edepli, Gyzlardanam doýmak bolar-a çemli. Annaguly NURMÄMMEDOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 28.01.1983 ý. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||