13:12 Dünýä dinleri barada düşünje | |
Dünýä dinleri barada düşünje
Edebi makalalar
Aga-gara düşünip ugrandan soň, çaga daş-töweregindäki bolup geçýän hadysalara göz ýetirmäge dyrjaşýar. Adamzat hem şeýle. Ol özüniň baryp-ha jahyllyk döwründen başlap dünýä, äleme, onuň döreýiş taryhyna göz ýetirmäge dyrjaşypdyr, şol zatlar barada dürli pikirler ýöredipdir, rowaýatlar döredipdir, jümle-jahandaky gudrat hasap edilip bilnäýjek ähli zatlary öz akylynyň üsti bilen aňlamaklyga çalşypdyr. Şeýlelikde, Hudaý, ýarym hudaýlar, Hudaýa golaý adamlar baradaky düşünjeler peýda bolupdyr. Käbir ýurtlarda, mysal üçin Müsürde, miladydan öňki V–VI müňýyllyklarda dörän şalyklaryň patyşalary özlerini Hudaýyň ogullary diýip yglan edipdirler. Çünki, olar özlerinden ýokarda haýsydyr bir göze görünmeýän güýçli gudratyň bardygyna ynandyrypdyrlar we jemgyýeti dolandyrmak üçin özlerini şol güýje golaý tutmaklygyň has ygtyýarly boljakdygyna düşünipdirler. Hatda birnäçe şalyklaryň, döwletleriň arasynda Hudaýa kimiň has golaýdygy babatda gyzgyn jedeller, uly çaknyşyklar hem bolupdyr. Iň bärkisi ýokarda agzalan Müsür şalyklary Ýokary we Aşaky şalyklara bölünenden soň olaryň hersi Hudaýlar baradaky öz wersiýalaryna işläp düzüpdirler. Wersiýalary düzmekde we haýsy patyşanyň Hudaýa has golaýdygyny il içinde wagyz etmekde esasy orny žresler eýeläpdirler. Soňabaka bu ýörelgeden ýüz öwrüp, halklaryň taýpalaryň, hatda tireleriň hersi öz hudaýlaryny, totamlaryny oýlap tapypdyrlar we hersi aýratynlykda öz ygtykat edýän doňňaradaşlaryna (idollaryna) sejde edipdirler. Hersem diňe öz Hudaýlarynyň, öz totamlaryň güýçlüdigine, beýleki taýpalaryň hudaýlarynyň, totamlarynyň özleriniňkiden asgyndygyna ynanypdyrlar. Muňa ylmy dilde politeizm, ýagny, köphudaýlylyk diýilýär. Politeizmiň toteizmden başga-da: şamanizm, magiýa, animizm, ata-babalaryň, taýpa serdarlarynyň kulty, tebigat kulty, daýhançylyk we maldarçylyk kultlary ýaly görnüşleri bolupdyr. Olaryň ählisiniň astynda polidemonizm, ýagny, tire-taýpa ygtykatlarynyň dagynyk ruhlaryna çokunmak ýörelgesi ýatandyr. Dini-ygtykatlaryň şular ýaly görnüşleri gadymy müsürlilere, ýunanlara, rimlilere, hindilere, ýaponlara we tropiki Afrika ýurtlarynyň ýaşaýjylaryna mahsus bolupdyr. Ýeri gelende aýtsak, tire-taýpa serdarlarynyň ýa-da ata-babalarynyň kultuna sejde etmek, olary hudaýlaşdyrmak edähedi doly suratda döwrebaplaşmadyk, medeni hem tehniki taýdan yza galan käbir Afrika ýurtlarynda häzirem dowam edýär. Şoňa golaýrak ýagdaýyň bir ujy Türkmenbaşynyň zamanasynda onuň heýjanelekçileri tarapyndan biziň hut öz ýurdumyzda hem çalarak ýüz berip geçip gitdi. Gadymyýetden getirilen ýokarky tymsallar bolsa, adamzadyň entek Hudaýyň birdigine akyl ýetirip bilmedik döwürlerine mahsus zatlardyr. Ynsan diňe özüniň aň-düşünje taýdan has ösmegi netijesinde Hudaýyň birdigine, ähli halklaryň diňe bir Hudaýa uýmalydyklaryna kem-kemden göz ýetirip başlapdyr. Şeýle düşünjä ymtylmaklygyň, ýagny monoteizmiň ilkinji alamatlary juda ýöntem görünýän hem bolsa, hut politeizm döwründe ýüz berip başlapdyr. Mysal üçin, gadymy ýunan taýpalarynyň ählisi öz Hudaýlaryny bir ýere – panteonlara jemläpdirler, haýsy taýpa güýçli bolsa, şol taýpanyň Hudaýy ähli taýpalaryň başlygy diýlip yglan edipdirler. Şu ýagdaý arap dünýäsinde hem tä yslama çenli dowam edipdir. Muhammet pygamber hem hut şol köphudaýlygy ýok etmek, bir hudaýlylygy girizmek nukdaý nazaryndan ugur alandyr. Çünki, ol köphudaýlylygyň araplara agzalalyk getirýändigini, bir Hudaýa ynanmaklygyň ýeke bir ruhy, ahlaky taýdan däl, eýsem ykdysady, söwda, medeni taýdan hem ösüşlere alyp barjakdygyna düşünipdir. Ýöne, ylymda monoteizmi ilkinji bolup esaslandyranlar ýewreýlerdir. Onuň gözbaşynda Musa (Injilde Moniseý) pygamber dur. Miladydan öňki II müňýyllykda dörän bu dine ýehudyçylyk (Pudaizm) diýilýär. Ol diniň ýörelge – taglymaty bolan, Musa pygambere Tur dagynyň başynda Hudaýtarapyn inen “On pendiň” birinjisinde şeýle kelam bar: “Men seniň Hudaýyňdyryn. Sen menden gaýry Hudaýy – Hudaý tutnmaly dälsiň”. Pendiň ikinjisinde bolsa: “Ne asmandaky, ne zeminiň üstündäki we astyndaky, ne suwdaky zatlardan doňňara (idol) ýasap, olary özüňe hudaý saýma” diýipdir. Bu dini dünýäde köphudaýlylyga urlan ilkinji we aýgytlaýjy zarbadyr. Ýöne, Musa pygamberden öň ýaşap geçen Nuh (Injilde Noý), Ybraýym (Injilde Awraam), Ýakup (Injilde Iakow) dagylar hem halky birhudaýlylyga ündän pygamberlerdir. Adam ata bolsa Allanyň ýer ýüzündäki ilkinji resulydyr. Gynansak-da, Adam ata bilen Nuh pygambere çenli bolan taryhyny adamzat ýadyndan çykarypdyr. Ýehudyçylygyň yz ýany dörän uly bir din – bu otparazçylykdyr, ýagny, zoroastrizmdir. Ony esaslandyryjy Zoratuştradyr. Bu din öz tebigaty boýunça dualistik häsiýetlidir. Ýagny, onuň mukaddes kitaby bolan Awesta, ýagşylyk bilen ýamanlygyň baky göreşi baradaky pelsepä ýugrulandyr. Ol oduň Hudaýy Ahura – Manany ähli güýçlerden ýokarda goýýan hem bolsa, Arduwe – Sure derýasyny (häzirki Amyderýa) we käbir dag-deňizleri (Worokuşa – Aral deňzi) hem mukaddes hasap edýär. Günorta we Gündogar Aziýanyň uly ýerlerinde emele gelen jemgyýetçilik kadalaryny we tertip-düzgünlerini gorar ýaly olaryň eldegrilmesizliklerini üpjün eder ýaly hem birnäçe politeistik dini akymlar ýüze çykypdyr. Mysal üçin, Hindistanda brahmanizm, induizm, jaýnizm, sikhizm we ş.m. Miladydan öňki IV–III we VI–V asyrlarda Hytaýda emele gelen iki sany pelsepeýi – etiki ugur konfusiançylyk (konfusianstwo) we daoçylyk (daosizm) hem kem-kemden dini akymlara öwrülip gidipdirler. Ýaponiýada aýal hudaý Amaterasunyň neslinden hasap edilýän imperatoryň kultyny esas edinen sintoizm ýüze çykypdyr. Musaýyçylykdanam (iudaizm), Buddaçylykdanam (buddizm), isaýyçylykdanam (hristianstwo) has ir dörän krişnaçylyk (krişnaizm) dini Krişnany transsendental, jümle-jahandaky ähli planetalaryň ählisiniň hudaýlarynyň Hudaýy, iň güýçlisi iň arassasy, ähli zatlaryň gözbaşy, beýigi hasap edýär. Krişna baradaky taglymat ýeriň ýüzünde mundan bäş müň ýyl öň dörän hem bolsa, Krişnanyň özüniň akyl ýetirerden has irki döwürlerden bäri bardygyny, onuň her brahma güni, ýagny, her 600.000.000 ýyldan bir gezek biziň planetamyza adamzady heläkçilikden gutarmak üçin gelýändigini krişnaçylar terkarlaýarlar we onuň soňky gezek mundan 5 000 ýyl ozal gelendigini, şu wagtky bar bolan taglymatyny hem hut özüniň, şol gezek galdyryň gidendigini, şeýle hem onuň hemişe biziň ýanymyzdadygyny ündeýärler. Bu dini taglymat boýunça adam ölenden soň onuň ruhy başga bir predmete ýa-da başga bir jandara geçýär. Ýöne, dürli ýerlerde, dürli döwürlerde, dürli şertlerde ýüze çykan brahmanizm, induizm, jaýnizm, sikhizm konfusiançylyk, daoizm ýaly krişnaçylyk hem bütindünýä dinine öwrülip bilmändir. Öz wagtynda bolaýan hem bolsa soňky dinler bilen bolşy ýaly, dürli sebäplere görä soňky dinler onuň ornuny eýeläpdirler. Umuman, krişnaçylyk ýazgy üsti bilen ýat tutmak arkaly öwrenilýän, öwrenmesi örän kyn bolan uçursyz ýatkeşligi we uly zehini talap edýän çylşyrymly taglymat bolupdyr. Ony her öňýeten öwrenip, özleşdirip bilmändir. Biziň döwrümizde krişnaçylygy öwreniji we ony ýaýradyjy hindistanly Parabhupatadyr. Dünýä dinlerine öwrülen taglymatlar: 1. Buddaçylyk (buddizm); 2. Isaýyçylyk (hristianstwo); 3. Yslam (musulmançylyk) Şolaryň iň irkisi buddizm – miladydan öňki V-VI asyrlarda, Günorta Aziýada ýüze çykypdyr. Ol – therawada we mahiýana atly iki şaha bölünýär. Olaryň birinjisi ygtykat edýänlerden monahçylygy talap edýär we Buddaizmiň esasy süňňüne golaý bolan panteistik häsiýete eýe bolup durýar. Mahaýana – politeistik, ýagny, köphudaýlylyk häsiýetli. Ol hudaý hökmünde buddaçylygy esaslandyryjy Suddhartha Gautamanyň kultuny öňe sürýär. Mahaýana akymy therawada ýaly ýeke bir monahlaryň däl-de ýönekeý bendeleriň hem ygtykat arkaly agyr güzaplardan gutulyp biljekdiklerini nygtaýar. Mahaýananyň esasy akymy lamaizm magiýa – jadygöýlige sözüň gudratyna uly ähmiýet berýär. Miladynyň başynda Nazaretli Iusus (Iusus Hristos – Halasgär) tarapyndan esaslandyrylan hristiançylyk (isaýyçylyk) dini XI asyrda iki sany ullakan ugra – prawoslaw we katoliki akymlara bölünýär. XVI asyryň reformasy netijesinde katoliki ugurdan protestantlar bölünip çykýarlar. Protestanizm katoliklere golaýrak bolan anglikanstwo lýuterianstwo, kalwanizm ýaly özbaşdak akymlaryň birleşmesinden emele gelýär. Öz gezeginde bu akymlar hem dürli gollarda gollar barmaklara, barmaklar bolsa damarjyklara bölünýärler. Dünýä dinleriniň iň ýaşy yslamdyr. Bu din VII asyrda Arabystanda Muhammet pygamber tarapyndan esaslandyrylýär. Döränden soň köp wagt geçmänkä, üç sany ugra – sünnülere, şaýylara we haryjlara bölünen hem bolsa, yslamda esasy ugur hökmünde rowaçlanan şahalar – sünni we şaýy mezhepleridir. Kuranda görkezilmedik hem bolsa, sünniler Muhammet aleýhyssalam tarapyndan ýerine ýetirilen dini işleri – sünneti amala aşyrmaklygy hem özlerine parz hasap edýärler. Şaýylar bolsa, sünnetiň diňe dördünji halyf Hezreti Ala degişli ýerlerini ýerine ýetirmekligi özlerine parz bilýärler. Sünni bilen şaýy şahalary hem öz gezeklerinde dürli böleklere bölünýärler. Mysal üçin sünnilerden wähäbiler bölünip çykan bolsalar, şaýylardan zeýdiler, ysmaýyllylar bölünipdirler. Zeýdiler sünnilere golaýrak bolupdyrlar. Ysmaýyllylaryň taglymatlarynda bolsa neoplatonizmiň (eflatunçylyk) gnostisizmiň, buddizmiň täsiri açyk duýlupdyr. Öz gezeginde ysmaýylylardan hem druzlar, nusaýritler (alawitler) ýaly etnokonfessional toparlar emele gelipdir. Dini daragtlaryň, olaryň şahalarynyň we pudaklarynyň ýaýrawam, täsirem dürli-dürli. Käbir akymlaryň ygtykatçylarynyň sany ýüzlerçe ýa-da onlarça adamdan artyk däldigini ylmy çeşmeler habar berýärler. Şonuň üçinem, biz şu ýerde umumyadamzat dinine öwrülen üç dine – Buddizme, isaýyçylyga, yslama uýan adamlaryň ýer ýüzi boýunça umumy sany baradaky maglumatlary hem getirmekligi makul bildik. 1980-nji ýylda geçirilen hasabata görä, ýer ýüzündäki dindarlaryň iň köpi isaýylar (hristianlar) bolup, olaryň sany 1433 mln.. Ondan soňky orny sany 732 mnl. bolan musulmanlar eýeläpdirler. Üçünji ýerde induistler barýarlar. Dünýä dinine öwrülmedik hem bolsa olaryň sany buddaçylaryňkydan köp, ýagny, 583 mln. adam. Buddaçylar – 274 mln; Konfusiýaçylar we daoçylar 203 mln; Ýehudylar – 17 mln; (Şunuň dünýä dinleriniň hataryna goşulýan halatlaryna-da duş gelmek bolýar). Sikhler – 14 mln; Jaýnlar – 3 mln. Hristianlaryň içinde iň köpi katoliklerdir. Olaryň sany 809 mln. Protestantlar – 426 mln. Prawoslawlar – 124 mln. Musulmanlaryň aglabasy sünniler bolup, şaýylar musulman ähliniň ondan bir bölegine barabardyrlar. Şu ýerde özi ýitip, diňe owazasy galan Taňryçylyk (Gök taňry) dini barada hem iki agyz aýdyp geçmegimiz gerek. Taňry – asman diýmek bolup, ol türki halklaryň gadymy dinidir. Özi döredimi ýa öňden gelýän dine uýupmy, hersi bir zada sejde edip ýören oguzlary – türkileri taňryçylyk dinine, ýagny, bir hudaýlylyga salan Oguz handyr. Şonuň üçinem ol pygamber ornunda goýulmagy şahsyýetdir. Oguzlary Oguz hanyň taňryçylyk dinine uýdurandygy baradaky maglumata biz Oguznamada hem duş gelýäris. Ýaşynyň soňunda Oguz han ogullaryna şeýle diýýär: Dostlarymy men güldürdim. Duşmanlarymy men aglatdym, Gök taňryga gulluk etdim, Sizlerge men berýän ýurdum. Taňry sözi türkmenleriň, şol sanda türki halklaryň arasynda henize çenli Hudaý Manysynda ulanylyp gelinýär. Ýagny, “Eý Hudaý”, diýen söze derek, siz “Eý, taňrym”, “Alla ýalkasyn” diýen söze derek “Taňry ýalkasyn” diýen sözi köp eşidýänsiňiz. Nusgawy şahyrlarymyzyň goşgularynda hem “taňry” sözi köp duş gelýär. Mysal üçin, Magtymguly?: Taňry bermese nädeli, Baş alyp nirä gideli, Oturyp-turşy edaly Gaşlary galam islärin. diýýär. Şeýle mysallary başga-da näçe getirseň getirip oturmaly. Dünýä dinleri baradaky gysgaça maglumatymyz ine, şulardan ybarat. 1998ý. Juma Hudaýguly | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |