22:51 Dünýä hakda | |
DÜNÝÄ HAKDA
Goşgular
![]() Dünýä gözellikden doly, Doly dawa-jenjelden. Hem gohdan, hem zenzelden. Dünýä doly men-menden. Adam ýaly garrap barýar gün-günden. Köp dünýäniň hamelony, Demony, Şeýtan süýdün emeni. Diýsem ýalňyş bolmaz eger, Geldi şeýtan zamany. Dünýä bulam-bujar, Hem wajyr-wujur. Ýalbardym Hudaýa: - Berewer gujur! Adam içre adamlaryň alasy, Däli-diwanasy – şeýtan balasy. Tükeniksiz garyp-gasar nalasy. Il kölesi - Bolsa iliň töresi, Bolmaz munuň çäresi. Aýtsam älem lolusy - Kime hesret, Kime eşret, Gepiň külesi... 22.11.2023. Allaýar ÇÜRIÝEW. Surat: Döwran HYDYR / "Tükeniksiz pelsepe" | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |