18:10 Dünýä zähmetkeşi agzyn bir eýlär | |
DÜNÝÄ ZÄHMETKEŞI AGZYN BIR EÝLÄR
Goşgular
Trumen bir eşek, eşek türresi, Aññyrar, hynçgyrar, ahy-zar eýlär. Çerçill jenap, Tito onyñ kürresi, Gaşaşyp öz-özin, dosty-ýar eýlär. Marşall bolsa şol eşekleñ kelany, Her daýym geñeşer, salar salany, Başarsa, äleme ýagdyr belany, Oñ günäsi öz gözini kör eýlär. Makartur bir hažžyk, gargaýar güne, Dünýäni ýuwutsa-da, ol doýmaz ýene... Häzir müñ dokuz ýüz ellinji sene, Agzybirlik baýlañ jaýyn dar eýlär. - Olar eşekmi? - diýip, sorag bererler, Eşekçe ýokdygyn aýan görerler. Zähmetkeşler olañ hamyn sererler, Hamy serilmese, halky zar eýlär. Haramzada söýer näletli urşy, Zähmetkeşiñ gany oñ nannyñ hurşy, Ähli halk gazaby şolara garşy, Il birleşse, baýy nana zar eýlär. Ata Köpek pislär päli ýamany, Olar ýykylmaly ýokdur gümany, Indi häzir agzybirlik zamany, Dünýä zähmetkeşi agzyn biýr eýlär. 1950 ý. Ata KÖPEKMERGEN. # "Ýaşasyn parahatlyk" / Türkmendöwletneşir, 1951 ý. | |
|
√ Aýdym aýdýar türkmen Gözeli / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Walid ogly sen Halid / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Aýal dogan gelende / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Belki, gelersiň / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Täze rubagylar / Goşgular - 29.09.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Pursatlar / Goşgular - 13.10.2024 |
√ Ugrukdyrma / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Derdi-halym hezretiňde, Rebbena... / Goşgular - 03.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |