19:27 Enäniñ nalyşy | |
ENÄNIÑ NALYŞY
Goşgular
Gördüm men, ýitirip ýalñyz çynaryn, Bir özi somalyp galyşyn enäñ. Paralap ýedi gat topragyñ bagryn, Asmany titredip aglaşyn enäñ. Ajy ölüm alyp gitdi balasyn, Hazan urdy ömrüniñ gül-lälesin. Duman gaplap Keseýabyñ ýaýlasyn, Nä günlere saldy çal başyn enäñ. Eý, tebigat, howplusyñ sen, hatarsyñ, Şum awçy sen, ýoly saklap ýatarsyñ. Aýyt, etden ýürek neneñ götersin Dagy tisgindiren nalyşyn enäñ. Galan ömrüm gezerin men ýat edip, Saçyn ýaýyp, ýürek-bagryn ot edip, "Oglumy goýuñ" diýp, dat-perýat edip, Gölegçiñ yzyndan ylgaşyn enäñ. Ata KÖPEKMERGEN. | |
|
√ Pyragyny okasañ! / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Ylym kelamda / Goşgular - 23.07.2024 |
√ Bir millet / Goşgular - 20.05.2024 |
√ «Ýene seni ýada salyp erikler...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Pyragyň kyssasyn söýdüm / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Atilla! / Goşgular - 30.08.2024 |
√ Tomusda gar küýsemen / Goşgular - 17.08.2024 |
√ Ýar ýüzümi görüp derdi-gamymy bilse gerek... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Enem / Goşgular - 05.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |