13:25 Dünýäniñ in meşhur kezzaplary | |
DÜNÝÄNIÑ IÑ MEŞHUR KEZZAPLARY "Ygtybaryñ ýokdur, sözüñ ýalandyr..." Biziñ häzirki döwrümizde iñ köp duş gelinýän ýaramaz pişe kezzapçylyk bolsa gerek. Arañyzda kezzapçylygyñ oduna ýanmadyk bardyr öýdemzok. Käbir kezzaplar üçin kezzapçylyk özbaşyna bir sungat. Muny oñarmak üçinem aýratyn zehin, aýratyn ukyp gerek. Her kesiñ elinden kezzaplyk gelmeýär. Aşakda taryhyñ dürli döwürlerinde ýaşap geçen "ýakasy gaýyşly" kezzaplaryñ sanawyna ser salanyñyzda munuñ şeýledigine göz ýetirseñiz gerek. ■ Frenk Abigneýl (1948) Dünýäniñ iñ meşhur kezzaplarynyñ biri Frenk Abigneýldir. Ol ýörite biliminiñ ýoklugyna garamazdan döwrüniñ iñ uly howa ýollary gullugynda birnäçe aýlap uçarmanlyk edipdir. Uçarmanlykdan bizar bolup uly hassahanalaryñ birinde lukman bolup işläp başlapdyr. Lukmançylykdanam irip prokuratura edarasyna sümülipdir. Elbetde, onuñ ne-hä medisina ugrundan, ne-de hukuk ugrundan bilimi bardy. Abigneýl galphorlyk edip ýol almakda görlüp-eşdilmedik ukyba eýedi. Onuñ gallaplykdanam başy çykýan eken. Abigneýl millionlarça dollarlyk galp pul we çek ýasabilipdir. Onuñ gallaplygyna haýran galmazlyk mümkin däl eken, çünki bank işgärleri we pul boýunça ýörite hünärmenler onuñ ýasan galp pullaryny hakyky puldan tapawutlandyryp bilmändir. ■ Osman Ziýa Sülün (1923-1984) Türkiýäniñ adybelli kezzaplaryndan bolan Osman Ziýa Sülün diýseñ täsin kezzapçylyk tilsimlerini oýlap tapypdyr. Sülün Osman ady bilen tanalan bu kezzabyñ "müşderileri" Türkiýäniñ dürli künjeklerinden Stambula işlemäge ýa-ga gezmäge gelýän sada adamlar bolupdyr. Sülün Osman olara Bosfor köprüsi, Galata diñi, tramwaýlar, gämiler, sagat küñreleri ýaly satmasy mümkin däl gozgalmasyz emläkleri "satypdyr". Onuñ toruna düşen sada adamlar bolsa göwünlerine hiç hili şübhe getirmän onuñ satýan zatlaryna pul geçiripdir. Bir gezek ol sagat küñresiniñ öñünde durup, sagada seredenlere onuñ satlykdygyny aýdypdyr. Başga bir gezek bolsa amerikanlaryñ Stambula gelen uçar daşaýjy gämisini bir ynanjañ bendä "satyp" ep-esli pul çilipdir. ■ Jorj Parker (1860-1936) Jorj Parker Nýu-Ýorkuñ Metropoliten muzeýini, Garaşsyzlyk binasyny, Bruklin köprüsini birnäçe gezek "satlyga" çykarypdyr. Onuñ kezzaplygy şeýle bir ösen derejede bolupdyr welin, hatda puly ýetmeýän müşderilerine "satlyk" köprini nesýesine-de beriberýän eken. ■ Çarlz Ponsi (1882-1949) Asly italiýaly Çarlz Ponsi "sagat zynjyry" diýip at berlen kezzapçylyk tilsiminiñ awtorydy. 1903-nji ýylda ABŞ-na göçen Ponsi döreden kezzaplyk tilsimi arkaly 225 amerikan dollaryna barabar baýlygyñ eýesi boldy. Ponsi adamlardan pul toplapdyr, soñ ýene toplan pullaryny başga adamlara paýlapdyr. Adamlar pul gazanýandyryn öýdüp ellerindäki bolanja puluny Ponsä beripdir. Aslynda oniñ bar edýän işi puluñ özüne berilmegi üçin adamlaryñ ynamyna girmekden başga zat däldi. Bu kezzapçylykly emel soñabaka diýseñ ýörgünli boldy. Birgiden kezzap bu adamlary bu emele çolaşdyryp millionlarça dollar gazanmagy başardy. ■ Wiktor Lýustig (1890-1947) Asly çehiýaly Wiktor Lýustig ABŞ-da we Ýewropada eden kezzapçylygy üçin tussag astyna alnyp, meşhur amerikan türmesi bolan "Alkatras" türmesine ugradylypdyr. ■ Gerd Haýdeman (1931) Asyl käri žurnalist bolan Gerd Haýdeman kezzapçylygyñ täsin tilsimini oýlap tapypdyr. Ol hemşerileri bilen bile ýazan gündeligini "Gitleriñ hut özüniñ ýöreden gündeligi" diýip birgiden adamyñ "gulagyna depipdir". Döwrüñ iñ meşhur žurnaly "Stern" bolsa onuñ aýdýan gündeligini 6 million dollara satyn alypdyr. ■ Bernard Meýdoff (1938) Bernard Meýdoff ABŞ-nyñ iñ meşhur we iñ uly maliýe edaralaryny "suwsuz äkidip suwsuz getirdi". Aslynda ol dünýäniñ iñ uly "NASDAQ" birža fondunyñ başlygydy. Meýdoff soñabaka dürli kezzapçylyk ýoly arkaly maliýe guramalarynyñ pullaryny özüniñ dürli ýurtlaryñ bankynda açan hasabyna geçiripdir. ■ Ahmet Güneý Zobu "Raki" lakamly Ahmet Güneý Zobu Türkiýäniñ taryhynda kezzaplyk bilen ýaka tanadan tüýkesmeleriñ iñ meşhury bolsa gerek. Häzir Stambulyñ Jahanhir raýonynda suw stansiýasyny ýöredýän Güneý Zobu Osmanly döwletiniñ generallaryndan Hasan Ryza paşanyñ agtygy, Ikinji jahan urşy ýyllarynda Türkiýäniñ Moskwadaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Şemsetdin Zobunyñ ogludyr. ■ Jordan Belfort (1962) Jordan Belfort bolsa birža fondlaryndan kän baş çykarmaýan pul goýumçylara arzan aksiýalary gymmatbahaly aksiýa ýaly görkezip million dollarlyk pul işledi. Onuñ gazanan pullarynyñ jemi 110 million dollardan agypdyr. Belfortyñ bu kezzapçylygy-da kinomatografiýaçylaryñ gözünden sypmady. 2013-nji ýylda düşürilen "Uoll-stritiñ möjegi" («Волк с Уолл-стрит») kinofilminde onuñ roluny Leonardo Di Kaprio oýnaýar. Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||