DÜNÝÄNIÑ WE ADAMZADYÑ SOÑY NÄHILI BOLARKA?
Eý ýaranlar, musulmanlar,
Bir gün ahyrzaman geler.
(Magtymgyly Pyragy, "Ahyrzaman geler").
Soñky ýyllarda dünýäniñ ekologik deñagramlylygynyñ düýpgöter üýtgemegi sebäpli, barha ýowuzlaşýan howa şertleri, ozon gatlagynyñ ýyrtygynyñ ulalmagy we güýçli ýer titremeler bize üstünde ýaşap ýören gojaman saýýaramyza näderejede eserdeñ we aýawly seretmelidigini görnetin görkezip dur.
Günde-günaşa diýen ýaly teleýaýlymlarda berilýän habarlarda saýýaramyza howp abandyrýan her dürli tebigy heläkçilikler barada görüp we eşdip durus.
Howanyñ aşa hapalanmagy, ýerden yrsgal-bereketiñ göterilmegi we ýitip-ýok bolup barýan ösümlikdir janly-jandarlar, ýadro ýaraglanşygy, dünýäni ýok etjek meteoritler we megakatastrofalar hakynda duýdura-duýdura alymlaryñ dilinden tüý çykan bolsa gerek...
■ Ýadro urşy
Köp döküler nähak ganlar,
Iliñ päli ýaman bolar.
(Magtymguly Pyragy, "Ahyrzaman bolar").
Dünýäde 23 müñden gowrak ýadro ýaragynyñ bardygyny aýdýan hünärmenleriñ pikirine görä, 1977-nji ýylda ABŞ-nyñ Goranmak ministrligi eger-de ABŞ bilen SSSR-iñ arasynda ýadro urşy turaýsa, 265 million adamyñ öljegini hasap edipdi...
■ Meteorit howpy
Çoh närseler geler-geçer gözüme,
Bu dünýäni bet-bet kär harap eýlär.
(Magtymguly Pyragy, "Harap eýlär").
Bir kilometr ululykdaky meteorit adamzat üçin uly howp döretmäge ýeterlik, 3-10 km-lik meteorit bolsa tutuş adamzady ýok etmäge ýeterlikdigi aýdylýar. Emma soñky 100 million ýyla seredilende, 1 km ululykdaky meteorit her 500 müñ ýyldan bir gezek Ýer togalagyna düşýär. Bütin dünýäni sarsdyran iñ uly meteorit bolsa mundan 65 million ýyl öñ Ýere düşüpdir we dinozawrlaryñ ýok bolmagyna sebäp bolupdyr.
Alymlaryñ aýtmagyna görä, ulu agramly meteoritiñ urgusy birgiden heläkçilikleri döredip biler. 1908-nji ýylyñ 30-njy iýunynda Russiýanyñ Krasnoýar ülkesiniñ Tunguska diýen ýerine düşen meteoriti muña mysal hökmünde getiren hünärmenler, şulat ýaly ululykdaky meteoritleriñ dine her million ýylda iki gezek Ýer togalagyna gelip urulýandygyny aýdýarlar. Tunguska hadysasynda Ýaponiýanyñ Hirosima şäherinde amerikanlaryñ partladan atom bombasyndan 1000 esse güýçli meteorit partlamasy bolup geçipdir.
Ýer togalagyna uly meteoritiñ gelip urlan ýagdaýynda dünýäni bir uly tozan gaplap almaly, Gün birnäçe aýlap görünmeli däl, uly ýangynlar döremeli, kislota ýagyşlary ýagmaly, ýeriñ ösümlik örtügi weýran bolmaly, ýaşaýşyñ dowamlylygyny üpjün edýän zerur önümler gytlyk etmeli. Diñe iñ çydamly jandarlaryñ diri galyp bilmegi mümkin. Şular ýaly zäherli ýagyşlaryñ ýagyp, atmosferanyñ öñüni tozan gaplajakdygy, ýangynlaryñ dörejekdigi hakyndaky ylmy çaklamalar beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyñ kyýamat senariýaly goşgularynda hem duş gelýär:
Bir ulug ot çykar Ýemen şährinden,
Hasu a:m, barçany sorsa gerekdir.
("Artsa gerekdir").
Kyrk gün ýagmyr ýagar, Aý, Gün görünmez,
Howanyñ ýüzünden duman aýrylmaz,
Suw çekiler, jahan guryr, nem bolmaz,
Kyrk ýyl şeýle bolup dursa gerekdir.
("Artsa gerekdir").
Ýa bolmasa:
Giýalar gurap hem derýalar kepär...
("Barsa gerekdir").
Jahan guryp, närse galmaz iýmäge,
Bir-biriniñ ganyn sorsa gerekdir.
("Barsa gerekdir").
Başga bir goşgusynda:
Ýagmyrlar ýagar, ýaz bolmaz,
Bir gün bady-hazan bolar.
("Ahyrzaman bolar").
Ýene bir goşgusynda:
Derýalar gurarlar, suwlar çekiler,
Aý, Gün hem tutular, ýyldyz döküler,
Beýik daglar erär, ýer, gök ýykylar...
("Dursa gerekdir").
Kyrk gün ýagmyr ýagar, ýer-gök bilinmez,
Ýañydan gögerip galsa gerekdir.
("Dursa gerekdir").
Kontinentara derejesinde üýtgeşmä uçradan iñ soñky meteorit urulmasy mundan 65 million ýyl öñ bolup geçipdir. Bu heläkçilikde atmosferanyñ ýüzüni tutan galyñ gaz we tozan Günüñ ýylylyk beriji täsirininiñ birnäçe aýlap, belki-de birnäçe ýyllap bütinleý kesilmegine hem-de materiklerde gysga wagtda uly üýtgeşmeleriñ bolmagyna getiripdir. Aýylganç katastrofa ilkinji nobatda dinozawrlaryñ, soñra ýerde-suwda ýaşaýan janly-jandarlaryñ ep-esli bölegini ýok edipdir.
Ýere gelip uruljak uly meteoritiñ "ýadro gyşy" diýilýän global derejedäki kontinentara üýtgeşmä edip biljek täsiri boýunça hem ylmy hasaplamalar edilýär. Hasaplamalar 10 müñ megaton agramlykdaky TNT-niñ partlamagyna barabar güýçdäki haýsydyr bir partlamanyñ birgiden tebigy heläkçilikleri döredip biljekdigini görkezýär. Bular ýaly gorkunç waka ýüze çykaýsa dagy, adamzadyñ 25%-i heläk bolup biler we siwilizasiýanyñ täzeden gurulmagy birnäçe asyra çeker...
■ Yklymara heläkçilikler
Bir gün zaýa eýlär asman, zemini,
Derýalar gark eder suwda gämini...
(Magtymguly Pyragy "Öýler görer sen").
Dünýäniñ soñuna degişli iñ gorkunç senariýalaryñ biri Halkara Klimat üýtgeşmeleri boýunça ekspertler toparynyñ (Межправительственная группа экспертов по изменению климата) arasynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Olar Ýer togalagynyñ üstümizdäki XXI asyryñ ahyryna çenli 4-5 gradus gyzmagy bilen bilen birlikde deñiz derejesiniñ ýarym metre çenli galjakdygyny, dünýäniñ iñ uly şäherlerini, birnäçe kenarýaka ilatly punktlary suw basjakdygyny aýdýar.
■ Köpçülikleýin keseller
Sarahsy mergi bozar, Merwi rik basar...
(Magtymguly Pyragy, "Harap eýlär")
Birnäçe asyrlap adamzadyñ gorkuly düýşüne öwrülen lepra (iýiji kesel), ispan dümewi we häzirki döwürde-de aram-aram özüni görkezýän doñuz dümewi sebäpli dörejek epidemiýanyñ adamzadyñ soñuna sogan ekjeginden döreýän howsala aýrylyp gidiberenok. Soñky döwürde AIDS, SARS we guş dümewi hem az howp salanok.
Alymlar klimat üýtgeşmesiniñ we ekologik şertleriñ bozulmagynyñ täsiri netijesinde täze wiruslaryñ döräp biljekdigini hem-de döwrümiziñ ykjam aragatnaşyk mümkinçilikleriniñ üsti bilen ummasyz giñişlige çalt ýaýrap biljekdigini aýdýarlar.
Başga bir uly howp bolsa, dörejek wirusyñ guş dümewi ýaly kesellerde görnüşini üýtgedip adamdan adama geçer ýaly ýagdaýa gelmegi we onuñ garşysyna emi tapylýança birgiden pidalara getirmegidir.
Häzir adamzat jemgyýetçiligi undanam bolsa, dünýäniñ dürli künjünde gurlan laboratoriýalarynda ylmy maksatly nusgalary saklanýan, hatda ylmy barlaglar üçin laboratoriýalaryñ arasynda gezim etdirilen köne we ölüm howply wirusyñ seresapsyzlyk ýa-da terorrorçylykly maskat bilen ýer ýüzüne ýaýradylmagy hem üns merkezinden düşenok.
Başga bir senariýada bolsa, Taýlandiýada ýüze çykan guş dümewiniñ çaltlyk bilen dünýä ýaýrajakdygy we bu gorkunç dümewiñ H5N1 wirusynyñ 360 milliona golaý adamyñ ölmegine sebäp boljakdygy aýdylýar.
Geçirilen soñky barlaglar buzluklaryñ gadymy döwürlerden galan wirus owuntyklaryny saklaýandygyny we howanyñ maýlamagy bilen buzluklar erände şol wiruslary hem ýer ýüzüne ýaýradyp biljekdigini görkezdi.
■ Gipernowa we nämälim senariýalar
Her sap yns, jynga ýetmiş müñ hyssa,
Alyp gelip, ýer ýüzünde çökerler.
(Magtymguly Pyragy, "Rysman dakarlar").
Dürli teoriýalaryñ arasynda oýanmaga başlan wulkanlaryñ dünýäniñ klimatyny üýtgetmegi, haýsydyr bir ýyldyzdan ýaýylan gamma şöhlesiniñ atmosfera gatlagynda howply radiasiýa döretmegi ýaly tebigy ähtimallyklaryñ yzysüre, oýlanyp tapylýan täze tehnologiýalaryñ çygyrdan çykmagy ýaly adamyñ öz elinden ýüze çykjak sebäplerem bar. Kosmosdan abanaýjak ýene bir megakatastrofa hem gipernowadyr. Alymlar "kosmosda müñlerçe ýagtylyk ýyly mundan öñ partlan haýsydyr bir ýyldyzyñ ýaýradan gamma şöhleleri garaşylman durka gelip dünýäni urup biler" diýýär.
ABŞ-nyñ Kanzas uniwersitetinden Adrian Melottyñ aýtmagyna görä, şol şöhleleriñ bary-ýogy 10 sekunt Ýer togalagyna inmegi ozon gatlagynyñ ýarsynyñ birnäçe hepdäniñ dowamunda ýok bolmagy üçin ýeterlik. Munuñ özi, galyñ ultrafioletiki şöhlelerine uçrajak gojaman planetamyzyñ ähli janly-jandarlarynyñ ýok bolmagy diýmekdir.
Başga bir senariýada Ýeriñ magnit nokatlarynyñ tersine öwrülmegi netijesinde dünýä derejesinde tebigy heläkçilikleriñ dörejekdigi çaklanylýar. Magnit meýdanynyñ gurşawynda emele gelen üýtgeşmeler agramly kosmos jisimleriniñ atmosfera ilteşmegini döreder. Bu gorkunç ýagdaý bolsa ýer ýüzüne inýän zyýanly şöhläniñ barha artmagyna sebäp bolar. Eger bu ýagdaý atmosferada ozon gatlagynyñ bozulmagyna getirse, ultrafiolet şöhleleriñ Ýer togalagyna inmegi gutulgysyzdyr. Munuñ iñ gorkunç tarapy bolsa, çendenaşa radiasiýanyñ rak we genotip üýtgeşmeleri döretjegidir.
# Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
@ Kitapçylar.
Geň-taňsy wakalar