19:49 Karal siwilizasiýasy nädip ýok boldy? | |
KARAL SIWILIZASIÝASY NÄDIP ÝOK BOLDY?
Geň-taňsy wakalar
"Bu panyga nazar salsañ, Ýuwdarha jahan görüner". Magtymguly PYRAGY. Karal halky mundan bäş müñ ýyl owal Perunyñ And daglarynda Amerika yklymyñ ilkinji medeniýetini gurupdy. Gadymy Mesopotamiýa, Müsür, Hindi medeniýetleri biri-birine baglanyşykly ýagdaýda, biri-biriniñ gazanan üstünliginden peýdalanyp gülläp ösen bolsa, olar dünýäniñ gözünden uzakda özbaşdak döräp, özbaşdak kemala gelipdir. Piramidalary gurupdyrlar, heniz hat-ýazuwyñ ýüze çykmadyk döwründe maglumatlary ýüpe düwün atma ýoly bilen belläpdirler. Talañçylykly uruşlary alyp barmagyñ we ýurtlary basyp almagyñ deregine sungata, astronomiýa, dine üns beripdirler. Günorta Amerikanyñ günbatar kenarynyñ başyndan ahyryna uzap gidýän 1,556 kilometrlik And daglarynyñ eteginde gurulan we Ýuwaş ummanyñ kenaryna bary-ýogy 20 kilometr uzaklykda ýerleşen Karal-Supe umumyadamzat medeniýetiniñ taryhynda aýratyn orun eýeleýär. • Karal medeniýetiniñ kemala gelmegi Karal medeniýetiniñ iñ uly merkezi mukaddes karal-Supe şäheri Perunyñ Barranka etrabynda, paýtagt şäher Limanyñ 200 km-e golaý demirgazygynda ýerleşýär. Giçki arhaiki döwre degişli oturymly ýaşaýşyñ gecmişi bäş müñ ýyldanam añry uzaýar. Töweregini gurşap alan on sekiz oturymly punktdan biri bolan Karalda alty sany uly piramida we başga-da haýran galdyryjy memorial binalar bar. Şäherde memorial daşlar bilen birlikde toprakdan üýşürilen emeli daglar, otagpisint çöket meýdançalar bar. Şäheriñ ilatlaşyp başlamagy b.e.öñki 3-nji müñýyllyk bilen 2-nji müñýyllygyñ 600-nji ýyllary aralygynda bolandyr öýdüp çak edilýär. Çaklamalara görä şäheriñ ilatynyñ iñ köp ýaşan wagty 3 müñe ýetipdir. Beýleki şäherlerem Karal bilen birmeñzeş diýen ýaly. Karal medeniýeti döwründe Supe jülgesindäki şäherlerde jemi 20 müñ adam ýaşandyr diýip çak edilýär. 66 gektarlyk meýdanda ýerleşýän Karal şäheri iki bölege bölünýär: merkezi we etek raýonlary. Memorial binalara göz aýlanyñda şäheriñ merkezinde dört aýratynlygyñ bardygyny görmek bolýar: baýlaryñ ýaşan ýaşaýyş massiwleri, diñ görnüşinde dikilen iki sany dairesel plaza, köpçüligi üýşürer ýaly meýdançalar... Şäheriñ gyra-bujagynda arhipelag şekilli ýerleşen garamaýaklaryñ ýaşan raýonlary bar. Sosial maksatly gurlan Galareýa piramidasynda läheñ balygynyñ (kit) ystyhanyndan (sklet) ýasalan oñurga süñki, ýüzi ýylmanan sekiz sany oturgyç tapyldy. Gadymy Müsür medeniýeti bilen ýaşytdaş we Ink siwilizasiýasyndan 44 asyr öñ bar bolan bäş müñ ýyllyk gadymy Karal-Supe şäheri piramidalary, ekin meýdanlary, jaýlary we dabaraly çäreleri geçirýän meýdançalary bilen 620 gektarlyk ýere ýaýylyp gidipdir. Karal halkynyñ iñ esasy üns bermeli aýratynlygy hem olaryñ dünýäniñ başga künjeklerinden uzakda, hiç hili maglumat alyp-berişi bolmazdan Amerika yklymyndaky ilkinji medeniýeti gurmaklarydyr. Mesopotamiýa, Müsür, Hindi medeniýetleri bolsa biri-birine utgaşykly we özara maglumat alyp-beriş esasynda, dürli ugurlarda gazanan üstünliklerini biri-birinden alyp ösüpdi. Arheolog Rut Şeýdi Karal-Supe jemgyýetiniñ Perunyñ kenarýaka we daglyk raýonlaryndan hem-de Amazonka tokaýlaryndan gelen adamlaryñ garylyp-gatlyşmagy esasynda dörändigini aýdýar. Şeýdiniñ pikirine görä, Karal-Supe medeniýetinde astronomiýa, medisina we inženerçilik ösen derejede bolupdyr hem-de halk gün-güzeranyny balykçylyk we suwarymly ekerançylyk etmek arkaly aýlapdyr. Şeýdi bu siwilizasiýadan has soñky döwürlerde dörän Ink medeniýetine täsir edendigini we karal diliniñ inkleriñ gepleýän kuiçua diliniñ binýadyny emele getirýändigini öñe sürýär. Karalda haýsydyr bir söweşjeñ häsiýetli ýaraga ýa-da şikes ýeten, el-aýagy kesilen ystyhanlara duş gelinmedi. Arheolog Rut Şeýdiniñ toplan maglumatlary Karalyñ söwda-satyga, parahatçylyga we bagtyýar durmuşa esaslanan jemgyýetdigini görkezýär. Piramidalaryñ birinde Günorta Amerika dazzarkeliniñ süñkünden ýasalan 32 fleýta, lama ve keýik süñklerinden ýasalan 37 üflenip çalynýan saz gurallary tapyldy. Tapylan bir bäbejik ystyhanynyñ boýnundaky daş monjukly kalýe şaý-sep önümçiliginiñ ösendigine güwä geçýär. Dokma daragynyñ we ösümliklerden ýasalan örme sebetleriñ ýaşy boýunça karbon ekspertizasy geçirilende, olaryñ b.e.önki 2627-nji ýyla degişlidigi anyklandy. Piramidalaryñ gurluşugynda bu sebetler bilen daş daşalandygy çak edilýär. • Karallylaryñ özboluşly hat-ýazuwy Karalda tapylan "kipular" karal jemgyýetiniñ ösen jemgyýetdigine şaýatlyk edýär. Hat-ýazuwyñ döremeginden öñ öñ ulanylan maglumatlary ýazga geçiriş usulyna "kipu usuly" diýilýär. Bu usulda ýüplere atylýan düwünler bilen maglumatlar ýazga geçirilýär. Bu tilsim And daglarynda ýaşan beýleki jemgyýetlerde-de gabat gelýär. "Kipu" ýa-da "hipu" kueçua dilinde "düwün" we "hasap" diýmegi añladyp, tilsim durşuna ýazuw we hasaplaşyk ulgamydyr. Kipu tebigy sanlaryñ dürli reñklerdäki ýüpleriñ (шпагат) üstüne düwün zynjyryny döretme ýoly bilen görkezilen yşaratlaryñ bitewi görnüşidir, ýagny özbaşdak parol sistemasydyr. Hat-ýazuwy bolmadyk döwlet dolandyryş ulgamy ilat ýazuwyny, statistikany, ammarlarda saklanýan önümleriñ ýagdaýyny, haýwanlaryn sanyny, dürli taýpalardan ýygnalýan salgytlary, haryt dolanşygyny şu usul bilen aýyl-saýyl edipdir. Ýöne kipunyñ "açary" bolan gizlin formulany diñe Kipukamaýos ady berilen çinownikler bilýän eken. Kipu ulgamy soñra inkler tarapyndan ulanyldy. Inkler bu tilsimi hasam ösdüripdirler. Kipu ulgamy inkleriñ Karal medeniýetiniñ belli bir derejede dowam etdirijisi bolandygyna şaýatlyk edýär. • Karal medeniýetiniñ weýran bolmagy Geçirilen ilkinji barlaglara esaslanyp, alymlar Günorta Amerikanyñ iñ gadymy siwilizasiýasy bolan Karal medeniýetiniñ mundan 3600 ýyl öñ tebigy hadysalar sebäpli ýok bolandygyny aýdýar. Dogrudanam soñky geçirilen barlaglar hem Karal medeniýetiniñ materikde bolup geçen tebigy üýtgeşmeler we güýçli ýer titremeler zerarly ýer bilen ýegsan bolandygyny görkezdi. Barlagçylar ýer hopmalaryna sebäp bolan 7-8 ballyk ýer titremäniñ we başga ýer titremeleriñ Karal-Supe piramidalarynda uly-uly jaýrylmalar döredendigini anyklady. Peruly arheolog Rut Şeýdi ýer titremede gopan bölekleriñ soñra El-Nino tüweleýiniñ sebäp bolan güýçli ýagyşlary netijesinde dörän siller bilen gidendigini aýdýar. Şeýdi "Soñabaka gum we çäge sowran şemallaryñ hem-de iki nesli garabaşyna gaý eden gurakçylygyñ ekerançylygy pese düşürendigini, munuñ bolsa ýerleri carallylar üçin ýaşamaga ýaramsyz zolaga öwrendigini belleýär. Alymlar gadymy Karal-Supe şäheriniñ entek-entek açylmagyna garaşylýan birgiden syrynyñ bardygyny aýdýarlar. Gadymy şäherde gazuw-agtaryş işlerini geçiren Luis Miranda "Şäherde nekropol duş gelmändigini, muña garamazdan barlaglaryñ gyzgalañly dowam edýändigini, eger bir nekropolyñ üstünden barylsa, onda Karal medeniýeti boýunça birnäçe soraga jogap tapyljakdygyny" ynamly aýdýar. Alymlaryñ geçiren barlaglary klimatyñ üýtgemegi, howanyñ gyzmagy, ýer titremeleri, tüweleý, gurakçylyk ýaly tebigy hadysalaryñ Karal medeniýeti deýin hemmetaraplaýyn gülläp ösen medeniýeti birnäçe nesliñ dowamynda ýer bilen ýegsan edip biljekdigini aýdyñ görkezdi. Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |