DEPESINE DAŞ ÝAGAN DAMASKLYLAR
Mahal-mahal gargynç sözleriniñ arasynda "Alnyña daş degsin!", "Depäñden daş düşsün!", "Üstüñe daş ýagsyn!" diýen ýaly gorkunç jümlelere gabat gelýänsiñiz.
Ummasyz geñ-tañsylyklary goýnunda gizläp saklaýan çañly taryhyñ sahypalaryny dörjäberseñ, adamlaryñ depesinden daş ýagan wagtyna hem duş gelmek bolýar. Siriýalylara haçan we nirede kim tarapyndan "Depäñize daş ýagsyn!" diýip gargalandygyny bilemzok welin, 1844-nji ýylyñ aprel aýynda Damask şäherine asmandan gyzyl reñkli daşlar we gum ýaganlygy taryhy hakykat. Şäherde başga-da täsin zatlar bolup geçipdir. Halk köpçüligi bolup geçýän bu adatdan daşary hadysany kyýamatyñ alamatyna ýorupdyr.
Şol döwür bu ýerleri öz garamagynda saklaýan Osmanly türkmen döwleti bolsa sowukganlylygyny saklap, halky basga düşmekden saklap, olaryñ her dürli sosial hajatlaryny üpjün edipdir.
Asmandan daşyñ we gumuñ ýagmagy adamlary aljyraññylyga salypdyr, näme etjegini bilmän galan adamlar muny betbagtlygyñ alamaty hasaplapdyr.
Emma Damaskda bolup geçen hadysalar munuñ bilenem çäklenmändir, yzly-yzyna bolup geçýän tebigy heläkçilikleriñ we adatdan daşary hadysalaryñ jümmüşinde galan damasklylar kyýamat gopandyr öýdüpdirler.
1516-njy ýylda Osmanly türkmen döwletine birikdirilen we Birinji jahan urşuna çenli Osmanly döwletiniñ garamagynda bolan Damask syýasy taýdanam, ykdysady taýdan, harby taýdanam Osmanly imperiýasynyñ iñ möhüm şäherleriniñ biri bolmagynda galdy.
Iñlis we fransuz jansyzlarynyñ bu ýerlerde alyp barýan ýykgynçylykly gizlin işleri baradaky habarnamalary alyp ýören osmanly hökümeti bu gezek 1844-nji ýylda Damaskyñ häkiminden entek görlüp-eşdilmedik hat aldy.
Damaskyñ häkimi Aly Ryza paşanyñ Osmanly arhiwinde saklanýan bu habarnamasy ynanmasy kyn tebigy hadysanyñ taryh sahypalaryna ýazylan resmi subutnamasy bolup galdy.
XIX asyryñ kyrkynjy ýyllarynda Damaskda howa ýagdaýlary diýseñ gowy bolupdyr, şonuñ üçin ekin meýdanlaryndan hem garaşylşyndan has köp hasyl alnypdyr. Emma 1844-nji ýylda damasklylar tarapyndan betbagtlyk hasap edilen hadysalar ýüze çykmaga başlapdyr. Bu adatdan daşary hadysalar damasklylaryñ durmuşyna ýiti täsir etmek bilen birlikde, azyk-owkat we güzeran ýagdaýlarynyñ hem kynlaşmagyna getiripdir.
Şol ýyl ilki mart aýynyñ ortalaryndan başlap şäherde we şäher eteklerinde güýçli tupan turupdyr. Tupan birnäçe günläp dowam edipdir. Apreliñ birinji hepdesinde bolsa şol wagta çenli görlüp-eşdilmedik tebigy hadysa ýüze çykdy: Damaska we golaý-goltumuna asmandan gyzyl gum we daş ýagmaga başlady, ýagan gum barmak galyñlygynda ýeri örtüp taşlady.
Adamlar howsala düşüp we ikiýana elewräp, näme etjeklerini bilmän galdylar.
Hemmeler öýüne girip oturdy we asmandan ýagan guma el degirmäge hiç kim milt edenokdy. Adamlaryñ kalbyny kyýamat gorkusy gaplap aldy. Damasklylar bu heläkçiligiñ täsirinden aýñalyp ýetişmänkä, 12-nji aprel güni bu gezegem şäherde öñ hiç wagt bolup geçmedik başga bir adatdan daşary waka bolup geçdi: aprel aýynyñ ortasynda köwsarlap gar ýagmaga başlady. Gar üç günläp yzyny üzmän ýagypdyr, netijede ekin meýdanlarynda ýañy gül açan miweli agaçlar we ýañja boý alan gök önümler weýran bolupdyr. Munuñ yzysüre güpläp düşen galyñ garlaryñ eräp başlamagy bilen siller emele geldi. Ýykyp-ýumrup barýan siller birgiden öýleri, mal-garalary, hapa läbikli goýnuna düýrläp dykdy we çar-tarapy batgalyk gurşap aldy. Heläkçilikleriñ yzy şonda-da üzülenokdy.
Siriýanyñ taryhy heniz görlüp-eşdilmedik heläkçilikler tapgyry bilen ýüzbe-ýüz bolanam bolsa, mundan soñam adatdan daşary hadysalar dowam etdi durdy: Damaskyñ Hajy Talyp atly ýaşaýjysynyñ Patma hatyn atly aýaly bir gezekde bäş çagany dünýä inderdi. Bäşem çagalaryñ dördüsi gyz, biri oglanjykdy, gynansakda, olaryñ bäşisem doglanlaryndan kän wagt geçmänkä yzly-yzyna ýogalypdyr.
Bäşemleriñ pajygaly ykbaly öñki bolup geçen hadysalaryñ üstüne urna boldy. Damasklylar başlaryna ullakan betbagtlygyñ inendigine gutarnykly ynandylar. Şäheriñ häkimi Aly Ryza paşa halkyñ göwnüçökgünligini galkyndyrmak üçin elinden gelenini etmäge çalyşypdyr, ýöne onuñ özüni-de bolup geçýän wakalar diýseñ başagaýlyga salypdyr. Hem habarly etmek, hemem kömek soramak üçin bolup geçen wakalary birin-birin Stambula ýazyp ugradypdyr. Ol ugradan habarnamasy bilen birlikde ýagan gyzyl gumdan hem delil hökmünde ugradypdyr. Aly Ryza paşa halkyñ düşen kyn ýagdaýyny habar berip, gyssagly kömek sorapdyr. Osmanly hökümeti Damaskda bolup geçenleri häkimiñ habarnamasy arkaly öwrenipdir, wezir-wekiler wakalara akyl ýetirip bilmän, haýran galypdyrlar. Soñra olar ýagdaýy Soltan Abdylmejide mälim edipdirler. Patyşa Damaskylaryñ ähli sosial hajatlaryny üpjün etmeklerini we tebigy ýykgynçylyklary gysga wagtyñ dowamynda düzetmegi tabşyrypdyr.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Geň-taňsy wakalar