Norwegiýada kyýamatdan soñra hem barlygyny dowam etdirip biljek eserlerden düzülen "kyýamat kitaphanasy" döredildi.
Norwegiýanyñ Swalbarg arhipelagynda bütindünýä ösümlik goruny gorap saklamak üçin gurulan Swalbarg global tohumlyk stansiýasynyñ ýakynynda gurlan kitaphana "dünýäniñ iñ gymmatly kitaplaryny" kyýamatdan soñra hem gorap saklamagy maksat edinýär.
"Dünýäniñ arktiki arhiwi" diýip atlandyrylan we ýadro partlamalaryna çydamly edip gurulan bu "külbede" has ygtybarly hasap edilen sanly (цифровой) filmler ulanylýar.
Eserleriñ nusgalary kitap görnüşinde çap edilen ýa-da kinniwanja disklerde däl-de, has ösen tehnologiýa eýe bolan sanly filmlerde saklamak göz öñünde tutulýar. Şeýlelikde "Magdan-3" ady berilen magdanyñ içindäki doñdurylan topragyñ içinde saklanjak sanly filmler kebşirlenen gyzgynlykda saklanyp, doly ýitip gitmekden goralar. "Bütindünýä Arktiki arhiwiniñ" işgäri Kartrine Loen Thomson "Tehnologiýany ulanmak arkaly maglumatlary müñ ýyla çenli gorap saklajagymyza ynanýarys" diýip beýannama berdi.