01:16 Tunguska partlamasynyñ syry | |
TUNGUSKA PARTLAMASYNYÑ SYRY
Geň-taňsy wakalar
1908-nji ýylyñ 30-njy iýunynda ir sagat ýediden soñ Sibirde dörän gorkunç partlama XX asyryñ iñ uly kosmiki syrlarynyñ biridir. Şol gün ir sagat 07:45 töweregi Sibiriñ jümmüşindäki Podkamennaýa Tunguska derýasynyñ golaýynda asmanyñ ýüzünde gorkunç partlama emele geldi. Partlamanyñ howry birgiden sugun sürülerini, şol töweregiñ ähli janly-jandarlaryny, sümme tokaýlyklary kül edip taşlady, müñlerçe kilometr aralykdan partlamanyñ sesi eşdildi. Geñ galmaly ýeri: partlamadan soñ ne-hä şöhle göründi, ne-de atom halkasy emele geldi. Hadysanyñ üstünden ýüz ýyldan gowrak wagt geçendigine garamazdan, ylym dünýäsi häli-häzirem näme bolup geçendigini gutarnykly kesgitläp, belli bir netijä gelip bilenok. Tunguskada bolup geçen partlamanyñ sebäpkäriniñ meteoritdigine ylmy taýdan suwytly subutnama ýok we häzirem bu meseläniñ düýp sebäbi nämälimligine galýar. SSSR-iñ Ylymlar akademiýasynyñ habarnamalarynda (172-nji tom, N"4,5., 1967 ý) Alekseý Zolotow tarapyndan Tunguska düşen jisimiñ meteorit däldigini subut edýän epizod bar. 1970-nji ýyllarda partlamanyñ sebäbiniñ haýsydyr bir astreoid ýa-da meteorit däl-de, guýrukly ýyldyzdygyna ynanylýardy. Emma muny subit edip edip biljek guýrukly ýyldyzyñ astronomik faktlaryna duş gelinmedi, ýagny şol wagta çenli ylym dünýäsine mälim bolan guýrukly ýyldyzlaryñ biriniñem ugry 1908-nji ýylyñ iýun aýynda Ýer togalagynyñ golaýyndan geçmändir. • Tunguska hadysasy Asmandan inen alawly mähnet şary gözi bilen gören şaýatlaryñ aýtmagyna görä, "Günden has ýagty" bolupdyr. Agaçlar otluçöp deý köräp ýanýarka, haýsy tarapa gaçjagyny bilmän galan biçäre haýwanlaram ýanyp gowurdak bolupdyr. Otly şar Tunguska derýasynyñ gök öwüsýän deltasyny gara kömüre öwrüp taşlaýar. Alymlara seýsmologiki stansiýalarda adatdan daşary hadysanyñ derejesini soñky ýyllarda anyklamak başardypdyr. Partlamadan soñ 15 megatonnalyk sarsgyn emele gelendigi anyklandy. Bu bolsa Hirosima atylan atom bombasyndan 1000 esse güýçli diýmekdir. Hatda iñ soñky tehnologiýanyñ öndüren iñ weýran ediji "Tsar" bombasyndanam üç esse güýçli bolupdyr! Partlamanyñ gurşawy şeýle bir uly boldy welin, Hytaýdan Angliýa çenli aralykda ululy-kiçili dürli hili sarsgynlar döredi. Hadysanyñ bolan wagtynda Hytaýda asmanyñ reñkiniñ üýtgändigi hem-de ýagtylygyñ gözüñi gapjak derejede parlap gidendigi sebäpli Londonda adamlaryñ gijäñ içinde gazet okandyklary barada gürrüñler bar... Tunguskadan 60 km uzaklykdaky ilatly punktda ýaşaýan ýaşaýjylar hadysanyñ bolup geçiş ýagdaýyna iñ ýakyn şaýatlar hökmünde taryha girdi. Şol ýerde ýaşaýanlaryñ öýleri partlamanyñ zarbyndan ýaña agdar-düñder boldy, adamlaryñ hersi bir tarapa zyñlyp gitdi. Çopanlaryñ biriniñ aýtmagyna görä partlamanyñ golaýynda otlaşyp ýören 400-den gowrak başly sugun sürüsi ýer bilen ýegsan boldy. Hadysany gözi bilen S.Semýonow 65 km aralykdan gören zatlaryny şeýle gürrüñ berýär: "Ertirligimi edinip durkam, göz açyp ýumasy salymda Tunguska tarapda asmanyñ ikä bölünendigini we arasyndan ot-ýalyn çykandygyny gördüm Demirgazyk tarapda asmanyñ ýüzüni ýalyn gurşap alypdy. Şol pursatda güýçli sarsgyn emele geldi we göz açyp bolmaz ýaly derede ýagtylyk döredi. Ýakyp-ýandyryp barýan howur ýüzüme urdy, özümi ýanyp kül bolandyryn öýtdüm, janhowluma eşiklerimi çykardym. Eşidiş, syzyş, gepleýiş ukyplarymyñ barsyny ýitiren ýaly boldum. Eýmenç partlama sesi eşdildi. Asmandan daş ýagyp başlady. Kellämi gorajak bolup ýere togalandym. Jaýlaryñ aýnalary kül-owram boldy, daş-töweregimde bibat bolmadyk zat ýokdy..." Hadysanyñ dörän gününden soñ tutuş on dokuz ýyl geçýänçä hiç kim Tunguska aýak basmaga milt etmedi. Golaý-goltumda ýaşaýanlar başga ýere göçdüler. Göçmän galanlar dürli keseller bilen keselläp öldi. Sowet hökümeti 1927-nji ýylda hadysany ylmy taýdan öwrenmek üçin sebite Leonid Alekseýewiç Kuligi iberýär. Tunguskada alty gezek bolan Kulik hadysanyñ bolan ýerinde ýekeje-de meteorit bölegine gabat gelmändir. Ýöne kosmosdan düşendigi çak edilýän käbir mikroskopik owuntyklara gabat geldi. Sebitde asmandan düşen hiç hili meteorite duşulmansoñ, hadysa boýunça dürli-dürli pikirler orta atyldy, garşylyklaýyn jedelleriñ yzy üzülmedi. Käbirleri guýrukly ýyldyzyñ asmanda ýarylandygyny orta atsa, başgalary Ýer togalagyna kiçijik gara deşigiñ gelip urlandygyny öñe sürdi, ýene bir topar bolsa antimadda çaknyşygynyñ bolandygyny orta atdy, hatda bu partlamanyñ Nikola Teslanyñ ylmy tejribelerinde goýberen ýalñyşlygy sebäplu dörändigini-de aýtdy. Tunguska hadysasy diñe gowry ýatmaýan ylmy jedelleriñ däl-de, çeper eserleriñ hem gyzyklaýanýan temasyna öwrüldi. Ylmy-fantastika žanrynyñ görnükli wekili Stanislaw Lem 1951-nji ýylda ýazan "Kosmonawtlar" romanynda Tunguska hadysasyndan söz açdy. ABŞ-nyñ konrrazwedkasy birnäçe wagtlap Tunguska hadysasyny SSSR täze öndüren bombasyny synag edip görendir öýtdi we sebiti öwrenmek üçin içalylaryny ugratdy. Jansyzlaryñ berýän habarnamalarynda Tunguskada deformasiýa uçran haýwanlardye adamlara duş gelnendigi barada habar berilýärdi. "Mahluk" diýip atlandyrylan bu geñsi jandarlar sowet hökümetiniñ özi tarapyndanam, amerikanlar tarapyndanam gözegçilikde saklandy we olaryñ adatdan daşary birnäçe aýratynlyklarynyñ bardygy ýüze çykaryldy. • Gapbarçanak özüni pida etdi! Tunguska kosmos fondunyñ başlygy Ýuriý Lawbin "Macedonian International News Agency" habarlar gullugyna beren beýannamasynda 1908-nji ýylyñ 30-njy iýunynda gapbarçanaklaryñ (uçýan tarelka) biriniñ dünýäni halas etmek üçin Sibiriñ üstünde Ýer togalagyna urulmaly äpet meteoritiñ öñüne galkan bolup, özüni pida edendigini öñe sürmek bilen, Tunguskada 200 km kwadrat meýdanda 80 million agajyñ ýanyp kül bolmagyna getiren 15 megatonnalyk ägirt uly partlamanyñ sebäbiniñ diñe şondan gözlenmelidigini aýtdy. Hadysany gözi bilen görenler göz gamaşdyryjy ýagtylykdan we ullakan howa tolkunyndan söz açsa-da, partlamadan Tunguskanyñ golaýynda ölen ýa-da ýaralanan adama duş gelinmedi. Ýuriý Lawbin sebitde tapylan üýtgeşik alamatly kwars kristal owuntyklarynyñ äpet meteorote urlandan soñ ýere düşen gapbarçanagyñ daşky paneliniñ syrçlarydygyny aýdýar. "Heniz bizde kristaly şular ýaly derejede işläp biljek tehnologiýa ýok" diýen Lawbin hususanam sebitden demir silikat tapandyklaryny we munuñ kosmosdan başga hiç ýerde ýokdugyny habar berýär. Lawbiniñ pikiriçe gapbarçanaklaryñ biri astreoid bilen çaknyşypdy. Şeýle-de, Ýuriý Lawbinuñ ýolbaşçylygynda işlänler Sibir jülgesinde gapbarçanagyñ galyndylaryny tapandygyklaryny mälim etdiler. Lawbin gapbarçanagyñ öz uçuş ugruny günbatardan gündogara tarap üýtgedendigini çak edýär. Lawbin Ýer togalagyna tarap gaýdan mähnet meteorit böleginiñ bir milliard tonna agramynyñ we onuñ adamzadyñ soñuna sogan ekip biljek derejede howply bolandygyny aýdýar. Hernä bu howpuñ öñüni ýere inmäge bary-ýogy 10 km galanda amala aşyrylan partlama bilen alnandygyny öñe sürýän rus alymy "adamzadyñ has ösen bir siwilizasiýa tarapyndan halas edilendigine ynanýaryn" diýýär. Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||