19:24 Garagumdaky "Dowzahyñ gapysy" | |
GARAGUMDAKY "DOWZAHYÑ GAPYSY"
Geň-taňsy wakalar
"Dowzahyñ gapysy" diýip atlandyrylýan bu täsin ýer 1970-nji ýylda sowet gaz burawçylarynyñ Garagum çölünde goýberen säwligi netijesinde emele geldi. Ol ýerdäki tebigy gaz känlerinden emele gelen hadysada buraw guýysynyñ içinden atylyp çykan tebigy gaz sowet gazçylary tarapyndan otlandy. Netijede ody şol wagtdan bäri sönmän gelýän otly çukur döredi. Aýtmaklaryna görä, 70-nji ýyllarda gaz gözleýji geologlar Derwezede ýeriñ çuñluklaryna inip, metan gazynyñ atylyp çykmagyna sebäp bolupdyrlar. Geologlar gorkudan ýaña tabynlygyndaky işçileri hem alman ol ýerden gaçmak bilen bolupdyr. Şondan soñ metan gazynyñ sebitdäki çopan-çoluklary we gezip ýören adamlary zäherlemezligi üçin çukury oda bermegi makul bilipdirler. Ot birnäçe hepdäniñ dowamynda söner öýdülipdir, emma rezerw şol günden bäri dynuwsyz lowlap ýanmagyny dowam edýär. Ol ýere "Dowzahyñ gapysy" diýilýär. Çünki otly çukura golaýlanlar özlerini dowzahyñ içinde ýaly duýýarlar. Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |