09:18 Daşa öwrülen şäher: Pompeý | |
HELÄK BOLAN KOWUMLAR ▶ DAŞA ÖWRÜLEN ŞÄHER: POMPEÝ Rim imperiýasy taryhyñ iñ soñky butparaz imperiýasydyr. Wezuwiý wulkanynyñ eteginde ýerleşen Pompeý şäheri rimli ýokary synply aristokratlaryñ, baý adamlaryñ keýpi-sapada, aýşy-eşretde dynç alyp ýaşaýan, bag-bakjaly, willalar bilen gurşalan üýtgeşik ýeridi. ■ Pompeý şäheriniñ üstüni kim açdy? 1700-nji ýylda tötänlik bilen bir daýhanyñ bir doñup galan jesediñ üstünden barmagy bilen bu ýerde birwagtlar bir şäheriñ bolandygyny bilip galýarlar. Ilkinji arheologiki gazyp agtaryşlar 1709-njy ýylda başlaýar. Uzak ýyllaryñ dowamynda alnyp barylan gazyp agtaryşlaryñ netijesinde, şäher doly diýen ýaly dikeldilýär. Öz döwrüniñ iñ ajaýyp binalary, ajaýyp sungat eserleri bilen dillere dessan bolan Pompeý şäheri Orta Ýer deñiziniñ kenarynda ýerleşip, aristokratlary, baý adamlary bilen birlikde birnäçe minutlaryñ domamynda küllere öwrülip gidipdir. ■ Pompeý şäheriniñ düýbi haçan tutuldy? Miladydan öñ 5000-nji ýyllarda gurulan bu şäher wulkan peläketine uçramazdan 159 ýyl öñ rimlileriñ eline geçipdi. Şäheriñ öñ tarapyny sekiz gapyly diwar gurşap alýardy we şäheriñ ortasynda forum ýerleşýärdi. Ol forumda wagşylygyñ her görnüşi görkezilermişin. Ol ýerde erkinligi elinden alynyp, gladiatorlara öwrülen gullaryñ biri biri bilen uruşmagyna, ýolbarslaryñ öñüne atylmagyna tomaşa edlýärdi. Şäheriñ iñ möhüm binalary bu meýdana bakdyrylyp gurulandy. Ol binalara ybadathana, gladiator ýatakhanasy, 2 sany teatr binasy, hammamlar girýärdi. ■ Pompeýiñ heläk bolmagyna näme sebäp boldy? Gazyp agtaryşlardan mälim bolşyna görä, şäher halky görlüp-eşdilmedik derejede baý ýaşapdyr, şäheriñ her künjünde ýörite jelephanalar we gaý klublar bolypdyr. Çünki duran-duran ýerinde ýekme-ýek ýa-da köpçülikleýin jynsy gatnaşyklarda bolup duran wagtlary doñup galan adamlaryñ jesetleri muña doly güwä geçýär. Azgynlyk bu jemgyýetde ýetjek derejesine ýetipdir. Rim imperatory Sezaryñ kiçijik ýaşly ýegeni bilen beçebazlyk gatnaşygynda bolmagy, hatda ol oglanjygyñ ejesi tarapyndan Sezara dabara bilen berilmegi bu azgynlygyñ näderejä ýetendigini görkezýär. ■ Pompeýlileriñ wulkanyñ atyljagyndan habarlary ýokmudy? Wezuwiý aristokratlaryñ willalary bilen gurşalan salkyn saýaly dag etek ýerdi. Aslynda wulkan atylmanka, bu aýylganç heläkçilige alyp barjak alamatlar berilipdi, ýagny Wezuwiý wulkany birinji hemlesini öñ urupdy. ■ Strabon heläkçiligiñ boljakdygyny öñünden duýupdy... Gadymy grek geografiýaçysy Strabon kraterleri doly derñäp bu ýerde haçanam bolsa birwagt ullakan heläkçiligiñ boljakdygyny duýupdy, emma ol bu barada hiç ýerde dil ýarmazlygy dogry hasap etdi. Strabon muny halka aýdanda-da hiç kim ynanmazdy, çünki pula, şan-şöhrata, keýpi-sapa gözi gapylan we azgynlygyñ ýoluna düşüp gäbi azan halkyñ barybir oña gulak asjak gümany ýokdy. Belki-de, milady ýyl hasaby bilen 62-nji ýylda ýüze çykan aýylganç zenzele bu gutulgysyz we pajygaly heläkçiligiñ buşlukçysydy. Ýer titremeler ýygy-ýygydan bolup durandygy sebäpli, Pompeý şäheriniñ ilaty dura-bara tebigy heläkçiliklere üns bermän başlady. Edil gurbaganyñ endamyna ýuwaş-ýuwaşdan ýylylyk aralaşyşy ýaly... ■ Heläkçiligiñ başy Wezuwide dumanlar göge galyp ugrandan, şäher halky bir uly partlamanyñ boljakdygyny duýdy we şäherden 600 metr uzaklykda ýerleşen deñiz portuna tarap ylgaşlap başladylar, emma duýdansyz turan we äpet deñiz tolkunlary edil wulkan bilen dilleşen ýaly hyryn-dykyn adamly gämileri yzyna, şäher diwarlarynyñ añyrsyndaky çyrpynyp ýatan gyzgyn lawalara bakan pylçap zyñýardy. ■ Asmandan gyzgyn çagyl ýagyp başlady... Asmandan çäge owuntygy ýaly gyzgyn çagyl ýagýardy we düşen ýerini gowrup-gaýnadyp barýardy. Wulkanyñ howany ýokary derejede gyzdyrmagy bilen ýalynly howadan dem alyp bilmän ýa-da zäherli gazlaryñ howa ýaýramagy bilen howadaky kislorodyñ karbonik gazlara öwrülmegi bilen adamlar dem alyp durkalaram ölýärdiler, adamlar şeýle bir aljyraññylyga düşdüler welin, näme etjegini bilmän Wezuwiý dagyna tarap ylganlaram bolupdy, çünki asmanyñ ýüzi gorkunç garañkylyga bürenipdi we hiç zady görmek mümkin däldi. Iki sagadyñ dowamynda şäher we 20.000 adam wulkanyñ gyzgyn lawalaryna gömlüp galdy, wulkanyñ hereketi iki güne çenli dowam etdi we şäheriñ üstüni doly örtdi. ■ Allanyñ azabymy ýa "hudaýlaryñ gazaby"? Bir zady bellemän geçmek mümkin däl, adamlar ölüp barýarkalar özleriniñ daşdan ýasan hudaýlaryndan medet isläp ýalbaranlary hem bolupdyr, muny daşdan ýasalan hudaýlara tarap barýarka ölüp galan ýa-da daş hudaýyñ öňünde dyza çöküp galan adamlaryñ jesetleri güwä geçýär. Özlerini Tañry hasap edip, garamaýagy özlerine çokundyran aristokratlaryñ hernäçe daş hudaýlara ynanýandygy ýa-da ynanmaýandygy belli dälem bolsa, olar agalyk ediji güýji üçin bu daş hudaýlara borçludy. Olaryñ janhowlyna eden ahy-nalalaryny özlerinden başga eşiden bolmady, bu öz taryhyndan habarsyz adamzat nesliniñ eýýäm näçenji gezek aldanyşydy. Iñ ýamany bolsa, bu öz-özüñi aldaýyş bilen aşyp bolmajak Allatarapyn jezany uzakdan ýa-da ýakyndan tomaşa edenler ýene-de öz-özüni aldaýardy we bu dramatik peläkede "tañrylaryñ gazaby" diýip oñaýjakdy. ■ Ejize ganymlykda ýewreýlerden peslär ýaly däldiler... Gadymy butparaz kowumlaryñ özlerine ugradylan pygamberleri öldürmek häsiýeti bardyr. Öz döwrüniñ iñ güýçli imperiýasy bolan paganist Rim imperiýasynyñ agalyk ediji güýçleri hem Isa pygamberiñ janyna kast etmäge synanyşypdylar, bu Pompeý şäheriniñ başyna gelenleri olaryñ azgynçylyklary bilen birlikde pygamberlere zulum edendikleri üçin berilen jeza diýip düşünsegem bolar. Hernäçe ýewreýleriñ pygamberlere kast etmek boýunça däbe öwrülen "taryhy endikleri" baram bolsa, Isa pygamberi öldürmäge synanyşan ýewreýler bilen deñ derejede zalym Rimliler hem bu jenaýatyñ şärikdeşidirler. ■ Edil Lut kowmy ýaly... 2000 ýyla golaý wagt ol ajaýyp willalar, bag-bakjalar, öýler el degrilmedik ýagdaýda galdy. Hatda alymlar ýañy peçde bişip duran çörege çenli tapdylar. Taryhçy alymlar bir diwaryñ ýüzünde Sodom we Gomorra diýen ýazgylary tapdylar, bu ýewreý gullary tarapyndan Pompeý şäheriniñ butparaz ilatynyñ edil Lut pygamberiñ kowmy ýaly azgyn durmuşda ýaşandyklaryny añlatmak üçin ýazylan bolmaly diýip çak edilýär. ■ Pompeý tragediýasy kinofilmde 2014-nji ýylda 2000 ýyl mundan ozal bolup geçen bu aýylganç katastrofany amerikan kinomatografiýaçylary surata düşürdiler. Bu jogapkärli işi kinorežissýor Paul W. S. Anderson boýnuna aldy. Film täzeçe usullarda, ýagny 3D formatda surata düşürildi. Gynansakda, bu taryhy kinofilmiñ ybrat beriji derslerine üns berilmän, tersine romantiki äheñ çaýylyp, Maýlo we Kassio atly ýaş juwanlaryñ özara söýgüsiniñ tragiki hekaýaty görnüşinde suratlandyrylypdyr. Şeýle-de bolsa "Pompeý" çeper filmi gadymy şäheriñ aýylganç wulkanyñ astynda çyrpynyp iñ soñky demde gyzgyn lawalara gömlüp galyşyny göz öñüñizde belli bir derejede janlandyrsa gerek. Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |