17:02 Dünýe haçan namart oldy?! / powest | |
DÜNÝE HAÇAN NAMART OLDY?!.
Powestler
Ýazyjy Agageldi Allanazarowa bagyşlanýar Garabil hem, Ýahbil hem, Ýellibil hem günorta tarap uzap etiň süňke bitişi ýaly, baryp Garly daglara sepleşip gidýär. Bi baýyrlaryň arasyna gelseň, Taňrynyň mähriban demi bilen gursagyňa salan jany, göýä kapasadaky bilbilgöýä ýaly pelesaň kakyp, daş çykjak bolup dyzaýar. Ýaşyl gyrtyç bolup asmana galyp barýan baýyrlar zenan synalaryna: omzuna, göwsüne, sagrysyna, biline çalym edip aklyňdan jyda düşürýär. Hanha, dereden düýn agşam ýagma keýpinden çykan lemmer-lemmer ak bulut dünýäniň dälije ýeline owsunyp barýar. Şeýle gözelligi döreden Allatagalanyň ynsany ýaradyp goýberen ýalňyşlygyna gyýylýarsyň! Öň goly gapanly gaplaň aranyny süýräp barýar: gan joralanyp topraga duşmançylygyň tohumy ýaly seçelenýär. Aran malalap ekip gelýär. Ýogsa gaplaň adama dostam däl, duşmanam, sebäp ol-a adam etini iýenok, adam hem gaplaň etini! Onda bi näme?! Görogly beg: «Tüpeň çykyp dünýä namart boldy» diýipdir, gaplaň ony bilenok, ýöne ol adam dünýäň namart bolandygyny, tebigatyň sazlaşygynyň elhenç bozulandygyny bilýär. Gaplaň gapany däl-de, agyr kysmatyny süýräp, dogup dörän tokaýlygyny nazarlap gelýär. Her kes ölüm müddeti golaýlanynda doglan ýerinde jan bermegi küýseýär, sebäp o ýerde oňa jan bermek ýeňil! Adamyň yzyny yzarlap gelýändigine gaplaňyň akly ýetýär. «Etjegiň edip indikiň näme diý!.. Geliber bakaly, gapyl ynsan, kasas kyýamata galýan däldir!». Ähli janly-jandar ýaly gaplaňam adamy halanok, çünki ynsan barypýatan mahluk: ne ys alyp bilýä, ne duýýar. Şagal ýaly porsy şagalam gaplaňyň ýatan tokaýyny bilýär-de aýlanypjyk geçýär, emma ynsan bilenok. Mahluk kemi ýok! Ne ýagyş, ne gar ýagjagyny, ne depesinden betbagtlyk abanjagyny, ne gorpa gitjegini biler. Akly diňe gözüniň görýänje zadyna ýeter! Zompa üstüňden geler-de, gorkusyna durandyr süňk-süýegini şakyrdadyp. Gözleri göz däl-de, iki damja gözýaşdyr, bir arlasaň damjak bolup durandyr. Emma sypdygy bir hilejik gurar! Päheý, namart diýse! Hawa-da, Taňry ony namart ýaratmajak bolsa, ýene iki aýagy gysganyp durmazdy, ile meňzeş edip goýbärdi. Haýwanat dünýäsi ynsany mahluk, gapyl hasaplaýar, çünki ynsanyň pikirlenişi örän ýönekeý! Arifmetika! Adamzat haýwanaty mahluk hasaplaýar, çünki ol haýwana berlen adatdan daşary akyldan mahrum! Ol ynsana hiç wagt mälim bolmajak kosmiki matematika! Gaplaň uzak ýöredi, alnynda endamyna ýaňy ýaşyllyk çaýylyp ugran ümürsin tokaýly Egrije göründi. Pendililer Murgap derýasyna Egrije diýýärler. Egrije diýseň Egrije! Mes gelin ýaly guýrugyny hä çepine, hä sagyna çaýkap, iki gumuň arasyna sygman dünýäde özünden gaýry zat bardyr öýtmän akyp ýatyr. Ýaşulular: «Murgaby dogrulasaň, dogry Hazar deňzine ýetýär» diýýärler. Ol ýeter, ýok ony ýetirerler, ony gönelderler, çünki ynsan göwnüne gelen işi edýär, aklyna aýlanyp hem buduna urýar… Gaplaň bir salym saklanyp mähriban tokaýyna nazar aýlady, tumşugyny talawladyp bahar howasyny ysgady, birden onuň burnuna agyr hem hapa ys urdy, ol ýaňadan howany ysgap lezzet aldy. Ol dem bilen onuň ýüregindäki sorkuldy zym-zyýat boldy, golundan joralanýan gan togtady, dowzah tupany turýan gursagyna ýaşaýyş ýeli çaýyldy. Ar almak hyrujyndan ýaňa gözleri jöwherlenip gitdi. «Gelýär, geliber bakaly! ». Gaplaň bir belent baýyrdan pese inen ýaly etdi-de, aşagy gar sary samanly çakyçlyga dolandy, sary reňkler garyşdy-da, gaplaň bilen ynsan garpyşdy!.. Güýç hem hile garpyşdy! * * * Garry Döwdalan bu ahwala garaşýardy, özem çak edişi ýaly boldy, Baýlym baý öňüne oba kethudasynam, hanynam, orsuň baýarynam salyp gelmedi. Diňe başdan aýaga ýaraglanan inisi bilen geldi. Ol baýyň salamynam, habarynam aldy. – Ganymy sorap geldim, aksakal! – Gaty gowy edipsiň. Ganyňy şüpille aljakmy ýa ata-baba dessur boýunça? – Şüpille! Gündiziň güni göz edilip ogly öldürilen Baýlym baý bilen inisiniň gözünden çilim otlabermelidi. Özlerine näçe erk etjek bolsalar-da, saňňyldaýandyklary, sesleriniň endireýändigi mesaňady. Goja Döwdalan: – Döwdalan bolsaň, çykyp hatara duruň! – diýip gygyrdy. – Ýerden ýöräniň!..—diýibem yzyna suňşurdy. Nämäniň nämediginden habarly döwdalanlaram, bihabar körpelerem, ýaňyja kesilen jüllüjeginiň kesmegi gopup ugranam hatara durdular. Aýal-ebtatlar gapydan boýnuny uzadyp bilmän, ýakalaryna tüýkürip, ýetişibildiklerinden Alla ýalbarýardylar. Garry Döwdalanam iň soňunda hataryň öňüne baryp durdy. – Baýlym baý, biziň dogma seniň dogmaň ganyna galypdyr. Ýaramaz iş edipdir. Gana gan ata-baba dessur, ynha, döwdalanlar seniň öňüňde biýarag durlar. Ganyňy al! Ýöne… yzynyň ýönesem bardyr! – O nämäniň ýönesi? – Bilmedikden bolma, baý! Sen ogluň metjide barýany üçin öldürilmändigini bilýäň-ä!.. Seň aryňy ýerine sal, ýöne soňundan, men märekäniň öňünde Guwan ýetimi gelniň öýüne girdirjekdigimem bilip goý!.. – Aksakal, gepe ýel berme, Guwan ýetimiň, gelnine girileni bilen bolan-goýan iş ýok! – Guwan ýetimdenem bolan-goýan zat bolmaz, ýöne şoňa çydamaly borsuň!.. Atyber indi, ýönäm şol… – Guwan ýetimiň aryny almak size galmandyr, onuň bilen köprüde götüňiziň galtaşan ýeri ýok! – Göt-pöt diýen boluberme! Ýetime, ýesire güýjümzorluk etseň, döwdalanlaryň ýetip gelýändigini sen unudan borly! Indi nämä dursuň!? Guwan ýetimli gürrüňiň yzynyň ýönesi oňa oglunyň ölüminden beter degmese, kem degmedi. Öýe düşenine bir ýylam bolmadyk maýaly-maňyzly gelniniň otagyna girilip barylýana dönen baý aljyrady, bir inisiniň ýüzüne, birem döwdalanlara seretdi. Inisem namysa çydap bilmän, ýere garady. Baýlym baý bilen inisi doňňara daş bolup esli duransoň, goja Döwdalan dillendi. – Baýlym baý, dünýede ölümden beter jeza-da bardyr görseň… Baýlym baý haşlap dem alanyny duýman galdy. Ol gözlerini ýumdy, çekge süňkleri tutgaýlyňky ýaly oýnap başlady. Birhaýukdan inisine seredip hyrra yzyna öwrülip gelen ýerine ýumlukdy, inisem onuň hereketlerini gaýtalady. Dünýäniň aladasyndan alysdaky gögele döwdalanlar hut öz babasynyň iki sany gelmişegiň öňünde tutuş neberelerini duruzanyna namys etdiler. Ýaňyja jüllüjegi kesilen kiçijik döwdalan bolsa, etegini galdyryp Baýlym baý dagynyň giden tarapyna bakyp çüwdürip ugrady. Düýp Döwdalan ardynjyrady, onsoň döwdalanlar işli-işine gönükdi, öýde aýallar haşlaşyp dem alyp Allalaryndan minnetdar boldular. * * * Gumuň astynda gyşdan zordan çykan gömülgen ýaly bir çalajan pikir beýniniň bir künjünde müňňüldedi, ol Ganlybaşyň iň soňky deminde edip ýetişen ahyrky pikiridi! «Namart ölmeli boldum-ow»… Ýene bir pikir beýnide ýandak odunyň uçguny ýaly yşyrajak boldy, emma başarmady. Endige görä, ol gözüni açjak boldy, o-da bolmady! Göwresi bolsa ýokdy, göwresi hakda düýbünden pikir hem ýokdy! Ganlybaş ölendigine diri mahaly ymykly göz ýetiripdi, ol gabryny sermeläp görmek isledi, emma göwräň gymyldysy barmy! «Ölen bolsam!.. Onda bi hümürdi näme, Heňkir-müňkürdir!..» Ol ýaňadan zulmat tününe garşy erksiz-ygtyýarsyz süýşüp gitdi… – Döwdalan, melamatyň ýüzi aňryk, indi munuň demine degilmez! – Pahaý, Ýalama, gepiň-gürrüňiň dagy näteňet! Bir gorra gaplaň bilen salam-helik etdim diýip ölüp gidibermeli bormy! Ýaradan ölenden Ýaradanyň ýaradany bolmaz! – Ýarasyndan öler diýýän ýok saňa! Gaplaňyň agzy päkize eken! – Gaplaň ýalamadyr-da, häli-şindi dodagyny ýalap, päkizeleýändir-dä! Zulmatdan yşyrap gelýän gudrat ýene onuň beýnisini yrap gördi! «Men haýsy dünýädekäm!? Ýagty ýalançyda bolsam gymyldardym». Ol gymyldajak boldy, emma tutuş göwresi kölçede buz bilen gatap galan balyk ýalydy. Birden ol özüniň hopugýanyny, dem alyp bilmän sojaýanyny duýdy, gyssanjyna urunmak isledi, göwresindäki sähelçe hereket onuň beýnisini ýer goduklan ýaly tisgindirdi! «Ölmändirin!» Begençden ýaňa kalbynyň bir ýerinden gözýaşa derek damarlar bilen gözüne awy süýşüp ugrady. Garryja enesini ýalňyz galdyryp ölüp gitmändigi hakydasyna gelip damagyna agy hykga doldy… Ganlybaş ümezli gözlerini açdy, zat saýgarmasa-da gözleriniň açylanyny saýgardy. Ol ukudan oýanandygyny ýa beýhuş bolup özüne gelendigini takyklajak boldy. Ganlybaşyň kepen öýdeni deridi, tebip iki sany uly öwejiň derisi bilen ony ykjam gundapdy… – Çöpi tükenmändir! Ajala dagy dözüp bolmajak nazarkerde ýigit eken! – Ýalama, biziň umytly ojaga diri gelen diri gitsin. Melhemiňi gysganma, bir gamyşgulak bedew serpaýyň bar! Bi Döwdalan atly gojanyň güňleç sesidi. Ganlybaşam çölde özüni bilmän ýatan mahaly şu gojanyň guly Şerip tapyp düýesine ýükläp getiripdi. Döwdalan ol gojanyň lakamydy, düýp Döwdalanyň oňa dakan ady Gerdandy, emma Gerdan adyny öz ýanynda heder edip tutaýmasalar, Pendi ilaty oňa Döwdalan diýerdiler. Tebip ýaly deň-duşlar-a onuň ýüzüne-de Döwdalan diýip bilýärdi. Gerdan aga-da ogullaryna öz ýanyndan iň gowy atlary saýlap-seçip dakypdy. Onuň üç aýalyndan jemi sekiz ogly bardy. Şajahan, Şagylyç, Şabasan, Şagelen, Şaberdi, Şamyrat, Şadurdy, iň körpejesi Şajyk… Emma barybir onuň ogullaryna-da döwdalanlar diýýärdiler. Şondan soň goja agtyklaryna at dakyp ber diýseler: «Aý, Döwdalan diýiberseňizlän, öňi-soňy olara-da Döwdalan diýerler», diýýärdi. Aslynda Döwdalan at goja-da akgasyndan geçipdi. Akgasy Sahyguly golça alamandan gelýärkä, gumda Albassa duşupmyş, Albassy bilen tutluşyp, onuň kellesinden bir penje saçyny ýolupmyş. Şondan soň Albassy onuň hyzmatynda gezipdir: hum getir diýse hum getiripdir, pul getir diýse pul. Ýöne Sahyguly golça öýden çykdygy, onuň gelnine kä derejeden, kä gapydan jyklap, «Saçymy beräý» diýip özelenip ýörmüş. Bizar peteňi çykan gelin ahyr Albassyň saçyny berip goýberipdir, şondan soň uzak ýaşaman Sahyguly golça ýeldirgäpdir. Döwdalanyň ogullaryna ene başga dogan diýer ýaly däl. Baýrajyň gaty bir synçy adamy bolmasa, Döwdalanyň haýsy oglunyň haýsy aýalyndandygyny bilýän hem ýokdy. Döwdalanam, ogullaram asla ony biljek hem bolanokdylar. Olar atasynyň ogludy, ata bolsa Gerdan Döwdalan!.. Ganlybaşy nämälim bir güýç ýaňadan ýagty ýalançydan dartyp, nämälimlige, tümlüge, gaýry bir dünýä dartyp ugrady. Ol uka batyp barýanynam, özünden gidip barýanynam, ajalyň holtumyna dolaşyp barýanynam aňşyrmady, ýoňsuz güýje tabyn boldy, her hal tebip onuň dadyna ýetişdi. Burnuna tutulan ýiti ys oglany asgyrtdy. Pallap jan gidermiş diýleni ýaly, gabaklary göterildi, gözleriň öňünden duman syrylyp, açylan gapydan dört künjek ýagty gudrat bolup ala gözler garap dur. Görülmedik gudrat onuň göwresine jan bolup girdi. Gyzyň gözlerinden çykýan yşyk onuň garaňky dünýäsine şugla saçdy, näzijekden endiräp çykýan ses onuň endamyna melhem bolup ýaýrap gitdi. – Baba, nahar çekelimi? – Owlagym, nahar-nowa syrkaw-sökele soralyp berilýändir. Getiriber, bokurdakdan ötjek zat bolsa getiriber. Garry babaň bi dünýäde ýygnap-ýygşyranyny halallap gitsin! Ganlybaş alasarmyk halda gyzyň gözlerinden gözüni zordan aýryp asmana dikdi, şol pursat ol özüniň ýer bilen asmanyň arasynda däl-de, iki dünýäniň arasynda gurlan leňkebut torunda hallan atyp durandygyny duýdy. Pagsa jaýyň ortarasynda Şahanyň Buharadan getiren demir pejinde ýylgyn ody gübürdäp dur. Ýalama lakamly Seýit tebip Ganlybaşyň daşyna oralan goýun derilerini emaý bilen aýryp ýaralaryny täzeläp, melhem ýapyşdyrdy. Ganlybaşyň endamy malgama derdi-yza el bilen aýrylan ýalydy, ýöne, ine, tebip ýaralary haýsydyr bir derman suw bilen ýuwup melhem ýapmaga başlanyndan, onuň göwresindäki yza ketegi çokjalanan ary ýaly hüwläp, ýüregine düşüp alyp barýardy. Asyl onuň endam-janynda ýara düşmedik ýeri ýok borly. – Haram gatan, daraklab-a bilipdir! – diýip, tebip gaplaňa käýindi, ýöne öz edip oturyşy gaplaňyňka gaýra dur diýdirýärdi. Ýatanyň jany bardyr öýtmän, jübtegi bilen ýaralary arkaýyn çokap otyr. Ganlybaş diş gysýardy. Her hal tebip ýarym sagat çemesinden soň ýaralary sarap boldy. Onýança Melewşe eli çäýnekli gapydan girdi. Gyz ýarata seretdi, seretmän biljek däldi, çünki bi eňegi nal ýaly berdaşly, görmegeý, ýüzi sary esgi ýaly ýigidiň hol düýpde görnýän ullakan gözlerinde bir jynssyz ýiti ýagtylyk görѕndi. Ol şeýle jynssyz ýagtyny mamasynyň gözünde-de görѕpdi, mamasy pahyr şondan üç günden soň ýagty jahan bilen hoşlaşypdy. «Bi pahyram ölѕp gidibirmikä?» diýen heder bilen ol ýaratynyň gözlerine ýaňadan seretdi, bar, şol jynssyz ýiti ýagty ýaratynyň içine çöküp giden gözlerinde bar. Melewşäniň ýüregi ynjap, agyryp gitdi… Agşamara Ganlybaş bijaý üşüdip başlady, sandyrap, galpyldap gidip barýar. Döwdalanyň agtygy, ýedi-sekiz ýaşly Janybeg tüsseledip aldygyna peje odun salýar. Tebip iki ýorganyň üstünden Döwdalanyň beren boldan tikilen possunynam ýapdy, gazandan Melewşäniň getirip beren duzuny halta salyp dabanlaryna goýdy. Ganlybaş bolup ýatyşyndan utanyp näderini bilenokdy ýer ýarylanokdy, ol girenokdy. Melewşe tebibiň demläp gel diýen gülşen otuny demläp getirdi. Sandyrap ýatan Ganlybaşyň gözi ýene bi yhlasly gyzyň jadyly nazarlaryna ýolukdy. Diş gysyp galpyldysyny galdyrdy. Gyzyň okara ýaly ala gözlerinden ýyldyrym çakyp, onuň gözlerinden endamyna täsin bir gyzgynlyk ýaýrap ugrady. Ganlybaş sekunt saýyn başga bir adama öwrülip barýardy. Melewşe öz-özünden uýalyp, ýaňaklaryny sabanyň aly ýaly gyzardyp, çykyp gitdi. Melewşe Döwdalanyň uly ogly Şajahanyň gyzydy. Ol bolanda Baýrajyň dilewarlary: – Ahaw, bi Döwdalanlaryň kalbyna-da adamçylyk aralaşypdyr, Şajahanyň hakyýt gyzy bolaýypdyr – diýişdiler. Düýp Döwdalan ähli neberesiniň içinden ala-böle Melewşäni gowy görerdi. Öz tohum-tijinde ýeke gyzlygy üçinem bolsa ahmal, ýöne Melewşäniň hyzmatynam goýaý. Ol gulpagyny tasadyp ugraly bäri, babasynyň çaý-suwuny özi getirip berýärdi. Babasyna bolsa diňe iýer-içer getirmek üçin dik duran biri gerekdi. Melewşäniň ýaş çagaly iň ýaş gelnejesi ýazlaga äkidilmändi, ol bir eli bäbekli uzak gün gazanyň başyndan aýrylyp bilmeýärdi, ýöne ony ýokuş hem görmeýärdi. Bolmalysy şeýledir öýderdi. Döwdalanlaryň işe ýarany ýazlaga gideli bäri Melewşe-de dokap oturan halysyndan düşüpdi. Baýraçlylar: – Bir Döwdalany bakanyňdan iki jüp öküzi bakanyň aňsat – diýip, ýönelige aýtmaýarlar. Tebip melhemli çaýdan içen Ganlybaşyň üstüni gowy basyryşdyryp, pejiň başyna bardy, çoýun pejiň agzyny açyp, kesewi bilen közlerini agzyna sürüşdirdi. – Ynha, myhman, dermanyň gowsuny indi ederin men saňa, nädersiň erte şumatlar tanapyňa towsup dursaň… – Ýagşy ýigit, tebip seni bi derdiňden açar, ýöne soň seni açylmaz bir derde-de ýolukdyr. Nädersiň obaňa süpük tirýeki bolup baraýsaň!.. Özi ýaly emeli eder bi seni… Pendiler tirýeki adama emeli adam diýýärler. Megerem, bi tirýeki adamyň diňe neşe bilen adam bolýandygy üçin diýilýän bolsa gerek! – Bäş-üç ýola çekeniň bilen tirýeki bolubermelimi!?. Ozalam bir neşebent: «Puly bolup neşe çekmeýän kişiniň, pulsuz bolup neşe çekjek bolýan kişiniň oglannam bir» diýip, tebip rowaýaty sögünji bilen aýdyp berdi. Ol pyçagyny alyp simini gazaşdyryp, oda saldy, üstüne köz çekişdirdi. – «Gurt ýarasyn ýalap gutar» diýip eşitdiňmi? – ol Ganlybaşa ýüzlendi. – Haýwanlaryň ýarasynyň emi tüýküligidir. Adamyňkam şeýle. Barmagyňa tiken batsa-da – eliňi agzyňa elteniňi duýman galarsyň. Tüýkülik örän dermandyr. Bi neşe diýeniň bolsa, ýylan çakanynda zäherini sorup Musa pygamberiň tüýküren ýerinden gögeren çöp ahyry. Myň dermanlygyny goýaý ýöne… – Ýene şuň ýaly iki tebibi bolsa Baýrajyň işi gaýtdy bil! Ganlybaşyň göwnüne bolmasa gapy däl-de, Jennetiň gabsasy açylyp, ondan Jennetiň perizady giren ýaly boldy. Ýöne bi gezek Melewşe Ganlybaşa tarap nazaryny hem aýlaman tebibiň ýanynda hum çäýnegi goýdy. Getiren matasy bilen basyrdy. Edil şol mahal ýaňy sesine labyz ýaýran jüýje horaz gygyrdy. Tebip: – Köşegim, eşidýämiň, şojagaz jüýje horazy belle. Ertir nesip bolsa, myhmana şorja çorba içirmeli bolar… – diýdi. Melewşe çalaja ýylgyryp çykyp gitdi. «Eý-ho, beýle-de bir ýylgyryş bor eken». Melewşäniň söz bilen beýan edip bolmajak ýylgyryşy Ganlybaşyň ýüregine derýanyň ýukajyk tolkuny ýaly çaýyldy. «Näme üçin ol bi gezek nazar hem aýlamady!? Ýa neşe çekenimi göräýdimikä?!» Melewşe ýaňadan girip uly mejimäniň üstünde deňje dört käselenen garrygyz gawuny getirip, gelşi ýalam çykyp gitdi. Ýaralarynyň yzasynyň deregine Ganlybaşyň ýüreginde sorkuldy başlady… Tebip: – Döwdalan üstüne kepek hem sepdiräýmeli ekeniň – diýdi… – Ahyr aşa düşüp Baýrajy ile peçan edersiň! – Ýogsa-da Döwdalan keselläp ölüpdir-ä diýip eşitmersiň! Gojalar gülüşdi. Jaýa gawunyň ýakymly ysy ýaýrady. – Gawun diýeniň asylam ýakymsyz zat. Ýyl aşanynyň-a ýüzüne köz degsin. – Hä, öz-ä ýakymsyzdyr bi! Tebip simine lokgalap goýnuň çöri ýaly tirýegini çekip bolýança Döwdalan hem bitin gawuny halallady. Bu mahal Ganlybaş yşkyň, neşäniň hem däri-dermanlaryň güýjünden alasarmyk halda ukynyň goýnuna bakan süýşüp barýardy… * * * Ganlybaşyň üstünden Döwdalanyň guly Şerip gul gabat gelip düýä ýükläp oba getiripdi. Şeribi Şajahana Buharadaky aşnasy Salamat baý peşgeş beripdi. Ene-atasynyň ýoklugyny, bazarda satyljak bolup durka dözmän satyn alandygyny, döwdalanlary elin görüp berýändigini aýdypdy. Şerip gara zähmet üçin dörän oglan bolup çykdy. Gijesini gündiz edip ylgady. Murty tabap ugransoňam ony Döwdalan guma, çoluk edip iberipdi. Şerip döwdalanlaryň ählisine akga diýip, garry Döwdalana ata diýýär. Asyl maşgala soň goşulana meňzeş däl. Öten ýyl garry Döwdalan: – Şerip han, ýigit çykdyň, adam bolduň, saňa öýlenmäge, bäş-üç ýyl bol-elin ýaşamaga pul bererler, sen indi azat, alla ýaryň bolsun – diýipdi. Şerip ör-gökden gelip: – Ata, atajan, men nirä gideýin? – diýip özelendi. – Şajahan kerwene goşar, ýurduňa aş, belki, dogan-garyndaşlaryňy taparsyň… – Ata, meniň ýurdumam ýok, enem-atamam, garyndaşymam… – Beý diýme, köşek… Her kesiň gumy alnan ýeri bardyr, ana adama şol ýerden eziz ýer ýokdur… – Ýok-ýok, ata men hiç ýere gitjek däl… Gaýrat ediň, meni kowmaň! Men sizden gidip nämiş edeýin? Nirä gideýin… ýok, ýok!!! – Sen gul, ýöne bütin ömrüňi gul bolup geçirip bolmaz! Sen git, hanym, öýlenersiň, illenersiň… Şerip gitmedi, dagy gul nirä gitsin!? Onuň barjak ýeri zynjyr, etjegi gulçulyk, iýjegi dürre. Ol başga hili durmuşy bilenok. Öňi-soňy gulçulyk etjek bolsaň, Döwdalanyňkydan amat ýer ýok. Garry Döwdalan ony ýük görenokdy, emma ýetişen guly gapyda saklamaly däldigini hem bilýärdi. Gul gul bolýardy. Pendiden öýlendireýin diýse-de, iliň gepinden gaçýardy, sebäp ýaşulular oňa «Gerdan, saryklary dürüşde edip çykjak sen, bes et!» diýipdi. Şerip şeýlelik bilen Döwdalanlaryň hyzmatynda gezip ýördi. «Gelin göwni ýelekde, guluň göwni melekde» diýlişi ýaly, Şerip gul hem Melewşä daşyndan aşykdy, Melewşäniň ýüzüne şindi bir gezek hem ine-gana bakyp görmedik hem bolsa aşykdy… * * * Niçe günläp basyrganyp ýatyp bilmeýän, gijäniň özündenem uzyn düýş görüp çykýan Bike eje Tokga mama düýşüni ýordurmaga gitjek boldy, ýöne ol haýsy birini ýordursyn: uzyn gijesi düýş, asyl gözüni ýumsa düýş ony toruna dolap alaýýar ahyry. Özem moşjuk düýş. Ol niçe günläp gara bermedik oglundan na dynçdy, ýüregi bir ýakymsyzlygy syzýardy. Ýogsa, oglunyň gelerin diýip giden müddetinden bir hepde – on gün geçirip gelýän halaty kän bolýardy, emma ene ýüreginiň beýle bikarar bolan gezegi ýadyna dѕşenok. Ol oturyp-turup karar tapmady. Ol ertirden bäri Allaly ussanyň dükanynyň ýanyna üýşüp duran adamlaryň içinde Amady hanyň bardygyny magat bilse-de, aýagy çekmändi. Ahyry ol özünden rüstem gelip, sary bürenjegini galgadyp Allaly ussanyň dükanyna garşy ugrady. Obanyň orta gürpünde ýerleşýän Allaly ussanyň dükanynyň öňi mydam bazardyr. Küşt bolsa güzeranyny unudýan göçgünli küştçiler iki tarap bolup ala gykylykdyr. «Ony göçde, muny göç!» Düzzümçilerem öz oýunlaryny küştden kem görmän «goşa düzzüme düşensiň han» diýip ala wagyrdyr. Allaly ussanyň bi ýagdaýa werziş aýaly uzak gün agtygyndan çaý ugradar, nahar bişende nahar eltdirer. Beýleräkde bolsa çagajyklar matal aýdyşyp otyr. Olaram iki topardyr. Aslynda tarap-tarap bolmak ynsanyň ganynda bar bolarly. Birinіi topar, matal aýtdy: – Enesi daşdan, Atasy dagdan, Bir peri gelýär Hünjüsi çygdan. Ikinіi topar matalyň іogaby hamana birden biriniň görejine ýazylan ýaly birek-birege bakyp, kelle döwüp ugradylar, emma matalyň jogaby tapdyrly däldi. – Janlymy, jansyz? – Janly diýseňem boljak, jansyz diýseňem… – Öýdeçimi-düzdeçi? – Düzdeçi… Ikinіi topar bilmedi. Birinji topardan ekabyrragy: – Bilmedik bolsaňyz ýurt beriň! – diýdi. – Bar Rumustan siziňki bolsun! – Ýok, Rumustanyň derkar däl, Hindistany berersiňiz! – Bujagaz pohly matala Hindistany berip bolmaz!.. Küştde-de, düzzüme-de goşulman, Allaly ussanyň agtygynyň getiren çaýyny öňüne alyp gaýtaryp oturan goja: – Päheý, öz ýurduny aldyran goňursy gullar, Rumustan gerek dälmiş size – diýip käýindi. Bu günki küşt hasam gyzykdy, çünki Jantaýdan Allaly ussa gyrkylyk buýrup giden üç-dört sany jantaýly bilen Amady dagy oba-oba bolup oýnaýardy. Myhmany hezzetläp ak çöp olara berlipdi. Myhmanlary hezzetläp, Amady han myhmanlaryň tarapyndan bolup Haşym hükgä lak atdy: – Haşym han, hany jantaýlarda it masgarasy bolşuňy gürrüň bersene! – Kellesi mähnet, göwresi kiçijik, ýagyrnysy hem arkasy örküçli hükgi: – Akga, sen meniň utan ýerimem aýtdyr-da – diýip, degilmese bagry gijäp barýan Haşym hezil etdi. Jantaýlardan gelen bir sada sary pyýada häliden bäri bi wäşi hükgini synlap otyrdy. Küşt bilmeýän hem bir zat etmeli ahyry. O bende dünýädäki betbagtlaryň barynyň meňzeş bolşy ýaly, taňrynyň hükgileriniň hem juda meňzeş bolýandygyny nirden bilsin. Hükgä lak atdy: bar weli görseň, aýna sereden ýaly bolarsyň – diýdi. Jantaýlynyň nyşana münenini bilen Haşym, tarsa dyzyna galdy: – O näme diýip Jantaýda bir hükgi bar?! – diýdi. Beýle soraga garaşmadyk sary pyýada äm-säm bolup, töweregine garady: – Jantaýdaky beýleki hükgini nätdiňiz? Hä? Öldürdiňizmi?! Akgam pahyr «Arkaýyn bol, Jantaýda iki doganyň bardyr!» diýýärdi. Hany onuň beýlekileri? – diýip, Haşym hükgi şerraýlyga urdy. Oturanlar gyzyl-gyran gülüşdiler. Sary pyýadanyň ýüzi gijilewük degen sygryň ýelni ýaly gyzardy. Jantaýlylar erbet boldy, ony syzan Amady myhmanlary oňaýsyz ýagdaýdan çykarjak bolup amat söz agtardy, edil şol mahal Bike ejäniň gelmesi kemem bolmady. – Gel, Bike eje – diýip, ol gürrüňem, gülkinem ýatyrdy. Gyzyl-gyran gülşenler ýeňlerine gözýaşlaryny sylyp, Bike ejä salam berdiler. Jantaýlaňam jany aram tapdy, her hal olar gyzyl pyýada alarylýardylar. – Amady, iniň Ganlybaşyň gapanyny alyp guma gidenine iki hepde bolup barýar, habar-hatyr ýok. – Pahaý, Bike ejemiňem bizowh bolup ýören zadyny… Bu wagt çöl diýeniň Behişt ahyry. Bu wagt çöle çykyp bir aýdan köwlenip bilseňem zor boldugyndyr. Dirikäň Jennet göreýin diýse, al meňem enemi ýanyňa, kejebeläp Ýahbile eltip gaýdaýyn. – Amady, diýseňem-ä ýüregim bir sowuk syzýa. Oglanlara bir aýlanyp gaýt diýseň näder? Gurt diýdi, guş diýdi… – Aýlanyp gaýdybiris, Bike eje. Ýöne Ganlybaşa gurt duşsa janyndan, gaplaň duşsa hamyndan dyndym bilsin. Tüweleme, ömri bolsun! Agyn Kuly akgam-da… Ýöne sen oňa göreşi goýduryp bikär etdiň. Ol Ýolöteni, Pendini baglajakdy. Elgaraz, Bike ejäniň göwnѕni giňeldip ugradyp, ýene oýun bilen boldular. Hawa-da, bi dünýede çynyň ýok çagy, dünýäň özi oýun bor eken! * * * – Inim, sen kim borsuň? – Adym-a Ganlybaş, özüm ýolötenli, gyzyllardan. Marydan gaýdylansoň akgam bir sebäbe ganlybaşlaryň arasyna göçüp barýar. Şolary hatyralap hem at dakypdyr pahyr maňa… – Gaplaňa nädip duşup ýörsüň? Düýp Döwdalan güldi: – Gum içinde gezseň dagy tebibe duşjakmy?! – soň ol ýarata ýüzlendi. – Ogul erkek adam üç ýola ajala uçrarmyş. Birinjisini, sag-aman başdan geçirdiň!.. Seniň tebibiň duşdy. Seýit ýalama tebipçilik edip ugrady bäri biziň Baýraja, Dädegula Ezraýyl aralaşyp bilýän däldir. Suhty diýýä, Söýünaly-bedeň diýýä, gidýä güm bolup… – Döwdalan, ahyr meň elimedem-ä düşersiň özi! Dünýäde iýer-içer gutarmasa, seniň eliňe dѕşmen. Döwdalan hezil edip ýaşajyk malyň, ýagny Ganlybaşy dolamak üçin soýlan mallaryň biriniň içýagyny iýip oturşyna rowaýat getirýärdi. – Bir zamanlar alamana giderdik. Üç käse ýag içersiň, onsoň üç günläp, suwam derkar däldir, nanam. Bäri-bärden urdumyşlap gaýtsaň senden ýeteni bilner, onsoň gidersiň saýryň jümmüşine. Oslanmajak ýerden oljalap götärsiň ökjäni. Ilde-günde-de seňki ýaly ýigidem, atam bardyr. Münerler söbügiňe. Duşundan geçen obaň jahyllaram atlanyp, walalaýlaşyp yzyňdan kowar. Ana, şonda duzlanyp logala edilen bir bölek ýagy çapyp barýan atyň agzyna tutdyrsyň weli, soň janawar ne ýadar, ne suwsar, ýöne ýeriň tanapyňy dartyp barýandyr. Ganlybaş her owasyna ýumruk sokaýmaly döwpisint goja: – Baba, gözüňe näm boldy? – diýip, heder bilen sorady. – Gelnaljy keseklände daş degdi – diýip Ýalama lah-lah güldi. Oňaýsyz halda galan Ganlybaş: – Näbileýin, mama-sama degäýdimikä diýdim – diýdi. – Pendä göçüp gelemizde garakçy köp bordy. Meýmenäniň bir özbek hany türkmen gözüne altyn pul goýan bolsa nätjek. Asyl ýöne üstümiz depeşek bolaýdy. Çölde çopany, gyrda kerweni goramak hyllalla! Bizem ýagyň daşyndan içi aman diýip gidýäs içine. Han näme kimiň gözi diýip saýgaryp durmy! Öz gözlerini özüne, sat-a! Görse, ilinde kör köpelip barýar. Muny Hyradyň hany eşidip onuň öz gözünem çekdirdi. Ýöne köp harapçylyk etdi-dä namyt… Biziňkem şonda… gitdi. Satýanyň göz bolsa, satýanyň garak bolsa, öz garagyň hem bir gün bazardan çykjak eken!.. – Göz bolmasa ýagty jahanda tagam ýokdur-la – diýip, Ganlybaş goja gynandy. – Baýguş Hudaýa aýdypdyr: «Ýazyňy gördüm, güýzüňi gördüm, tomsuňy gördüm, gyşyňy gördüm. Ýene görkezjek paslyň barmy ýa dünýäň bar bolup bilşi şümi?» diýenmiş. Inim dünýäde göräýmelisini gördük. Gözüm kör diýip ahmyrym ýok, ýöne ynha, ýamany atdan düşmeli boldy. Uly gürrüňdeşiňem Düldülätländen aňryk ätläp görmedik şu tebip. Ana ýamany, inim! Döwdalan içýagy galyň mele myssyk bugdaý nan bilen iýip bolup jamy gyra süýşürdi. Tebip: – Nahardan bolan bolsaň töwir et-dä! – diýdi. – Garyndaş, senem bir kyýama adam-ow! Sen näme meni molla diýip eşitdiňmi ýa ahunyň yzyna tirkeşip ýören sopuçylygymy gördüňmi? Her iýen-içenme töwir etjek bolsam, ertirden agşama doga sanap oturmaly bolmanmy men?! – Töwir etmek sogap-da… – Sogap bilen ýülünerden günä agyrdyr! * * * Gyýçak-gyýçak gara ýowuz daşlaryň arasynda gögeren näzijek çigildem güli (saryklar çigildeme melewşe diýýärler) Melewşe özüne näm bolýandygyny bilmedi: göwün pagsa jaýa, göwre başga ýana dartdy. Ser seretme diýdi, dideler seredenini duýman galdy. Al kakdymy, Hudaý urdumy – ol halyna düşünip bilmedi. Gözlerini açsa-da Ganlybaşy gördi, gözlerini ýumsa-da. Melewşe on ýedi ýaşan hem bolsa şindi yşk-söýgi barada kelamagyz söz edişip görmändi. Dessan diňlemäg-ä beýlede dursun, dünýäde yşga garşy ýowuz göreş alyp baran yslam dininiňem on dört aşyk-magşugyň yşgyny ykrar eden dessanlarynyň bardygynam bilenokdy. Ol hatda söýgüden söz açýan ertekem eşidip görmändi. Dagy pahyrjyk beýle ertekini nirden eşitsin?! Gara döw ýaly gulaklaryndan bir çogdam tüý çykyp duran gojadan eşitsinmi?! Baýraçlylaryň ýigitleriniň arasynda hem şindi oňa sawçy nazaryny ýollan ýigit ýokdy. Bolaýsa-da, ol nazarlary Döwdalanlar kellesi bilen sogrup taşlamaýarmy? Melewşe öýe syganok, hüwläp gidiberesi gelýär. Ýaratynyň ýatan jaýyna göwni bar-bar diýip dursa-da barmazlygy ýüregine bek düwdi. Heýem bir ýaş gyz myhmana seredermi! – Seredersiň! Söýgi diýilýän zat gaňryşyna gaýtdygyňça güýjeýär. Akyma garşy ýüzdügiňçe derýanyň göhi gelýär. Ol gündizini eýdip-beýdip geçirýär, bar-bar dert gijede bar! Ähli keselleriň gije beterleýşi ýaly yşk derdem güýjeýär. Ýakyp-ýandyryp barýar. Gara öýüň tüýnügine garasa, Ganlybaşyň keşbi ýylgyryp dur. Gözlerini ýumsa, onuň mylaýym sesi eşidilýär. Melewşe gul Şeribe öz ýanyndan gargap uka gidýär. Ýöne ol uky däl – ol gündiziň owadan dowamy! Düýş, yzyna düýş! Düýşde bolsa ol wakalar asla onuň özüne bagly däl!.. Iki-üç günden bäri pagsa jaýa nahar-çaýy jigisinden iberýän Melewşe nädip babasynyň jaýyna baranyny hem bilmedi. Ýatan ýaraty ýigide seretmerin diýdi, seretdi. Bu mahal goja Döwdalan ýaz hakynda gürrüň berýärdi. – Öten agşam ýeriň gursagyna köz atyldy, ota-çöpe rugsat berildi. Indi meýdanlar ýöne parç bolaýar… – Baba, saňa çaý getirdim. – Getir balajygym, getir – diýip, çäýnek almak üçin uzan gollary kersene degende gojanyň ýüregine çigrek şemal aralaşyp giden ýaly boldy. Melewşe hem çaý diýip uzadanynyň çaldygyny soň bilip galdy. Pagsa tamda yşk ody lowlap ýandy, ony ilkinji bolup sokur kör Döwdalan gördi… * * * dowamy we doly nusgasy ýakynda saýtymyzyñ kitaphanasynda... | |
|
√ Ene / powest - 13.01.2024 |
√ Guduzlan it / powest - 09.09.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Uspen halypa - 03.03.2024 |
√ Oñat oglan / powest - 06.08.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -3: powestiň dowamy - 04.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabat - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan. Çopanystan ýaýlasynda agşam - 03.07.2024 |
√ Baga bagşy -2: Keramat - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powest - 03.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -6: powestiň dowamy - 28.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |