01:41 Dürdäneler dünýäsine çakylyk | |
Berdinazar HUDAÝNAZAROW
Goşgular
▶ DÜRDÄNELER DÜNÝÄSINE ÇAKYLYK Bu dünýäde aýdylmadyk sözem ýok, Bu jahanda diýilmedik zadam ýok. Arman, bu eýýamda sözüň manysyn Tirip, çirtip bilýän kän bir adam ýok. Hasanaklap, nirä barýaň, eý adam, Alnyň, ýoluň açyk bolsun, hoş gördük. Salam bersem, "Näme?" diýip geň görýäň, Gözüňi aç, gursagyňy boş gördük. Ömri gäwüş bilen geçirer ýaly Durmuş beýle bimany däl, görýän men. Bu dünýäde Parasada gol bermän, Nädip ýaşap bolýanyna haýran men. Diýýärler gudraty güýçliniň özi Ýalançyny ýaradypdyr söz bilen. Sözüň gudratyny diňe duýmaly, Ol gudraty görüp bolmaz göz bilen. Ol dünýä-de ugradýarlar söz bilen, Başga hiç zat sözüň ornun tutanok. Kölegäňi kowup barýan eý bende, Näme üçin şuňa aklyň ýetenok?! Kiseler garypka, kalby baý eden Goşgulara, gazallara gurban men. Bu jahanda Pyragyny tanaman, Nädip ýaşap bolýanyna haýran men. Sözden ýasalypdyr beýik Kitaplar, Men olarda gudrat gördüm, güýç gördüm. ...Garnyň-a dolusa doludur welin, Eziz adam, göwnüňi-hä aç gördüm. * * * Endamyňa siňewersin iýýäniň, Gödek-gödek oýny bardyr dünýäniň. Bu ne apat: bir bigünä bendäniň Ömri köýýär ýalan gepiň üstünde. Bu mekandan bir gün gidersiň göçüp, Ýol aşyp bilmersiň ykbaldan gaçyp. Ynamdan, imandan, ynsapdan geçip Oda-köze düşmäň nepiň üstünde. Gatnawly ýollaryň bolmasyn harap, Ýöräňde-de ýöre astyňa garap, Sen hiňňillik uçjak bolma guwdurap Güne ýanan çüýrük ýüpüň üstünde. Çuňňur bolsun ynamyňyz, diniňiz, Undulmasyn ajap-ajap däbiňiz. Halal bolsun, sagdyn bolsun düýbüňiz Binýat tutulmasyn çöpüň üstünde.. * * * Ýylgyr adam, bu günüňe hoş bolup, Ýöräp bilýäň, uçup bilýäň guş bolup. Guwdurama Ýaradandan daş bolup - Gara daglar gagşar zora çydaman. Görüp dursuň, kalbyň welin duýanok, Sen akmysyň, garamysyň diýenok. Ýuwdup ýatyr, ýuwdup ýatyr - doýanok, Ýer çaýkanýar ahy-zara çydaman. Seret külli adamzady durşuna Bugdaý başy göterip dur gerşine. Tüp yssyda meňzäp erän gurşuna Ak çäge garalýar gora çydaman. Bagt diýilýän ynjyk närse ýatanda Burnuň ganar agzyň aşa ýetende, Keç ykballar gazabyna tutanda Bende eňrär Biribara çydaman. Düne porhan bolýar alaýazlarda, Gudrat gördüm ýönekeýje näzlerde. Göz, dokunan bereketli güýzlerde Şaha synar gyzyl nara çydaman. Gursagymda dyňzap dur bir monolog Pese beýik diýjek bolýan - bolanok. Çyn şahyrlar ajalyna ölenok, Ölýär olar namys-ara çydaman. * * * Ulumsylyk hiç kişini bezänok, Başarsaň birneme sada bolmaly. Ynsanlygyň şeýleräk bir şerti bar: Kasam-kasam, wada-wada bolmaly. Ömrüň menzilleri aňňat-aňňatdyr, Ýaşap bilseň ýagty jahan jennetdir. Her maşgala kiçijik bir döwletdir, Döwletde-de düzgün-kada bolmaly. Mähriban bol ilen-çalanlar bilen, Dosty-ýarlar, goňşy-golamlar bilen. Hat-da görnüp duran ýamanlar bilen Araňda inçejik ýoda bolmaly. Özüňi saklama il günden çetde. Ýapyşan işiňe gelmeli hötde. Haramydan gaça durup elbetde Bolup bilseň ýagşyzada bolmaly. Ýoluňda sataşar her hili waka, Seresap bolmaly, bolmaly mäkäm. Düş ataň egninden sakal basmankan, Özüň ata, kaka, däde bolmaly. Juda yza galmajak bol döwrüňden, Bihal bolma şahyrlaryň şygryndan. Görelde gözleme köçäň ugrundan Görelde bar bolsa öýde bolmaly. Kim gönüdir, kimiň öwrümi bardyr, Düregeý-düregeý ýugrumy bardyr. Her kişiň özüniň agramy bardyr, Kimler goçak däl-de maýda bolmaly. Munda ähli zadyň bardyr pillesi, Işläp dursun her kimiň öz kellesi. Gürrüňiň gysgasy, gepiň keltesi Garaz gowşak däl-de, pugta bolmaly. | |
|
√ Nebis / Goşgular - 06.06.2024 |
√ Söýüň çagaňyzy / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Patyşahym, sen geçirgil gerçe guldandyr hata / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Özümiñki däl eken / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Kakasy aýatda, çagasy ýetim... / Goşgular - 25.07.2024 |
√ Şygyr ýazylmaýar, dogrulýar ahyr / Goşgular - 16.09.2024 |
√ Ybraýym Ýusupdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Durmuş / Goşgular - 29.08.2024 |
√ Basyp giden yzlaryňdan / Goşgular - 02.09.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |