09:04 Durmuş / sonetler çemeni | |
DURMUŞ
Goşgular
Hormatly kitapçy.ru saýtyñ agzalary we halypalar! Mende birnäçe wagt bäri sonet ýazmak pikiri döredi, elbetde bu gülkünç (goşgyny doly düzgün ýazyp bilemok) ýöne şonda-da synanşaýyn diýdim, ondan öñki synanşygym başa barmady... Bu synanşygym näme bolsa-da ilkinjimden tapawutly( öz garaýşymça) indi bolsa siziñ bilen paýlaşasym geldi. Hökmany siziñ pikiriñiz, synyñyz maslahatly tankydyñyz zerur. Şol sanda teswirleriñize hökman garaşýan. (Şol wagtyñ özünde hemme saýtlarda paýlaşmaýyn diýip düýn başga saýtda bu gün bärä, erte ýene birinde paýlaşmagy makul bildim). I. Ynsan bolup doguldym men "Bu dünýä", Tomusuñ bir güni yssy Jöwza-da. Şondan bäri menem göreşip gelýän, Durmuşymyñ Arzuwna köwsarlap, Şemal ýelgininde, Pessaýdan ösüp, Doljak bolup, Ýarym ýarty göwnümi. Kä begenip, kä-te gam-gussa batyp, Ýyndam geçdi, ýyllaryñ ýaz öwrümi. Ýeleñ ýaşlyk, gör nähili hezillik?! Süsñäp möw:ç urýan şatlykdan doly, Al-ýaşyl düzlükler Ýatladýan häli, Ötüpdir ötegçi "Öýlänçi" ýaly. Görnetin görünýär çäksiz ölçegi, Indi bolsa ädim urýan geljege. II. Indi bolsa ädim urýan geljege, Ümdüzümi dikip barýaryn öñe. Kötel ýoluñ, hazynasyn köwçeläp, Şatlygymy garyp, deñ ýaryn guma. Serimde uwlaýar şagalmesligim, Paýlaşýaryn her ýetene şatlygym. Ynsanlygym edip päli pesligim, Seleñledip, gözgörtele ýaşlygym, Aldanyp, arzuwlap barýan salgyma, Çisñäp ýagýar, çagba bolup gussalar. Her gezek başymy süssem çal guma, Diýýän: "geçer, çarkandak yol gysgalar" Käte, bolsa umytlarym üzülýär, Öñim tümlik, duman bolup görünýär. III. Öñim tümlik, duman bolup görünýär. Apata iterýär her bir ädimim. Şat durmuşym gussa bilen ýumrulýar, Melgun bolýar, Melek diýen adamym. Entek gerdenime ýüklenmänkä ýük, Al-petimden aldy lütüm çykaryp, Serimi hoşladym al-şerap içip, Şeýtana berdim men, Durmuş jykyrym. Eleşan ebtimde süýräp kündämi, Ýere berip, öz başyma höwesim. Gumy gursagyma basdymda -dänin, Doldum susup, şatlygymyñ öwezin. Ýer bersem-de, ýan bermedim öljege... Meñzäp barýan, sal-sal Nä mälim jögä. IV. Meñzäp barýan, sal-sal Nä mälim jögä. Ýitip barýan kem-kem guma garylyp. Rowgatym gaçanda garaýan göge, "Allam ýardam et!, barýan gögerip". Reññim Asman boldy, roýum garaldy, Çal başymyñ selçeñledi saçlary. Düwnip durka ýüregimiñ damary, Üzdi, durmuşymyñ gyýçak daşlary. Hamsygyp aglaýan, çaklañja umyt, Tesseli bersede derdimi çekip, Bilenokdy nädip päklejegini, Garalan gussanyñ perdesin çitip. Gussalaram Durmuşymda gamgyn ol... Durmuşy meñzedýän, giden ymgyr çöl. V. Durmuşy meñzedýän, giden ymgyr çöl, Heýjana bürenen Lälezarlygyn, Wasp edip, aýdym aýt, isle sazyn çal. Gussam! Serhoş wagtym - Ala ýazlygym... Gorkyny, ürkini çykaryp ýatdan, Umyt gözläp indi gussalardanam. Gudrat isläpdimem men tebigatdan, Ýyldyrymyn çakyp, Asman agardan... Çägäniñ ýüzünde eglenmän siñen, Aýak basym yzgar beren nemdenem, Gara daşa dönüp, ýüregi doñan, Ertekileñ gahrymany "Döwdenem". Göwnüñ göterseñ bordy "Dag" bolup... ...Ýazyñ gurak gelse, akýar çägelik. VI. Ýazyñ gurak gelse, akýar çägelik, Her dänesin geçirersin eliñden. Degirmenden çykan un ýaly eläp, Sesiñ geçmez bäri, kiçi diliñden. Kanagat edersiñ, dymarsyñ çişip, Uludan- uludan alyp demiñi. Gözüñ gider özgä, -o nä üýtgeşik...? Göreniñde özüñ ýalyñ geñini. Täsinlikden, täsirlenip özgerer, Tezek togalaýan tomzaga meñzäp. Ah ilçilik, basym saña "göz deger", Höwesiñem gaçar gelsede dyñzap. Ýa-da gider onsañ gaýdyp gelmez ol! Sen teşne, A... Suwsanyñy bilmez ol! VII. Sen teşne, A... Suwsanyñy bilmez ol! Gal sen, "Gurruk guýy" ýaly gugaryp Isle Hum bol, Isle Meñze Zemzene, Gaýdyp gelmez, "Taksist" bolaý gygyryp. Tazyñy göýberip, yzyny yzlap, Arzuwyñ yzynda döredip umyt. Sergezdan bolarsyñ gije-gündizläp, Şükür ýene şükür dörediñ umyt. Kör hasasyn aldyrsada bir gezek, Sen bolsa aldyransyñ millionlap. Aldaw- boýña bukaw, ele bilezik, Şonda-da onuñ soñy million däl... Nirä gitjek? Galdyñ ýüpsüz baglanyp... Büdüreder, salgym bolup, bag bolup. VIII. Büdüreder, salgym bolup, bag bolup, Ganat baglap uçup ýören hyýalyñ. Beden barýar ýerden çaña garylyp, Notasyny basyp "Durmuş" roýalyñ. Asmanyñ ýüzünden tyg çeker uçar, Alyslara alyp gider "Kosmasyñ"... Awunan ýüregiñ, közleri öçer, Unudarsyñ dürre degen tagmasyn. Aý, bolsa-da? Çaga ýaly göwnüñ bar, Aldanara oýnawaç tapynar belki... Mekirligiñ suwun içip düwünmän, Ala-sarmyk hinli sadaja tilki. Olja gözläp, teşnelige uçurar... Gün depäñden naýzasyny geçirer. IX. Gün depäñden naýzasyny geçirer, Haly teñ, haly aç, bir mysgal tama, Talañ salyp, güýläge-de çukura, Zyñar durmuş hamana bir "Galtaman". Gylyjynyñ kütek ýüzün gütledip, Urar seniñ çaklanmajak ýeriñden. Suwasalma ýenjer, çykar düt-müdiñ, Süññüñe ornaşar, geçip teniñden. Bagtyñ çüwse, ýesirlikden boşan deý, Güler ömür ýylgyrmadyk ereniñ, Ýüwrükligiñ möjek gören towşan deý, Borjak bolar, gözläp tapan sümegiñ. Assa ýuwaş halyñ gojalyp barýar, Urgy bir tarapdan, teşnelik birýan. X. Urgy bir tarapdan, teşnelik birýan, Görejiñ kütelip, Akyl ýitelip, Jähegini çekip, keşdeläp barýañ, "Wah, näteñet giç geläýýär ýitilik". Ýiti bolanda-da agsak akylyñ, Ýene ýola geleñ edilmez säwlik. Añ girmez, ak sepse-de sakalyñ, Şol gözlegiñ edinere "Selärlik". Gaýgyñ näme? Näme üçin doguldyñ? Bu soragy telim gezek bersemem. Jogap gözläp, kütekligme gyýyldym, Eledim, netije bermedi serim. Mümkin, indi duýan ýaly öljegim, Barýaryn men, geçen ýolum ölçerip. XI. Barýaryn men, geçen ýolum ölçerip, Indi näme? Dogry, hiçden-giç ýagşy. Okünjim, ötünjim öl çöri iýip, Örtense-de, ýaza öwrenok gyşy. Hasylyny ýygyp, alaýyn diýsem, Miwelerin çöpläp Bolsadylarmyñ, Gowy eken "Serwi talyñ" baş egşem, Ýaşlykda, şadyýan sadalygymdan. Nebismi? Ýa ykbal etdimi nesip, Ýugrulmadym, ýygrylmadym, ýañradym. Montaź edäýsedim, lentasyn kesip, Düzetsedim, ýalñyşymy ýañadan. Indi gijem bolsa bir şuny bilýän, Ýowuz jöwza bişip, üşejek bolýan. XII. Ýowuz jöwza bişip, üşejek bolýan. Gaýtalap aýtýaryn "Durmuş" aýdymyn. Bir sada güýç bilen üýtgetjek bolýan, Dogry ýolda basan ýalñyş ädimim. Her niçik bolsa-da, oýanan ynsap, Hyruç alýar, gadam basýaryn öñe, Her ki zadyñ açan gülini ysgap, Nebis dolap alýar şol köne heñe. Agtarýan, gözleýän ýene bir zatlar, Tutanyma güýç ýok, galmady gurbat. Diliñe çykan söz ele añsat däl, Gördüm men şo halat täsin bir gudrat. Ýalan söz däl meniñ Gudraty görşüm, Öñe adim ätýän, emma şol durşum. XIII. Öñe adim ätýän, emma şol durşum, Ökje ogurlaýar, hereketlerim... Eý, Allam ýene-de etjek haýyşym! Çagajyklaryma bereket beriñ. Goý, Sabyr ber! Rahat bolsun kalplary, Ýükini çekere ber Akyl paýyn, Dogry bolsun, unutsynlar galplygy, Dileýärin bagtly bolsun Hudaýym! Ujypsyz şatlygyn hözirin görsün, Gaýgysynda uçganaklap gözleri, Şatlygyna bolan höwes döresin, Galanam nä, dowam eder özleri... Surnuksa-da, meniñ ömür ýoldaşym... Ümek çomak geçip barýar durmuşym. XIV. Ümek çomak geçip barýar durmuşym, Az güldürip, köp eñremäñ astyndan. Meselämiñ deñlemesin çözüşim, Deñ bir şatlyk müñ dert beren gussamdan. Alym bolmadym men Pyragy deýin, Ýa bolmadym kosmasada uçurman. Mysgal şatlygymyñ şygary, beýdi: -Bagtyñ gulpyn çyn gülkiler açarlar. Göz ýetirdim, bolup gözli şaýady, Durmuş doly şatlyk eken ynsanyñ. Ýoldaş bolsa, mertlik bilen gaýratyñ, Oýa bolsa ruhyhassa ynsabyñ. Eý, ykbalym! Muña Durmuş diýilýär. Ynsan bolup doguldym men "Bu dünýä" MAGISTRAL Ynsan bolup doguldym men "Bu dünýä" Indi bolsa ädim urýan geljege. Öñim tümlik, duman bolup görünýär, Meñzäp barýan, sal-sal Nä mälim jögä.. Durmuşy meñzedýän, giden ymgyr çöl, Ýazyñ gurak gelse, akýar çägelik, Sen teşne, A... Suwsanyñy bilmez ol! Büdüreder, salgym bolup, bag bolup. Gün depäñden naýzasyny geçirer Urgy bir tarapdan, teşnelik birýan, Barýaryn men, geçen ýolum ölçerip, Ýowuz jöwza bişip, üşejek bolýan. Öñe adim ätýän, emma şol durşum, Ümek çomak geçip barýar durmuşym. © Remezan MÄMETGURBANOW. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 18.06.2024 |
√ Yşk goşgusy / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Toba / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Däliden dogry habar / Goşgular - 14.09.2024 |
√ Bolsa eder / Goşgular - 21.05.2024 |
√ Ýene-de Stalin hakynda / Goşgular - 12.10.2024 |
√ Täze tuýuglar / Goşgular - 15.11.2024 |
√ «Ýene seni ýada salyp erikler...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Agyr meseläniň ýeňil çözgüdi / Goşgular - 23.05.2024 |
√ Ugrukdyrma / Goşgular - 07.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 9 | ||||||||||
| ||||||||||