22:16 Durmuş joş urýar | |
DURMUŞ JOŞ URÝAR
Goşgular
Durmuş öňküsi deý joş urýar, dogan, Durmuş – şemiň ody, bizem –perwana. Bilýän, dowam eder ol bizden soňam, Bizden soňam akar däli derýalar. Olar joşup akar, akar endigan, Käte hanasyndan daşmagam ahmal. Ýöne bizden soňam galar elmydam, Öňküsi deý Zemin, ýyldyzly Asman. Ýene müň ýyldanam Aý dogar gije, Aý astynda söýüşerler biz ýalak. Bizden soňam söýgi bolar, bagt bolar, Hem söýgüden dörär iň beýik şalyk. Daglarda çeşmeler şildiräp akyp, Baglarda ýaz-u-güýz bilbiller saýrar. Gijeler üçekde diňarkan ýatyp, Ýyldyzly Asmana galarlar haýran. Hemmä adyl şöhle saçýan Gün galar, Bark urar Zemine ysy gülleriň. Bizden soňky dogjaklaram geň galar, Şol gadymky gozgalaňna gullaryň. Ýyllar gaýtalanar pasyllar bilen, Durmuş durmaz – dowm eder ol soňam. Biziň kimdigmizi nesiller biler, Şoň üçin manyly ýaşaly, dogan. | |
|
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |