19:17 Durmuş we adamlar | |
DURMUŞ WE ADAMLAR
Hekaýalar
(Liriki oýlanmalar) ◆ Uly güýç - Hudaý barmy ýok?! O dünýäde ýaşaýyş barmy, ýok? Çözülmesi kyn hem añsat sowallar. Adamyñ teninden jany çykandan soñ, o jany Ruha öwrülip, öz ömrüni gumrulara berýän bolmaly. Ýogsa-da, şol bir gumrular, şol bir garlawaçlar biziñ howlularymyzda ýyllar dowamynda höwürtge ýasap oturmazdylar. Diýmek, olaryñ bize bir ýakynlygy bar. Ýa-da gezip ýören bir pişijegiñ, güjüjegiñ tötänleýin howlyña gelip ýaşamaga ymtylmagy köp zatlary añlatmaýarmy näme?... Uly güýç, megerem, gudratly güýçdür. Ol seniñ saýañam bolup biler. Seniñ her bir demiñde añuña, ruhuña goltgy berýän güýçdür. Seni agyr urgulardan, töhmetlerden, gybatlardan ürkmezek edýänem şol güýçdür. Eger-de, sen Alla tarapyn arassa hem günäsiz bolanyñda, seniñ üstüñden atylýan gara daşlar saña täsir etmez. Seniñ göwnüñe giñlik salar, sen göýä-ki uçup ýörensiñ. Eliñ uzadan ýeriñe ýeter. Seniñ ýollaryñ açykdyr. Weliligiñ derwezesine ýetersiñ. Ýöne syr-syrlygyna galmalydyr. ◆ Gybat Gybat ~ süñksüz diliñ ~ aýdyjynyñ dünýäsiniñ erbetlikde ýetenje derejesidir. Ol gybatdan lezzet almaýan bolsa, özüniñ ähli taraplaýyn düzüw adamlygyna düşünerdi... Emma-ki, harsydünýä, şermende hem şerraý kişiler gybatyñ öýjügidir. Olaryñ endam-jany görübilmezçilikden, göriplikden, ogrulykdan doludyr. Özlerini ýigrenýän betgelşik, Tañry tarapyndan mahluk edilip bu dünýä gelen iki aýakly mahluklar özleriniñ hiç kimdiklerini bilip, hakyky ynsanlaryñ üstünden gülüp başlaýarlar. Olar ölenden soñ hem alahekege öwrülýärler, adam pahyryñ şo-ol depesinde jakyrdap ýören alahekek şol töhmetçi-şermendeleriñ ruhy bolmagy mümkin. ◆ Biperwaýlyk Biperwaýlyk ~ sadalyk däl, ol baryp ýatan nalajedeýinlikdir, gömüklikdir, ýaltalykdyr. Bu panydan san bolup geçmeklikden Allanyñ özi saklasyn. ◆ Häsiýet Her tüýsli häsiýet bar. Ýöne, hiç wagt Adamynyñ zandy häsiýetini hiç kim üýtgedip bilmez hem bilmeýär. Onuñ "gurşuny" şeýle guýlan diýenleri-dä. Arassa, päk, ruhubelent, özdiýenli, giñ düşünjeli, ýokary medeniýetli ynsanlarda çagañky ýaly ynanjañlyk, päklik, sadalyk bolýandyr. Ynha, şeýle adamlar beýikdirler. Jahansoltan PIRIÝEWA. | |
|
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||