13:05 Durmuşa garaýyş hakynda... | |
Durmuşa garaýyş hakynda nesihatly hekaýa
Edebi makalalar
Bir garybyň aýaly ýag taýýarlaýan eken. Äri bolsa, ýagy ýerli dükana satmaga beripdir. Aýalyň taýýarlaýan ýagy tegelek bolup, agramy 1 kilograma deň eken. Ýagdan girýän girdeji maşgalanyň oňşugyny aýlamaga ýardam edipdir. Bir gezek dükançy bu garyp maşgalanyň halaldygyna güman edipdir-de tegelek ýagy ölçäp görüpdir. Görse, ol ýag tegelekleriniň hersi 1 kilogram däl-de, 900 grama deň eken. Muňa dükançynyň diýseň gahary gelipdir. Ertesi gün şol garyp ýene-de ýag satmak üçin dükanyň gapysyndan ätläpdir. Şol wagt dükançy gaharly sesi bilen: ─ Sen ýalançy ekeniň, indi maňa ýag getirme, barybyr senden hiç zat satyn almaryn,! Maňa her tegelegiň agramy 1 kilogramdyr diýdiň, olar 900 gram eken. Men saňa özümi aldatmaryn ─ diýipdir. Garyp bolsa oňa naýynjar garap: ─ Hojaýyn, biziň terezimiz ýok. Hemişe ölçeg daşy hökmünde sizden satyn alan 1 kilogram şekerimizi ulandyk. Ýag tegeleklerini şol şekeriň agramy bilen ölçedik─ diýipdir. Terjime eden: Goçmyrat Orazberdiýew, žurnalist. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |