02:39

"Durzulan" Durowyñ heläkçiligini gutlamalymy?

Publisistika
Категория: Publisistika | Просмотров: 318 | Добавил: Gökböri | Теги: Maýis Alizade | Рейтинг: 2.3/3
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 5
0
1 hanturebs  
755
Telegram "kanal" däl. Telegram – bu howpsuz we anonim habarlaşmak üçin ulanylýan programma. Ol şahsy ssenariýalar üçin maglumatlary şifrleýän we köpçülikleýin habarlaşmak üçin ulanylýan sosial media platformasy. Şeýle hem, "Telegram kanaly" diýilýän zatlar, aslynda, Telegramyň içinde döredilýän, bir tarapdan köp adam bilen habarlaşmaga mümkinçilik berýän gurallar, meselem, habarlar ýa-da maglumatlar paýlaşmak üçin ulanylýan umumy maglumat akymlarydyr.
Telegram kanal – bu bir adam ýa-da topar tarapyndan dolandyrylýan we köpçülige belli bir mazmuny paýlaşmak üçin ulanylýan aýratynlykdyr. Kanalda ýazylan zatlar diňe adminler tarapyndan paýlaşylyp bilner, agzalar diňe okap bilerler.

0
2 Gökböri  
136
Bellikleñ üçin sag bol, dogry aýdýan bolmagyñam ahmal...
Emma gürrüñ başga zat barada barýar.
Aýdýanlaryñ täzelik däl. Men sözme-söz terjime etdim, "Telegram" diýlende, eýýäm munuñ içine kanalam, şahsy hat-habar alşylýan platformasy-da girýär!

0
3 studentmoskva65  
1659
Russiyada telegramm yapylypdyr :(

0
5 Moderator  
1471
Durowyñ tussag edilen wagtynyñ Prigožiniñ heläkçilige uçran senesine deñ gelşi täsin. Tötänlik diýäýmesek...
Bu oýun biziñ çakymyzdan has uly, has çylşyrymlymyka diýýärin. "Telegram" ýapylmasa gerek. Ýapylmaly-da däl. Meniñ pikirimçe ýewropaly aktýorlar onuñ howpsuzlygyny aradan aýryp, ygtybarlylygyny pese gaçyrmak we agzalaryny azaltmak islenýär. "Telegramy" gysyp, ýewropa messenjerlerine giñräk ýol açjak bolunýar.
Şu ýerde ýene-de Günbataryñ ikiýüzliligi, kezzaplygy ýüze çykýar duruberýär.
Dogry, çäklendirilmedik erkinlikleriñ barlygy olaryñ elinde "Telegramyñ" hojaýynyny gorkuzmaga, gysmaga, garşysyna iş gozgatmaga ýeterlik kompramatlary topladandyram.
Demokratiýa, adam hukuklary, söz azatlygy ara düşende özgä ýeñ bermeýän Günbatar öz ulanyjylaryny dar çalşyga, dar ramka salmaýan, Youtube ýaly üstüñden häkimlik etjek bolmaýan "Telegramyñ" agzalary 1 milliarddan geçdi welin, oda-köze düşüp başladylar.
Youtube hiç bir sebäpsiz agzasy 40-50 müñden geçen kanallary ýapyp goýberýär. Şular ýaly göz-görtele edilýän bidüzgünçilikler adamlary sosial mediýada alternatiw kanallary gözlemäge iterýär. Bulam elbetde, günbatarly ketdeleriñ jyzzygyna degýär. Nämüçin Orsyýetden çykan biri olaryñ elinden 1 milliard agzany gañryp almaly? Bir zatlar etmeseler, 2 milliarda ýetjek, belkäm ondanam geçmegi ahmal. A bu ýewreýlere we anglo-saksonlara bolsa, şol agzalaryñ üsti bilen gazanylýan pullaryñ öz jübülerine girmegi gerek. Şonuñ üçinem Durowyñ garşysyna Makron ýaly puldarlaryñ elinde oýunjaga öwrülen oýunçylary sürdüler. Bu häsiýetlendirmäni diñe Makrona däl, günbatarly liderleriñ hemmesine berip bileris. Germaniýanyñam ýagdaýy şondan gowy däl. Ýakynda türkmen žurnalisti Esedulla Oguzyñ Germaniýanyñ syýasy ýagdaýy boýunça ýazan soñky makalasyny okansyñyz. Diýseñ ýerlikli bellikler edilipdir. Onuñ köp pikirlerini oñlamasam-da, edil şu makalasynda öñe sürlen pikirler bilen harpma-harp ylalaşdym.
Germaniýanyñ liderleri Makronyñam çeni-çaky däl bolaýmasa. Sosial mediýada ýagdaýa belet žurnalistleriñ makalalarynda güwä geçilmegine görä, nemesleriñ "Telegramyñ" garşysyna alyp barýan syýasaty aýdar-diýer ýaly dälmiş.
Ine, Günbataryñ "demokratiýasy", söz "azatlygy"!
Bularyñ bar öñe sürýän demokratik ideýalary özleri üçin. Biziñ üçin, ruslar üçin, ýa başgalar üçin däl. Ruslara gezek gelende hakyky hapa ýüzüni görkezýän Günbatar Durowy tussag astyna almak bilen Ukraina urşundan bäri eýýäm näçilenji gezek özüniñ kimdigini bildirip, dünýä halklarynyñ öñünde masgaraçylykly ýagdaýa düşdi. Russiýany Ukrainada parahat ilaty gyrýar bahanasy bilen ýakynda Parižde geçen Olimpiýa oýunlarynda rus türgenleri bilen Gazada aglabasy çagalardan we aýallardan bolan kyrk müñden agdyk parahat ilaty gyran Ysraýylyñ türgenlerine eden ikiýüzliligini agzabam durjak däl.
Dünýä halklary ABŞ-nyñ we onuñ "Troýa aty" Günbataryñ agzyna garamaga, olaryñ medeniýetini, ýaşaýyş-durmuş formasyny özüne çelgi edinmäge borçly däl. Her ýurduñ, her bir halkyñ medeniýeti-de ýeterlik derejede baý, öz ykbalyny özi kesgitläp we öz azatlygyny gazanyp biljek derejede ukyby-da bar, zehinli ogullary-da bar. Bolmalysy-da şeýle. Başgaça bolanda betbagtçylykdan başga görjek zadyñ bolmaz. Kese ýerli "demokratiýa täjirleriniñ" ýurduña hezillik getirmeýändigi Yrak, Siriýa, Liwiýa, Owganystan mysallarynda göre-göre gelinýär.

0
4 Ependi  
284
Durow men-ä Putini görmek üçin barandyr öýdemok. Ýöne, Peskow bilen görüşmäge barandyryn öýdüp çaklaýan. Peskow bolsa syrly adam, informasiýa almak gaty kyn. Ikisem kärdeşräk.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]