13:04 Düşün, maňa-da! | |
DÜŞÜN, MAŇA-DA!
Goşgular
Nätanyş duýgular, nätanyş pikir, Maňa näme bolýar, (özümem haýran). Saňa tarap duýgy güýjeýär her gün, Indi şol duýgulaň yzyndan barýan. Hemme bilen gatnaşyk bar-adaty, Seniň bilenem üýtgeşik hal bolýan. Öňem-ä gepe çeper däldim welin, Saňa gezek gelýär, menem lal bolýan. Şeýdip gezip ýörün, içim hümledip, Duýgularmy çykarmaga gorky bar. Seniň ýüregiň bar, näzik hem ajap, Ony ynjytmaga kimiň erki bar?! Ynjytmak islämok, ýöne çydamok, Aýtmazlyk bolmasyn barja aladam. Seni söýdüm! (aýtman durup bilemok), Düşün, maňa-da! Ylham GURBANALYÝEW. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |