12:35 Düýäniñ örküjinde gan we öç! | |
DÜÝÄNIÑ ÖRKÜJINDE GAN we ÖÇ!
Publisistika
Duýdansyz ýagan güýçli ýagyş daş-töweregi basypdyr. Suw böwedinden aşyp, tokaýy gaplap alypdyr. Gurbagalar bir ýere üýşüp, kiçijik adajyga özlerini atypdyrlar. Sil suwunyñ içinde galan düýe bir aýagy bilen ada özüni atmak isläpdir. Ol gurbagalardan rugsat sorapdyr: "Bir aýaklyk ýer berseñiz bolýar. Bir aýagymda duraryn. Gurbagalar!" Bolýar diýipdirler. Biraz wagt geçipdir. Düýe: "Bir aýagymda durup ýadadym. Çep aýagymam ataýyn-la" diýipdir. Gurbagalar "çekinme..." diýipdir. Bir sagat geçipdir. Düye: "Gadyrly gurbaga dostlarym, adañyza çyksam, dört aýagym bilen dik dursam maña nähili gowy boljak. Hem size örküç bolaryn. Ýagyşdan, ýelden-ýagmyrdan goraryn" diýip, ýagşylyk, doganlyk, dostluk, parahatçylyk, raýdaşlyk, demokratiýa, liberalizm, erkin bazar, bilelikde ýaşamak tekliplerini girizipdir. Gurbagalar ony el çarpyp garşylapdyr, ýer açyp beripdir. Şeýdibem düýe adajykda dört aýagynyñ üstüne ýerleşipdir. Ol gurbagalara saýawan bolupdyr. Gurbagalar düýäniñ örküjinde özleri düýe sanypdyrlar. Belli bir wagtdan soñ düýe: "Men-ä ýadadym, oturjak. Siz çöle gidiñ!" diýipdir. * * * Ysraýylyñ birinji diýýän zady: - Hiç kim meniñ edýän işime goşulmasyn. Men Gazäni basyp aljak. "Hamasy" ýok etjek. Palestinalylary çöle kowjak. Müsür olary kabul etsin. Çöle ýerleşdirsin. Gaza meñki bolsun. Kartany üýtgetjek. Hiç kime-de hasap berme niýetim ýok. * * * ABŞ-nyñ birinji diýýän zady: - Ysraýyly men goraýan. Biriñiz gyýa göz bilen seretmäge het etmesin. Awianosesimi ýolladym. Gazäni enesinden dogmadyk ýaly eder. Kim Ysraýyla batyrynsa, elini döwerin. Ysraýyl islänini etsin. Palestinalylary kowsun. Hiç kime-de hasap bermesin. * * * Eýranyñ birinji diýýän zady: - ABŞ şeýtandyr. Ar alynmaly. Palestinada "Hamasyñ", Liwanda "Hizbullahyñ", Siriýada şaýy milisiýa otrýadlarynyñ, Ýemende Husileriñ, Yrakda "Haşti Şabiniñ" ýanyndadyryn. Olar Eýranyñ hasabyna uruşýan wekilçilikli güýclerimdir, Ysraýylyñ duşmanydyrlar we menem olaryñ arkasyndadyryn. * * * Türkiýäniñ birinji diýýän zady: Dessine atyşyklar bes edilsin. Iki döwletli çözgüt. Kömek etmegiñ meýilnamasyny işläp düzeris. Göçürme işlerini hem özümiz ederis. * * * Musulmanlar (araplar) iudeýleriñ (jöhitler) arasynda ilkibaşda müñ ýylyñ dowamynda taryha giren uruş, çaknyşyk, garpyşyk bolmady. Iki tarapyñ arasynda uruş hasap edip boljak ilkinji uly çaknyşyk basybalyjylyk döwrüniñ başlamagy bilen uç berdi. Düýe ilki bir aýagyny, soñ dört aýagyny atdy. Sebiti örküjine aldy. "Hamasçylar", milisiýa otrýadlary, husiler, "Haşti Şabi", "YŞYD", "El-Kaide", "Eş-Şebab", "Boko-Haram", "Yslam jihady" bileleşigi, "Ensar Eş-Şeria", "Selefi wagyz", "El-Nusra", "Ebu-Seýýaf", "Hizb-ut Tahrir" we beýlekiler düýäniñ örküjinden (ýagyşdan, günden, ýelden, sowukdan pena, çet we goragly ýer) guruldylar, peýda boldular, ulaldylar. Bu topraklara çaknyşyk, gan, gözýaş, ölüm, öç girdi. Ýakyn Gündogar heläkçiligiñ, weýrançylygyñ, gyrgynçylygyñ, wagşyýanalygyñ mesgeni boldy. Ysraýylyñ Goranmak ministri Ýoaw Gallant ABŞ-nyñ Daşary işler ministri Antoni Blinkeniñ hem gatnaşan harby mejlisinde: "Bu uruş uzaga çeker we gymmada düşer, emma ahyrynda biz ýeñeris. Ortaýer deñzinde pasyrdaýan amerikan baýdagynyñ nämäni añladýandygyny hemmeler gowy bilýär" diýdi. Gazä seretseñizläñ: Günbatar medeniýetiniñ we onuñ emele gelmegine lokomotiwlik eden Gündogar medeniýetiniñ wyždanynda zerre ýaly hem öñe gidişlik bolmandygy ýüze çykdy. * * * Putiniñ Ukrainada etmedigini Baýden Eýranda etjek bolýar! Şemal ABŞ-nyñ Eýranda hökümeti agdarmagyñ we ABŞ-nyñ ýaranlygyny etjek hökümeti oturtmagyñ ugry bilen öwüsýär. Putin muny Ukrainada synap görüpdi. Wladimir Zelenskiniñ häkimiýetini bir hepdäniñ içinde agdaryp, ýerine Moskwanyñ tarapyny tutýan häkimiýeti oturtmagyñ hasabyny edipdi. Häzirlikçe hasap tutmady. Edil şonuñ ýaly ABŞ muny Eýranda synap görjege meñzeýär. Amerikan we iñlis mediýasy: "Eýranda režimi üýtgetmezden "Hamasy" doly ýok etmek mümkin däl" diýip ýazýarlar. Nejati DOGRU. "SÖZCÜ" gazeti, 20.10.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |