20:53 Düýe ogurlan syçan hakynda hekaýat | |
Düýe ogurlan syçan hakynda hekaýat
Goşgular
Bir Syçanyñ dişläp Düýäñ owsaryn, Yzyna düşürip barşyny görüñ. Özünden göwni hoş, aýdymjyk aýdyp, Barýar ol dag ýaly Düýäni idip. Saýýar ol özüni Düýäñ deñinde... Birden derýa çykdy bulañ öñünden. Tegelendi Syçanyñ gözleri, Düýe oña garap, şeýle sözledi: "Birden ýeliñ ýatmagynyñ sebäbin Bileli, gadyrdan, et bize mälim?" Syçanjyk seslindi: "Bu äpet derýa Görýäñ-ä, çyrpynyp, yñdarlyp barýa. Munuñ düýpsüz bolaýmagam ähtimal, Şoñ üçin göwnüme getirdim melal". "Bar gorkyñ şol bolsa seniñ eger-de, Barlap göräýeris suwa girer-de. Görnüşi hernäçe joşly bolsa-da, Akymynyñ bady güýçli bolsa-da, Beýle çuñ däl eken, boldy dyzymdan, Gorkup durma, giräý senem yzymdan". Diýip, Düýe Syçanjyga gygyrdy, Suwuñ ortasynda abşarlyp durdy. "Meniñ aşyk ýaly müçäme bakman, Diýýän sözlerini gör-ä bu pekgäñ. Seniñ boýuñ nire, meñ boýum nire? Orän tapawutly gardaş, bu ara..." Naýynjar eşdildi Syçanyñ sesi, Muña äpet Düýäñ tutdy gülküsi. "Ýap-ýañja-da ýaman gabarýardyñ-la, Indi meniñ diýjek sözümi diñle. Deñ däldir hiç wagt çynardyr hyşa, Senem mundan beýläk öz deñiñ gaşa. Başyñ goşsañ başarmajak işiñe, Ryswa bolup, kakdyrarsyñ dişiñe". "Günämi geç" diýip, dillendi Syçan, "Ö çakym tanaman şu pursata çen, Müçäm kiçem bolsa, çişdim, gabardym, Ine, indem üstüme howp abandy. Kömek edäýmeseñ, meñ halym harap, Howpdan sypyp bilmen öz başym çarap". "Ýeri, bolýaa, señ bilen deñ bolmaýyn, Men mydam ejize goldawa taýyn. Meniñ kömegime mätäç sen bu gün, Gel, hany, ýarmaş-da örküjime mün. Suwdan geçireýin kimdigñe bakman, Sen ýalyñ müñüsem meñ üçin ýük däl!". | |
|
√ Быть блондинкой... / Goşgular - 26.07.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ýolma guşuñ ganatyn / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Я блондинка / Goşgular - 26.07.2024 |
√ Pelek / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Söýer ýaly / Goşgular - 21.10.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Şol işandan / Goşgular - 12.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |