12:17 Duýgy damjalary | |
DUÝGY DAMJALARY
Goşgular
Duşuşypdyk gapdalynda aptegiň. Degşip maňa: hassa bolduňmy diýýäň. Ýa-da şonda çynyňmydy, Yşgyňda hassa ýörenimi duýupmydyň ýa? *** Biragyz gepleşmän gelýäs ikimiz, Diýýänsiň içiňden maňa lal açan. Sözläre söz ýokdy, Minnetdardym men, Maňa ýoldaş bolduň şunça ýol çen. *** Ol gyz meni oýnajakmyş. Aýtdylar. Saçynyň on sany taryna baglap. Ýylgyrdym. Baglasyn birje taryna. Bir ýa iki diýip durmaryn sanap. *** Aglasaň aglaýyn, gülseň güleýin, Misli men ýüz görýän aýnaň bolaýyn. Ýöne sen meni döwmejek bol ýar, Men ömür görmäýin ynjap, gyýlanyň... *** Gyş. Garly gün. Taşlap gitdiň. Galdym. Agaja öwrülip, yzyňdan garap. Indem durun. Bahar gelse görerler, Agaç ýaly galandygymy gurap. Sylapberdi MUHAMOW. 20.07.2023. Moskwa, Klin, Maýdanowa. | |
|
√ Jojak zalym / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Buýy-zülpüň kibi anbar bar-u misgin olmyýa / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Seniň yşkyňda eý, nämähriban, bihanyman boldum... / Goşgular - 31.10.2024 |
√ «Başarsaň göwnüňi sergin saklagyn...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Yşkdan dawa kylan kişi... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Hoş sözli goşgy / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Gul aga / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Täzeçe tuýuglar / Goşgular - 30.11.2024 |
√ Öwrülip gül başyna bilbil wysal olgaý oňa / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Gardaşym / Goşgular - 11.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |