08:51 Düýşüñde agaç çapmagyñ ýorgudy | |
DÜÝŞÜÑDE AGAÇ ÇAPMAGYÑ ÝORGUDY
Geň-taňsy wakalar
Ýaşaýşyñ iñ esasy zatlarynyñ arasynda ýer alan agaçlar aýratynam kislorod öndürýändigi üçin adamzada berýän peýdasy uludyr. Elbetde, odun we kagyz ýaly birnäçe maksat üçinem ulanylýar. Agaçlar dürli şekillerde we wagtlarda adamlaryñ düýşüne-de girýär. Eýse, düýşüñde agaç çapmagyñ ýorgudy nähili bolýarka? Özüñi tokaýda ýaş ýa-da guran agaç çapýan ýagdaýyñda görmek nämäni añladýarka? Aşakda munuñ üstünde durlup geçilmägr synanyşylýar. Düýşde agaç birnäçe dürli formada görülýär. Gören formaña görä-de düýşüñ manysy üýtgeýär. Geljegiñiz boýunça käbir zatlary öñünden çaklap bilmek we şoña görä taýynlykly bolmak üçin düýş ýorgudyny eden alymlaryñ ýazgylaryny okañ. Şeýtmek bilen gören düýşüñiziñ esasynda ünsüñizi manyly we netijeli işlere syrykdyryp, ýaramaz işlerden daşlaşyp bilersiñiz. • Düýşüñde agaç çapmak Düýşüñde agaç çapmak - hak ýolundan uzaklaşmak we hak ýolundan azaşmak diýip düşünilýär. Beýtmek adamyñ öñ bir gezegem uçramadyk ýaramaz pikirlere eýe bolandygyna ýa-da golaýlaşyp gelýändigine yşarat edýär. Şeýle pikirler babatda näme meýilleşdirjekdigine we ýaramaz ýagdaýlaryñ alkymlap gelendigine ýorulýar. Şol sebäpli-de şeýle düýş töweregiñdäki adamlaryñ ynamyny we sylag-hormatyny ýitirmek bilen bir hatarda olardan daşlaşjakdygyna we gözden düşjekdigine ýorulýar. • Düýşüñde ýaş agaç nahalyny çapmak Düýşde ýaş agaç nahalyny çapmak - jowrandyryjy we bagtsyz ediji käbir ýaramaz hadysalara gelinjegini añladýar. Şeýle ýagdaýda ýa şum habar gelip biler ýa-da iş hem gündelik durmuşda şowsuzlygyñ boljagyna yşarat edýär. Şeýle düýş göreniñ käbir maddy kynçylyklary başdan geçirmesi bilen birlikde, eger göreşse, bu kynçylyklary bir özi ýeñip geçjegine-de ýorulýar. • Düýşde guran agaç kesmek Düýşde guran agaç çapmak - şeýle düýşi göreniñ goýberen ýalñyşlyklaryna ökünýändigini añladýar. Şol bir wagtyñ özünde şeýle ýalñyşlyklar we puşeýmanlyklar sebäpli günälerinden saplanmaga ýorulýar. Eger muny etse, täzeden silkinjegine we durmuşyny ýañadandan nesibeli we şowly boljagyna yşarat edilýär. Tersine bolanda, has ýaramaz ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyna ýorulýar. • Düýşüñde agaç çapylýanyny görmek Düýşde agaç çapylýanyny görmek düýş görýäniñ biri bilen şärikdeş işe girişjekdigine ýorulýar. Ýöne bu işiñ kişiñ hakyny iýýän gazançdygyny, hile we haramlyk ýokundysynyñ bardygyny añladýar. Şol sebäpli düýş görýäniñ günäkär adamyñ ýagdaýyna düşjegine yşarat edilýär. Şol bir wagtyñ özünde töweregindäki adamlaryñ sylag-sarpasyny ýitirmek bilen birlikde, olardan daşlaşar we bagtly durmuşda ýaşajagyna-da ýorulýar. Hernäçe köp gazansa-da, baýasa-da, göwün islän durmuşyna ýetmejegi we gazananynyñ inine siñmejegi rowaýat edilýär. • Düýşüñde çapylan agaç görmek Düýşüñde çapylan agaç görmek - göresiñ gelmeýän käbir zatlar bilen ýüzbe-ýüz bolmagy añladýar. Aýratynam düýş görýänin käbir ýaramaz we haýyrsyz habarlar aljagyna ýorulýar. Bulara üns berip, şol sebäpli belli bir wagta çenli keýpsiz ýaşajagyna yşarat edilýär. Şeýle-de maddy we ruhy taýdanam käbir zyýanlary görüp biljekdigi hakda-da ýorgutlar bar. • Düýşüñde agaç çyrpmak Düýşde agaç çyrpmak düýşi görýäniñ öýünde dawa-jenjelleriñ bolup geçjekdigini añladýar. Maşgala arasyndaky oñşugyñ soñlanyp, maşgala agzalarynyñ biri-birinden daşlaşjakdygyna ýorulýar. Juda ýakymsyz günleriñ bolup geçjekdigine yşarat edilýär. Şol wagtyñ dowamynda ýakyn garyndaşlar biri-birinden doly üzülmek sepgidine geler. • Düýşüñde agaç görmek Düýşüñde agaç görmek - umuman alanda oñyn garalýar. Bagtlylyk içre, asuda durmuşda, agzybirlikde we maddy-ruhy taýdan gowy ýaşamagy añladýar. Düýşi görýäniñ başdan geçiren ähli kynçylygynyñ we dert-aladasynyñ soñlanjagyna, eden işiniñ oñuna boljak döwrüne gadam basjakdygyna we gowy habarlar aljakdygyna ýorulýar. # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||