09:13 Elli ýedi ýyl öñ aradan çykan Nazym Hikmet ýatlandy | |
ELLI ÝEDI ÝYL ÖÑ ARADAN ÇYKAN NAZYM HIKMET ÝATLANDY
Edebiýat täzelikleri
Türk poeziýasynyñ dünýä belli şahyry mundan tegelek elli ýedi ýyl öñ dogduk depesini görüp bilmän, Moskwada aradan çykdy... Düýn meşhur şahyr Nazym Hikmetiñ aradan çykan ýylyna elli ýedi ýyl doldy. 1902-nji ýylda doglan Nazym Hikmet "Watanyñ perýady" ("Feryad-ı Vatan") atly ilkinji goşgusyny 1913-nji ýylda heniz on bir ýaşyndaka ýazypdy. 1920-nji ýylda iñ ýakyn dosty Wala Nureddin bilen bile Azat-edijilik urşuna gatnaşmak üçin Anadola tarap ýola rowana boldy. Watany daşary ýurtly basybalyjylardan azat etmek üçin barýan başga bir topardan sosializm, komminizm, bolşewikler, spartakçylar ýaly düşünjeler bilen tanyşýar. Ankara barýarka ilkinji gezek anadoluly ýerli türkmenler bilen tanyşýar. Şahyryñ azat-edijilik urşuny iñ kämil görnüşde beýan eden "Halas boluş dessany" ("Kurtuluş Savaşı Destanı") eseri şol ýolagçylygyñ täsiri bilen ýazylýar. Ol şonda Mustapa Kemal Atatürk bilen tanyşma mümkinçiligini tapýar. Atatürk Nazym şahyra maksatly şygyrlar ýazmagy sargaýar. Wala Nureddin şol günleri şeýle ýatlaýar: "Ynançlarymyzda uly goduklama bolup geçýärdi. Ruhy taýdan sarsgyna düşdük. Iki tapawutly ideýanyñ arasynda pelesañ urmaga başladyk. Spartakçylaryñ ündeýan sosialistik pikirleri bilen şol wagta çenli kişiligimizi ýugrup-ýasan milliýetçi pikirleriñ arasynda näme etjegimizi bilemzokdyk". Bu ýolagçykyk Nazım Hikmetiñ sosialist garaýyşlar bilen dolup-daşmagyna sebäp bolýar. Ol munuñ yzysüre Moskwanyñ Gündogar işçileriniñ Kommunistler uniwersitetine okuwa girýär we şol ýokary okuw jaýynyñ syýasy ylymlar-ykdysadyýet bölüminde okaýar Ilkinji goşgular kitabyny ("28 Kanunisani") 1924-nji ýylda çap etdirýär. Türkiyä dolanandan soñ "Aydınlık" gazetinde çykyş etmäge başlaýar. Ýazýan makalalary onuñ ýanalmagyna sebäp bolýar. Türkiýäniñ Kommunistik partiýasyna agza bolandygy üçin on bäş ýyl azatlykdan mahrum etme jezasy talap edilýär. Ol ýene-de SSSR-e gitmäge mejbur bolýar. 1928-nji ýylda çykan "Amnistiýa hakyndaky" kanundan peýdalanyp, Türkiýä dolanýar, emma ýanalmalar, yzarlamalar Nazymyñ söbügini sypdyrmaýar. 1938-nji ýylda goşunda topalañ turuzmaga synanyşma bilen aýyplanyp jogapkärçilige çekilýär we 28 ýyl 4 aý azatlykdan mahrum edilýär. On iki ýyl dowam eden türme tussaglygy başlaýar. Ol bu döwri Stambul, Ankara, Çankuru, Bursa türmelerinde geçirýär. Şol döwürde: Eý görenñiz kommunistdir, On ýyl bäri türmede, Ýatyr Bursa galasynda - - diýen setirleri öz içine alýan "Ýatar Bursa galasy" diýen goşgusyny ýazýar. Onuñ şol türme ýyllarynda ýazan "Aýalyma hat" goşgusyny Türkmenistanyñ halk ýazyjysy Allaberdi Haýydow şeýle terjime edipdir: Sen - meniñ ýalñyzym! Ýazypsyñ şeýle: "Däli men, kelläm hem aýagym otda... Seni asaýsalar dar agajyndan, ýaşamaryn, muny bilsinler pugta..." Ýaşarsyñ, ezizim. Çal dumanlaryñ dargaýşy dek, dargar gider bar derdiñ. Ýas baglap ýörmersiñ bir ýyldan artyk. Bu döwür şeýleräk, bilýändir her kim. Ölesim gelenok, boýnum syrtmakly, Emma garagurt dek tüýlek gara gol boýnuma syrtmagy ataýsa bir gün, Nazymyñ gözünde görmersiñ dowul. Soñky säherimiñ ümüş-tamşynda görerin dost-ýary, seniñ özüñi. Ýarym, şonda, bilgin, gynanaryn men aýtmadym diýip aýdymymyñ yzyny. Eý, ezizim, ak ýürekli syrdaşym, ýarym, gözi baldan süýji aýalym, Ölüm jezasyny berjek bolýarlar diýip, neçün ýazdum saña men zalym? Sud ýañy başlandy. Ruhdan düşme. Ýolmazlar kellämi ýolan dek şalgam. Oýlanmaly bolar jellatlar entek. Entek belli zat ýok, ýarym, çekme gam. Ýyly kalson iber, puluñ bar bolsa, aýaklarym agrap, garşy aldym gyşy. Tussagyñ aýaly ýagşy zatlary göwnüne getirip ýaşasa ýagşy. Türmäni bilim ojagyna öwren Nazym Hikmet döredijilikli geçen ýyllarynyñ soñunda azatlyga çykýar. Emma ýazyjy Sabahatdin Alynyñ kimdigi näbelli kişiler tarapyndan janyna kast edilmegi ony endişelendirýär. Türmeden çykansoñ harby gulluga alynjakdygy barada gep-gürrüñler ýaýraýar. Köne ofiser Nazym Hikmet harby gulluga alynma bahanasy bilen öldüriljekdigini güman edýär. Şonuñ üçin ol ýene SSSR-e tarap gaçmagy meýilleşdirýär. Nazym şahyryñ Stambul bogazyndan Garadeñize geçip Rumyniýa barýan gämä münmegine şahyr Refik Erduran kömek edýär… Nazym Hikmet SSSR-e gidenden soñam onuñ garşysyna ýöredilýän garalama kampaniýalary bes edilmeýär. 1951-nji ýylda Adnan Menderesiñ premýer-ministrlik eden Demokrat partiýasynyñ hökümeti meşhur şahyry raýatlykdan çykarýar. Dünýäniñ çar künjüni gezen Nazym şahyr bu döwürde Bütindünýä Parahatçylyk baýragyny bermek boýunça komitetiñ emin agzalarynyñ başlyklygyny ýöredýär. Ýadamazak göreşi, batyrgaýlygy, täsin durmuşy, maşgalasy, täsin söýgi gatnaşyklary we elbetde biri-birinden ajap şygyrlary bilen öçmejek yz galdyran Nazym Hikmet 1963-nji ýylyñ 3-nji iýunynda Moskwada ýüregagyry zerarly watanyny görmäge zar bolup, dünýäden ömürlik göçýär. 2009-njy ýylda Türkiýäniñ raýatlygyna gaýtadan kabul edilendigi ykrar edilen Nazym Hikmet 1961-nji ýylyñ 11-nji sentýabrynda Gündogar Berlinde gezip ýörkä "Awtobiograýa" goşgusyny ýazyp, özüni beýan edipdir. Allaberdi Haýydowyñ terjime eden bu goşgusyny ýakynda saýtymyzyñ okyjylaryna ýetireris. @ Kitapçylar. | |
|
√ Tекст выступления Д.Язкулыева 25 июня 2024 г. в торжествах проведенной в рамках Дней культуры Туркменистана в Казахстане - 09.07.2024 |
√ Kitap arakesmesi - 14.05.2024 |
√ Soner Ýalçyndan atgaýtarym öñe geçen ýene bir kitap... - 30.06.2024 |
√ Halypa ýazyjymyzyň kitaby neşir edildi - 29.10.2024 |
√ Adam hekaýalary: Prawoslaw monah Dostoýewskini kürt diline geçirýär - 16.06.2024 |
√ Nobel baýragyny almadyk ägirtler - 05.10.2024 |
√ Boş arzuwlar: Merkezi Aziýanyň Aral deňiz basseýnindäki suw we imperiýa - 31.01.2024 |
√ "Dežawýu": Menekşe Toprak Berlinde Suat Derwüşiñ yzyny yzlady - 30.03.2024 |
√ Туркменка - 28.07.2024 |
√ Halkara Buker baýragynyň sanawy yglan edildi - 01.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |