22:37 Emeli añ şahsyýete abanýan howpmy? | |
EMELI AÑ ŞAHSYÝETE ABANÝAN HOWPMY?
Ylym we tehnologiýa
Emeli añyñ bazardaky we jemgyýetdäki hakyky täsirleri ýüze çykdygyça öñümizdäki aýlarda jemgyýetlerimizde jedeller hasam gyzyşyp biler. Şeýle sowala soñky ýazgylarym boýunça jedelleriñ çäginde garşylaşdym. Has soñra ABŞ-da we Ýewropada giñişleýin ara alynýandygyny, akylly ulgamlaryñ artýan biçüwde oñlanmagy bilen statuslary we işleri hakdaky howatyrlaryny sesli görnüşde dillenen professioallardygyna göz ýetirdim (mysal üçin, medisina boýunça "JMIR" ylmy-barlaglar žurnalynyñ lukmanlaryñ we talyplaryñ arasynda emeli aña garşy çykma meýli hakda çap eden ylmy makalasyna serediñ). Şeýle görnüşdäki tema boýunça jedeller biziñ jemgyýetlerimizde-de eýýäm başlady. Emma meniñ gözüme-hä, aýratynam miras alynan dini we etiki identiçnost boýunça hasam inçe taraplaryñ üstünde durup geçýär. Emeli añyñ bazardaky we jemgyýetdäki hakyky täsirleri ýüze çykdygyça öñümizdäki aýlarda jemgyýetlerimizde jedeller hasam gyzyşyp biler. Ilki bilen emeli añy ýakynlaşyp gelýän howp hasaplamaýanlaryñ bardygyny aýtmak gerek. Şeýle pikirdäkiler üçin jemgyýetiñ identiçnosty internetiñ we ondan öñki hemra teleýaýlymlarynyñ ýaýramagyndan onçakly täsirlenmedi. Şu pikirdekäkiler üçin miras alynan identiçnost (şahsyýet) her niçik bolanda-da, tehniki basdaşlygy öz içine gurşap aljak derejede güýçli. Şol sanda, emeli añ adam düşünjesiniñ özenine ýa-da özüne we dünýä bolan garaýşyna, ýagny identiçnosty diýýän zadymyza galtaşýan görnüşdäki düýpli öwrülişikler däl. Bu elbetde añsat we howatyr döretmeýän jogabam bolsa, tutaryklary güýçli ýa-da ynandyryjy görünenok. Emma ahyrky täsir ediş derejesi nähili bolanda-da, gürrüñi gidýän howpa bolup biläýjek zat hökmünde garanymyzda, emeli añyñ identiçnostyñ üstündäki täsiriniñ dowam etdirjek ähtimallyk prosesleri, ýagny, emeli añyñ nähili täsir etjegini we täsiriniñ nirede ýüze çykjagyny öwrenýän başga bir analitiki soraga geçýäris. Bu täsiriñ orta atýan üç halkasyna gysgaça göz aýlap, jikme-jiklikleri indiki ýazgylara goýaýalyñ. Bu halkalaryñ her birinde nesilleriñ arasyndaky aragatnaşyk liniýalarynyñ daralýandygyny görýäris. Bilşimiz ýaly, aragatnaşyk jemgyýetiñ identiçnostyny we medeniýetini täze nesillere geçirmek üçin ulanýan esasy serişdesidir. Birinji halka: emeli añ - şindize cenli öwrenişen internetimizde gezim etme ýa-da tor aragatnaşygy zerurlyklarynyñ añyrsyna geçen tehniki zerurlyklary bolan medeni-taryhy tapgyr. Şol sebäpli emeli añ serişdelerinden birinji derejede peýdalanyjylar ýaş nesiller we käbir professional ýaşulylardyr. Ýaşlyk döwrüni geçirenleriñ aglabasy bolsa aýratynam özüne mätäç bolunmadygynda täze zat öwrenmeýändikleri üçin mundan peýdalananoklar. Ýaşap ýören asyrymyzyñ başynda dünýäniñ internet eýýamyna gadam basandygyna, köpüsi resmi we ykdysady funksiýanyñ sanly ulgamlaşan bir döwründe-de şuña meñzeş ýagdaýa gabat gelipdik. Şol wagtlaram müñlerçe gartaşan adam alaçsyz ýagdaýda galypdy, soñra köpüsi bir gyra çekilip, bu täze dünýäni ýaşlaryñ ygtyýaryna goýma netijesine gelipdiler. Şol günüñ ýaşlary häziriñ ýaşulylary we megerem emeli añ dünýäsiniñ bolmagyny isleýänler bilen ondan daşda durmak isleýänlere bölünjege meñzeýär. Ikinjisi: täze nesliñ maglumat çeşmelerine elýeterliligi artyp, aýratynam identiçnostyñ şekillenmeginde içerki faktorlaryñ roly kiçeler. Şol sanda, indi iş we status ýa-da medeni kwalifikasiýadaky borçlulyklaryñ üstünde kesgitleýji täsiriniñ bolmajagyndan ýeriñ ähmiýeti düýpli azalar. Üçünjisi: emeli añ - has owal jemgyýetiñ medeniýet we gymmatlyk sistemalarynyñ içinde kesgitlenmedik, şol sebäpli hereket edýän ahlak we tradision sistemanyñ ýüze çykyşyny duýdurýar. Şeýle ýagdaýda täze ykdysadyýetiñ etikasy we ýörelgeleri Manuel Kastellsiñ suratlandyryşy ýaly tor jemgyýeti bolan täze jemgyýetden täsirlenmeli bolar. Bu täze jemgyýet tor arkaly we onuñ mantygyny, serişdelerini ulanyp, şahsy, medeni ýa-da ykdysady taýdan aragatnaşyk saklaýan ähli adamlarymyzdan ybarat bolar. Şeýle ýagdaý özümizi, gatnaşyklar etikasyny, biziñ bilen beýlekileriñ arasyndaky tapawutlylygyñ, ýagny saýrylygyñ manysyny kesgitläp bilhek täze düşünjeler tapgyryndadygymyzy añladýar. Bu üç temanyñ her biri emeli añ tarapyndan dolandyrylýan ýygjam aragatnaşyk tapgyrynda, miras alynan identiçnostyñ komponentleri bilen täze dünýäniñ täsirleri-gapma-garşylyklarynyñ arasyndaky baglanyşyk nokadyna yşarat edýär. Bu boýunça has düýpli barlaglara häzirem zerurlyk bar. Ýakyn geljekde özüni gaýtadan öwrenip geçeris. Tewfik SEÝF, Saud Arabystanly žurnalist. Penşenbe 04.05.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |