23:51 Entemolog | |
ENTEMOLOG
Goşgular
![]() - Entemolog asyl kärim, Diýdi biri tapyp tärin. Kimligini biljek bolup bu käriň, Kitap gatlaryny dörüp çykypdym. Ensiklopediýa, internet goýman, Biljek bolup, alyn derim döküpdim, Barybir manysyn çözläp bilmedim. Tärin gözledim men muny bilmegiň. Öýlerinden tapmadym men şepäni, Goňşusyna duşup, soradym ony. Diýdi goňşy: - Tapmaň ony öýünden, Çykar muny küýüňden. Ýaltanma-da aýlan köçeme-köçe, Tapsaň, ýetir habaryňy, Iber buşluk çaparyňy. Enteýäni üçin mydam köçede, Entemolog diýip dakdyk adyny, Aýaz, ýel saklamaz hiç zat badyny... Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||