TÜRKMEN HALK DÖREDIJILIGI
▶ «ERGENEKON» DESSANY
Ergenekon hekaýaty iñ esasy gadymy türkmen dessanlarynyñ hataryna girýär. Ergenekon hekaýaty türkmen jemgyýetine asyrlaryñ dowamynda öz täsirini ýetirip gelipdir. Häli-häzirlerem Türkiýäniñ asly türkmen obalarynda birnäçe däp-dessurlarda we edim-gylymlarda Ergenekon hekaýatynyñ täsiri duýulýar.
Ergenekon dessany "Bozgurt" dessanynyñ esasy prinsipleri esasynda döredilipdir, hatda bu dessanyñ has giñişleýin beýan edilen görnüşidir hem diýmek bolar. Has dogrusy Bozgurt dessany bilen gelip çykyşyny kesgitlän oguz nesli Ergenekon dessany arkaly hem güýçlenmegini, ýaýylyş we beýgeliş döwürlerini beýan edipdir.
Ergenekon dessany XIV asyrda Reşidüddin Hemedanynyñ ýazan "Jamy-ut Tewarih" eseriniñ "Mujallad-i Awwal" kitabynda (birinji kitaby "Mongollaryñ taryhy"), "Bab-y Awwal"-da (Birinji kitaby "Türki we mongol kabylalarynyñ taryhy") mongollaryñ gelip çykyş hekaýaty hökmünde beýan edilen we XVII asyrda Şeýbanynyñ neslinden bolan Hywanyñ hany Abulgazy Bahadyryñ "Şejere-i türki" eserinde-de mongollaryñ gelip çykyş dessany hökmünde beýan edilen hekaýatdyr. Ady agzalan iki taryhy çeşmede Nekuz (Nukus) we Kyýan atly doganlar we olaryñ aýallary tatarlara ýeñilip ilki Ergene Kon ady berilen darajyk we geçmesi kyn ýere gidipdirler. Dört ýüz ýylda olaryñ nesli ösüp-örñäp, ol ýere sygman başlapdyr we Ergenekondan çykypdyrlar. Ergenekondan çykan wagtlarynda ýolbelediñ Börte Çine atly biriniñ bolandygy düşünilýär.
Emma Göktürk türkmenleriniñ gelip çykyş hekaýatlary bilen meñzeşlikleri bar bolandygy üçin bu dessanyñ türkilere degişlidigini öñe süren alymlar bardyr. Aýratynam Talat Sait Halman bozgurt legendasynyñ gaýtadan işlenen wersiýasydyr. Mifiki jandar bolan bozgurdyñ (möjegiñ) goragy bilen şejeresiniñ tükenmeginden we ýene ol bozgurdyñ kömegi bilen çar tarapy belent daglar bilen gurşalan Ergenekon jülgesinden çykan bir türki toparyñ hekaýatyny beýan edýändigi öñe sürülýär. Başga bir pikire görä bolsa türki kowumlar bilen mongollaryñ arasynda birmeñzeş beýan edilýän hekaýatlardan biridir. Hekaýat käte Nowruz bilenem baglanyşdyrylýar.
◇ Dessanyñ döreýşi:
Ilki dilden-dile geçen dessan soñra dürli çeşmelerde agzalyp başlansoñ ýazuw diline geçirilýär. Dessanyñ häzire çenli bitewi wersiýasy ýokdur we ýazuw çeşmelerinde gysgaça beýan edilýär.
Ergenekon dessany hökmünde bilinen bu hekaýat iki esasy bölekden ybaratdyr:
◇ gök böriniñ ýardamy we goragy arkaly şejeräniñ dowamlylygynyñ gazanylmagy;
◇ geçmesi kyn daglar bilen gurşalan bir jülgä ýerleşilmegi we has soñra bu ýerden çykylmagy.
Birinji hekaýat üç aýry Hytaý senenamasynda türkmenleriñ döreýiş hekaýaty hökmünde beýan edilýär. Ikinji hekaýatyñ mazmuny hem Hytaý çeşmelerine esaslanýar. Reşidüddin Hemedanynyñ "Jamy-ut Tawarih" we Abulgazy Bahadyr hanyñ Şejere-i türki" eserleri ýaly XIII-XVII asyrlarda ýazylan dürli eserlerde hekaýatda agzalýan jülgä Ergenekon ady berlipdir. Emma bu çeşmelerde hekaýatyñ gahrymany türkmenler däl-de mongollardyr.
Orta Aziýanyñ taryhy boýunça professor Dewin Deuiz bir gowak ýa-da jülgedäki bendilikden halas bolmak motiwiniñ Orta Aziýada ýaşaýan halklar tarapyndan dürli görnüşlerde işlenilýändigini we türkiler bilen mongollaryñ arasynda birmeñzeş hekaýatlaryñ köp gabat gelinýändigini belleýär.
Has soñky döwürlerde gök böriniñ hemaýatkärliginde gelip çykyş hekaýaty bilen bir gowaga ýerleşme we ondan gaçma motiwleri birleşdirilipdir, "Ergenekon dessany" ady bilen türkmen dessany orta çykypdyr.
Türk alymy Fuat Köprüliniñ pikirine görä, Çingiz hanyñ şejeresinde türk kökenli maşgalanyñ bardygy üçin mongollar aslynda oguzlardyr. Reşidüddin Hemedanynyñ we Abulgazy Bahadyr hanyñ hekaýatlaryndaky meñzeşligiñ sebäbi hem hut şundan gelip çykýar.
■ Taryhy çeşmeler:
Milady ýyl hasabynyñ VI asyryñ ikinji ýarymynda we VII asyryñ başlarynda ýazylan bir Hytaý senenamasynda bir söweş netijesinde kowumymdan bir özi diri galan çagajygyñ bir möjek tarapyndan ulaldylyp ölümden halas bolmagy we neslini dowam etdirmegi beýan edilýär. Hytaý çeşmelerine görä Göktürk türkmenleri bu ölmän diri galan çagajygyñ neslinden gelýär. Bu kyssa has soñra Ergenekon dessanynda hem geçýär. Şeýle hem VI asyra degişli Hytaý çeşmelerinde türkmenleriñ bendilikde saklanýan bir gowakdan ýa-da daglar bilen gurşalan bir jülgeden aman çykyşy ýazylypdyr. Emma bu agzalan kyssalarda Ergenekon sözi geçmeýär.
"Ergenekondan çykyş" hekaýaty XIII asyryñ ahyrlarynda Ilhanly (Hulagidler) köşgüniñ taryhçylaryndan Reşidüddin Hemedanynyñ "Jami-üt Tewarih" (I tom, 1-nji bölüm) aýdylýar. Emma bu golýazmadaky beýan edilen hekaýatyñ gahrymany göktürkler däl-de mongollardyr. Bu hekaýatda Ergenekon jülgesinden çykyş kyssasyna esasy orun berilipdir, "möjekden dogan çaga" motiwi ýer almaýar.
Ondan soñky döwürlerde hem XV we XVI asyrlarda çagataý we pars dillerinde ýazylan Ergenekon dessany mongol rowaýaty ýaly edilip görkezilýär. XV-XVI asyrlarda pars dilinde ýazylan "Şejeret-ül Etrak" ("Türkleriñ şejeresi"), XVI asyryñ başynda türki dilinde ýazylan "Tewarihi Güzideýi Nusretnama", XVI asyryñ ortasynda türki dilinde ýazylan "Zübdetül Athar", XVI asyryñ soñlaryna degişli pars dilinde ýazylan "Abdyllanama" ýaly golýazmalarda Ergenekon dessany agzalyp geçilýär.
Türk dili we edebiýatyndan professor Isa Özkanyñ aýtmagyna görä XVII asyrda Abulgazy Bahadyr Hanyñ "Şejere-i türki" atly eserinde şol bir hekaýat gaýtalanýar. "Jamy-üt Tewarih" eserinden peýdalanyp ýazylan bu eserde-de mongollaryñ agzalyp geçilýändigini görmek bolýar.
XIX asyryñ ilkinji ýarymynda ýaşap geçen rus gündogarşynasy Nikita Biçurin kert daglar bilen gurşalan jülgeden çykyş hekaýatynyñ bir wersiýasyny "Ergenekon" sözüni agzamazdan türki kowumlaryñ ata-babalarynyñ gelip çykyş hekaýaty hökmünde beýan edipdir we muny Hytaý çeşmelerine esaslanýar.
■ Dessanyñ mazmuny:
Mongol ilinde Oguz hanyñ neslinde Il han bilen Tatar Söýünç hanyñ özara çaknyşygynda mongollaryñ hemmesi öldürilýär. Diñe Il hanyñ ogly Kyýan we onuñ agasynyñ ogly Nukus maşgalasy bilen gaçyp bir dagda gizlenýärler. Olar bu ýerde 400 ýyl galýarlar.
■ Türk edebiýatynda Ergenekon rowaýaty:
"Şejereý-i türk" Ahmet Wefik Paşa tarapyndan çagataý dilinden osmanly türkçesine terjime edilýär, bu terjime 1863-nji ýylyñ oktýabr aýyndan başlap "Tasvir-i Efkâr" gazetinde çap edilýär. Ergenekon hekaýatyna degişli bölüm gazetiñ 08.11.1863-nji ýyldaky sanynda çap edilipdir.
Birinji Balkan uruşy ýyllarynda Ergenekon hekaýaty milliýetçi ýazyjylar tarapyndan uly gyzyklanma görüpdir. Türkiýeli türkmen şahyry Zyýa Gökalp Ergenekon hakynda söz açýan goşgusy "Türk Duygusu" žurnalynyñ 08.05.1913-nji ýyldaky sanynda çap edilipdir. Şol goşgy Zyýa Gökalpyñ 1914-nji ýylda neşir edilen "Gyzyl alma" kitabynda hem "Ergenekon" ady bilen ýer alypdyr. Omar Seýfetdin hem "Halka Dogru" žurnalynyñ 09.04.1914-nji ýyldaky sanynda Ergenekon temasynda bir goşgy çap etdiripdir. Omar Seýfetdiniñ bu goşgusyndan köp derejede Zyýa Gökalpyñ täsirini görmek bolýar.
Ryza Nur 1928-nji ýylda Isgenderiýede neşir edilen "Oguznama" atly epiki eserinde Ergenekon temasyny gaýtadan işläpdir.
Ergenekon dessanynyñ bir türk legendasy hökmünde Türkiýäniñ Azat edijilik urşy ýyllarynda Ýakup Kadry Karaosmanogly tarapyndan ýazylandygyny we Osmanly, Seljukly döwürlerinde asla agzalan hekaýat däldigini öñe sürýän alymlaryñ hem bardygyny aýtman geçmek bolmaz. Emma Orhan Çekiç diýlen alym Ýakup Kadrynyñ ýazan eserleriniñ Ergenekony däl-de Azat edijilik söweşlerini beýan edýändigini we Abulgazy Bahadyr hanyñ XVII asyrda ýazan "Şejere-i türki" eserinde Ergenekon dessanyndan söz açylýandygy subut edilip, ol esassyz çaklama puja çykaryldy.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Halk döredijiligi we rowaýatlar