15:10 Erkeklik mukamy / hekaýa | |
ERKEKLIK MUKAMY
Taryhy proza
Ol indi öz öýündedi. Diýseň tutanýerli we maksadaokgunly häsiýetiniň yzyna düşüp, geçen menzillerinden, başaran işlerinden lezzet alýardy. Lezzet almzaça-da däl. Heý eden işlerinden alan lezzetiňden gowy lezzet nirede barmyş. 1832-nji ýyl dünýä inenem bolsa, özüniň dünýä meşhur syýahatçylaryň hataryna goşulandygyna ynanýardy hem buýsanýardy. Ol wenger syýahatçysy, etnograf, türkşynas, gündogarşynas hökmünde eýýäm meşhur bolupdy. Ýewropa dilleriniň 20-den gowragyny we gündogar dillerini, esasan hem türki dilleri we arap dilini suwara bilipdir. Hawa ol wengerler üçin Armini Wamberi bolsa-da, gündogara derwüş sypatynda syýahat eden döwri Raşid Efendidi. Ol edil häzir Raşid Efendiniň 1961-1864-nji ýyllar aralygynda eden syýahatynyň jemlerini jemleýärdi. 1863-nji ýylyň iýun aýynda Hywa hanlygyna, soňra Buharada, ondan soňra-da gadymy Wasa, Murgap, Tejen derýalarynyň sebitine hem-de Etrege barypdy. O her sebitiň, her halkyň durmuşyna degişli mümkin boldugyndan aýry-aýrylykda tertipleýärdi. Ol edil häzir türkmen topragyna syýahat eden döwürlerindäki belliklerini ýörite kitap etmek üçin tertiplemek, rejelemek bilen meşhuldy. Ýazgylarydyr belliklerini gözden geçirip oturşyna bir zady gözleýärdi. Was topragyndan belläpalan Nurmuhammet Andalybyň «Sagdy-Wakgas» poemasyny hem buýsanç bilen bir gapdala geçirdi. Golýazmalar toplumynyň ýüzüne: «Muny nesip bolsa, nemes diline terjime-de etmek gerek» diýip bellijegem etdi. Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny, ýagny 31 goşgusyny we 9 goşgusyndan bölekleri birlaý gözden geçirip, şonuň üstüne goşdy. «Bu ajaýyp zehini hem Ýewropa üçin açmak gerek» diýip, içini hümletdi. Häzir welin ol Hywa hanlygyndaky ýagdaýlary, türkmen tire-taýpalarynyň durmuşyny has aýdyň beýan edýän maglumatlary bir ýere jemläp, rus dilinde «Orta Aziýa syýahat» diýen at bilen neşir etdirmek üçin maglumatlary jemleýärdi. Şonuň üçin hem ol çyny bilen gözleýärdi. Sebäbi haýsy belligini eline alsa-da, ony ýerine goýup, gözlegini dowam edýärdi. Ahyry eline bir kagyz ildi. Ýüzi ýagtylyp gitdi. Öz ýanyndan: «Ynha, tapdym» diýdi. Açdy okady: «Toý-tomguda ýa-da ýönekeý üýşmeleňde Magtymgulynyň aýdymlaryndan aýdýan bagşyny diňlemek miýesser eden pursatlary meniň aňymda asla ýitmejek täsir galdyrdy». Bu däldi. Sebäbi ol ýene gözleýärdi. Ýene bir kagyzy tapdy, okady: «Etrekdäki şonuň ýaly bagşylaryň biri biziň gapdalymyzda öz çadyryny gurdy. Günlerde bir gün ol öz dutary bilen agşamara biziňkä geldi. Az wagtyň içinde ýaş ýetginjekleriň bir topary onuň daşyny gurşap alany üçin haýsydyr bir gahrymançylyk hakyndaky aýdymlaryň birini aýtmaly boldy. Ol ilki bada dutaryň taryna ýuwaş we saldamly kakyp, bogazyna salyp hiňlenmäge başlady. Bu aýdyma däl-de, hor çekýäne meňzeýärdi, emma gyzyşandan soňra, dutaryny örän batly kakyp, sesi örän çasly çykyp ugrady. Tarypy edilýän söweş gazaplandygysaýyn, bagşynyň we töweregindäki diňleýjileriň ruhlary göterilip başlady. Soňra ýaş çarwalar agraslyk bilen dem alyp, telpeklerini ýere urup, guduz açan ýaly saçlaryny penjeläp, öz-özleri bilen söweşe giren ýaly boldular». Ýene bir ýazgyny tapdy okady: «Emma haýsy-da bolsa bir bagşynyň Göroglynyň ýa Aman mollanyň ýa-da gaty oňat görülýän Magtymgulynyň aýdymlaryny özüniň iki tarly tamdyrasynyň sesine goşup aýtmagy, türkmen üçin gowy hezillikdir.» Wamberi gözleýärdi. Ol şu ýazgylaryň hataryna goşaýmaly ýene bir maglumaty gözleýärdi. Ol gaty köp ýeri gezensoň gören zatlarynyň hemmesini ýatda saklar ýaly däldi. Ol özi bilen hatardaş bir sazanda ýigidiň adyny hem onuň döreden sazynyň adyny gözleýärdi. Çünki ony ýatlamalar eserine goşmalydy... *** Alymyň ýazgylarynyň arasyndan bir säwlik bilen gaçyp galan kagyzdaky wakany welin Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky türkmen ülkesiniň hakydasynda saklapdyr. ...1863-nji ýylyň tomsy. Tomus agramly bölegini arka atsa-da, heniz howanyň howry ýatyşmandy. Güýzüň bosagasynda tomus janalgyjyna çydaýmak zoruň işi. Ony aýtsaň, bi adamlaryň-a piňine-de däl. Reşid Efendi öz pikirleri bilen gümrady. Türkmenler diýseň-diýmeseňem gaty özboluşly, geň häsiýetli halk-ow. Bularyň myhmansöýerligi, göwnaçyklygy nämä degmeýär. Hamala diýersiň özünden uly bir ýagşylyk görüp, ýagşylyklaryň aşagyndan çykyp bilmeýän ýaly bular. Öz ýanlaryndan «Raşid kary» diýip sylap-sediwesläýişlerini diýsene. Sylag-hormat ýetik-le welin bularyň yssysyna çydar ýaly däl. Iň ýaramaz ýerem çydamaýanlygyňy bildirer ýalam däl. Açyk göwünli adamlar, göwünlerinde müňkürlikden nyşan ýogam welin..., onda-da». Raşid kary öz pikirlerini özi jemledi: Gündiziň güni-hä yssa tap getirip bolanok. Myhman diýşip, gelen seň bilen salamlaşjak, gürleşjek. Bir ýandan-a yssy, bir ýandanam kalby kireňsiz adamlaryň tanyşlyk islegi, garaz, gören-eşiden täsinlikleriňi ýazga geçirmäge wagtam, mümkinçiligem az. Agşamara iň gowy wagty. Garaňky düşensoňam gijäniň tümlüginde pelteli çyranyň ýagtysyna ýazmak kyn. Şu wagt aýny wagty diýip, kary depder kagyzlaryny çykaryp, Magtymgulynyň goşgulary göçürilen kitabyň türkmenleriň arasynda edil Gurhanyň yz ýanyndaky orunda durýandygyny barada oýlanyp oturşyna kellesine gelen pikirlerini kagyza sünnäläp ugrady: «Magtymgulynyň eserleriniň biziň üçin gymmatlylygy onda türkmen diliniň örän sap nusgalarynyň barlygyndadyr. Bu hili nusgalary onuň at-ýarag hakynda we şuňa meňzeş temalarda ýazan şygyrlarynda görmek bolýar. Munuň ýaly ýagdaý gündogar halklarynyň edebiýatynda juda seýrek duş gelýär» diýip, ýandepderçesini ýapdy. Onýança-da Bezirgen begiň ýognasdan gelen ýakymly sesi esidildi: — Şirmämmet, sazanda-bagşylary myhmanyň ak öýünde hezzetläýsek niçik bolarka? — Bilmedim-dä, begim. Soraşdyryp görsek niçik bolar?! — Aý, sorap-soramaz ýaly zat ýog-a. Ol goşgy gazallar-a gaty gowy görýä, Wasdan Nurmuhammet Andalybyň, bärdenem Magtymguly işanyň goşgularyny ýazyp alyp ýanynda göterip ýör-ä ol. Rast, goşgy-gazaly halaýan bolsa, diýmek, aýdym-sazdanam daşda däldir-how şol. — Olam-a şeýledir. Sazanda-bagşylary başga öýe ýerleşdirip, soň myhmany olaryň üstüne alyp barsagam, oňaýsyzrak bolaýmasa. Hany, Janesen molla näme diýerkä?! — Häzir, sorap gaýdaýaryn. — Şeýdäýsene. Şirmämmet ylgaşlap, Janesen mollanyň gözlegine gitdi. Raşid kary myhmanlaryň geläýmeginiň mümkindigini nazara alyp, galamdyr kagyzlaryny ezberlik bilen düýrleşdirdi-de, düwünçege düwüp, haly horjunynyň gözüne ýerleşdirdi. Ätiýaç üçin belläýer ýaly birki bölek kagyzy elýüzüräginde goýdy. Indi kim gelse-de gelibersin diýen pikir bilen ýerinden gobsunany hem şol welin gapydan Bezirgen beg bilen Janesen molla tirkeşip girdi. Diýmek, herhal olar bu meselede özüne sala salyp görmegi müwessa bilipdirler. Indi ençeme wagt bäri ýat illeriň içinde özüniň kimligini gizläp gezmäge endik edinen hem bolsa, barybir, ätiýajy elden berenokdy. Onuň häzirki ýagdaýda berip biljek iň gowy jogaby: «Özüňiz gowy bilýärsiňiz» ýa-da «Sizde «Myhman öý eýesiniň guly» diýibem bir nakyl barmydy?!» diýlen jümlelerde jemlenip biljekdi. Ol islendik duýgusyny hem paýhasyndan bidin ýüze çykarmazlyga bireýýäm endik edinipdi. Dünýäni aýlanyp ýören derwüş sypatynda bolsa-da ony gyssanan ýerlerinde Kurany kerimden ýatdan aýdyp bilýändigi halas edipdi. Onuň kratly-labyzly ses bilen ýüzugra aýdyp bilýän süreleri oňa «kary» lakamyny hem ýelmäpdi. Şonuň üçinem ol özüni – Raşid Efendi diýip tanyşdyrsa-da köplenç oňa «Raşid kary» ýa-da ýöne «kary» diýip ýüzlenenini kem görenokdylar. Bu meseläniň anyk çözgüdini Janesen molla aýtdy: — Bezirgen beg, Raşid kary bir il gezip ýören derwüş. Özem, ynha, bitüki, Magtymguly işanyň goşgularyny dagy hem göçürip alyp ýören adam-da. Şoň üçirim däninim, näme edeli diýsene... — Aýdyber, mollam, aýdyber. — Howa gowy, Aýam aýdyň. Sazanda-bagşy jem bolsa millet öýe sygmaz. Bu bir. Her kimem olary görjekden. Onsoň ak öýüň serpigini serpäge-de kary agany öýde oturdaly, bagşylara bolsa daşardan düşek düşäp bereris. Goý, emin-erkinlikde göwün solpusyndan çyksynlar. Şeýle dälmi, kary aga?! — Bolar, gaty gowy bolar. — Gün eňegini ýere diräp, howry gaýdyşyp ugrandan sazandadyr bagşylar jemlenişip ugradylar. — Kary aga, isleseňiz şu oturan ýeriňizden, isleseňiz bagşylaryň gapdalynda ornuňyz bardyr. Edil, öz öýüňizde ýaly duýuberiň özüňizi. «Öýüňdäki ýaly duýup bolasy ýok-la» diýip öz kellesine gelen pikir bilen hem ylalaşdy, hemem ylalaşmady. «Ýeri, nämeden närazy bolýaň, Armeni, aýt maňa, bular-a seň hormatyň üçin birtopar alada galyp, sazanda-bagşylary ýygnaýar. Seni olaryň ýanynda oturtsa gowumy, ýa olary seň ýanyňda. Şoň aladasyny edýärler. Sen bolsa, närazy boljak bolýaň, munyň şerigata-da, kowahada-da, adamçylyga-da sygjak zat däl ahbetin». ...Daşarda, ilki bilen, saz çalyndy. Iki kirişli dutardan çogup çykýan mylaýymdan gelen mähriban owaz oturanlaryň göwnüne ganat bagladýardy. Sag elini dutaryň kakuwynda hellewledýän, çep elini bolsa, inçejik sapynyň ýüzündäki bary-ýogy on üç sany perdäniň üstünde gezekli gezegine çalasynlyk bilen gezmeledýän bagşynyň tutuş süňňi şol owazlar bilen sazlaşykly hereket edýärdi. Käwagt-käwagt bolsa, hamala diýersiň, owazy dutardan däl-de gursagyndan sogrup çykarýan ýaly gerdenlerini, göwresini silkip-silkip goýberýärdi. Keşbi garaýagyzrak hem sakaly bilen gaşlary sähel gürräk diýmeseň özi bilen bilen ýaşytdaşrak, birki ýaş ulurak, özşüne çalymdaşrak ýigit, Ahal topragyndan gelen eken, saz bilen gyzyşdy. Gara dere batdy. Telpegi bilen donuny çykaryp, ezýaka köýneginiň ýeňini çermäp, barha möwjeýärdi. Tutuş märekeden ses çykanok, olar howadan däl-de şol iki kirişden çykýan owazdan dem alýan kysmydy. Ahyr märekäniň içinden kimdir biri: «Adamlar, sazandamyz kyn görmese, bagşylara-da gezek bereliň-how» diýdi. Başga hiç kimden ses çykmady. Diňe bagşy dutaryny gapdala goýmakçy bolanynda, Bezirgen beg degişdi: «Elleriňe güller bitsin, sazandam! Bitüki, Zöhre gyzam, Mahym janam, Şasenemdir Leýlem geçip gitdi kirişleriň arasyndan, hany bi, edermen, mert ýigitler üçin erkegräk sazlaryňdan birini çalman dutaryňy gabyna salsaň-a, gelşiksiz bolar, şeýle dälmidir, how, ýigitler!». Bagşy Bezirgen begiň göwnüni ýykmady. Ýöne degişmä degişme bilen jogap gaýtardy: «Aý, how şu erkekler diýýänleriňiziň seresi Görogly beg dälmi. Olam-a how, eline dutar ildigi Agaýunusyň waspyna tutdurybermeýärmi näme?!» diýip degişdi. Söýgi heňlerinden gahrymançylykly heňlere köpri boljak bir mukamy güzlendirip goýbermeýäsmi. Birini däl, ikisini çalarys, gerek bolsa». Adamlar durky bilen bir göwrä öwrüldiler. Dutar ýene bagşynyň gujagyna doldy. Dutaryň owazy öz-özünde joşgun tapyberdi. Oturanlaryň biri «Göroglynyň at oýnadyşy» diýip, at üstünde oturan ýaly gobsundy. Amangeldi Gönübek oturanlara ýüzlenip: «Edil şu ýerde siziň islegiňizden dörän heňem çalyp bereýin indi size. Ellerim-ä «Göroglynyň at oýnadyşyny» kalbymam şu sazy çalýar-da şu wagt» diýip, hiç kimiň jogabyna-da garaşman dutary dillendirip ugrady. Öň çalynýan heňleriň hersinde kimdir biri sazyň adyny, bolmanda pyşyrdap aýdýardy welin aýdýardy. Bu gezek bolsa, hiç kimden ses-seda çykmady. Ýöne welim durky bilen gulak bolup, diňlediler. Saz tamamlandy. Berkeli beg durup bilmedi, Bezirgen begden öňürtdi: — Amangeldi Gönübek diýýän-ä, bi, öň eşdilip ýören sazlardan-a däl, çyndanam şu wagt döredimi bi?! — Ynjydýaň, beg. Siziň islegiňizden dörän täze heň bi. Söýgi heňlerinden gahrymançylykly aýdymlara geçmek üçin başaranjamyz şu boldy, gyssagara» — Saz kemi ýok-la welin, adyny bir aýd-a bu sazyň — Sazy siziň üçin çaldymmy, diýmek adyny-da size goýdugymdyr. Adyny özüňiz dakaýyň. Baran ýerlerimde-de şo at bilen çalar ýörerin men bu sazy. Hemmeler Berkeli begiň ýüzüne seretdiler. Beg uzak garaşdyrmady. «Aý, saz bir inçe sungat, oňa at dakybilerismi bilmerismi bilemok welinim, biziň islegimizi ýerde goýman döreden sazyň üçin bir erkeg-ä menden saňa nyýazdyr sazandam. Jaý ýerinde gürrüňe goşulan Şirmämmet: «Mundan soň bu saza at gözleşip azar edinmäň, sazyň ady «Erkeklik mukamy» bolsun! Hemmeler gyzyl gyran gülüşdiler. Gezegi bagşylara geçiren Amangeldi Gönübek owazy özi döredenem bolsa, Şirmämmediň jogabyna ýylgyryp durşuna onuň adyny hakydasynda ornaşdyrmak üçin ýene bir gezek gaýtalady — Erkeklik mukamy. Armini bölek alnyp goýlan birki kagyza ýazan bellikleriniň kerwenden kerwene geçirilen ýükleriň arasynda gaçyp galandygyna gyýyldy. Sebäbi ol şo wakanyň yzysüre bagşylaryň merdanalyga ýugrulan watançylyk heňlerinden — Görogludan, Magtymguludan, Aman molladan aýdylanynda ýigitleriň telpegini ýere urup, dälilik hetdine ýetiberýändikleri hakyndaky ýazgynyň üstünden bardy. «Bu-la bar eken» diýip begendi. Elbetde, ol aýratyn bir hekaýalyk gürrüň. Ol hakynda ýene bir gezekde. Aşyrmät GARLY, «Milli goşun». | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |