15:45 Eserleri asyrlar ýaşajak şahyr | |
ESERLERI ASYRLAR ÝAŞAJAK ŞAHYR
Ýatlamalar
Şu günki ýaly ýadymda. 1988-nji ýylyň aprel aýynyň ortalarynda Kaka şäherçesinde «Türkmenistan» (şol mahalky «Sowet Türkmenistany») gazetiniň döredijilik topary bilen gazetiň okyjylarynyň köp adamly duşuşygy geçirildi. Bellenilen günüň öňinçäsi gazetiň baş redaktory Kakabaý Ylýasow (şol mahallar men bu gazetiň baş redaktorynyň orunbasary wezipesinde işleýärdim) şeýle teklibi orta atdy: — Duşuşygymyza gazetimiziň işjeň awtorlarynyň biri Kerim şahyram çagyralyň. Saglygy gowy bolsa, belki, gitse-de gidäýer. Öýlerine baranymda, Kerim şahyr iş otagynda kitap okap oturan eken. Ol meniň elten habaryma az-kem tolgundy-da: — Be, seniň şu çakylygyň-a gowam ýaly-la. Daşarda bahar joş urýar. Daş-töwerek gül-gülälek. Bu duşuşygymyza gojalar, ejeler bilen şol güläleklere meňzäpjik duran gyz-gelinlerem geler. Kerim şahyr joşup goşgy okasa, belki, ýüregem biraz ynjalyk tapar. Bir söz bilen aýtsam, gitdik! Ýüreginiň häli-şindi biraz biynjalyk edýändigine garamazdan, şahyryň bu çakylygy höwes bilen kabul edendigine çäksiz begendik. Ertesi güni ýola düşmezimiziň öňinçäsi ol bize, sürüji ýigitlere şu haýyş bilen ýüzlendi: — Maşynyňyzy ýuwaşja sürüp gidiň. Ýoluň ugrundaky gül-gülälekleri synlap, hezil edeliň! ...Kakanyň medeniýet öýi märekeden ýaňa hyň berýärdi. Aýagüstünde duranlaryňam sany ýokdy. Kakabaýyň gazetiň gündelik işleri, geljekki meýilnamalary hakdaky gürrüňlerinden soň Kerim şahyra söz berildi. El çarpyşmalardan ýaňa uly zalyň diwarlary sarsyp giden ýaly boldy. Şahyr zala ýene-de birlaý göz aýlady. Ak sakgally gojalar, ak gyňaçly eneler, gülgün lybasly gelinler, birkemsiz bezenen gyzlar, syrdam ýigitler hatar tutup otyrdylar. Medeniýet öýüniň açyk penjireleriniň öňlerem topar tutuşyp duran gelin-gyzlar. Hemmeleriň gözi şahyrda. Kerim şahyr eziz Watan, dostluk-doganlyk, edep-terbiýe, hakdaky ençeme goşgulary okanyndan soň «Aktual» poemasyndan tutup ugrady: Kän zatlar modadan gaçýar diýseň-de, Ýadyňdan çykypdyr gaýyndyr gelin — Diýip, bir ýygnakda Dürjemal eje Oturan ýerinden göterdi golun... Zaldakylara gozgalaň ýetişdi. Eneleriň başy dikeldi. Gelinler ýylgyryşyp, aşak bakdylar. Hemmeler şahyryň täsin bir zatlar aýtjagyny öňünden bilýärdiler. Goşgy okaldygyça zalda gülki asmana galýardy. El çarpyşmalar, minnetdarlyk sözleri ýaňlanýardy. «Ýaşlyk dramasy», täze goşgular ýaňlandy. Ýygnagy alyp baryja gelýän haýyş hatlarynyň yzy üzülmeýärdi. Tas bir sagada golaý goşgy okan şahyr ýerine geçmekçi bolanda, el çarpyşmalaryň arasy bilen penjiräniň öňünde duran gyz-gelinler hor bolup seslendiler: — Kerim aga! «Ýaşlyk dramasynam» okaýyň-da! El çarpyşmalar täzeden batly ýaňlandy. Onuň yzy üzülerli däldi. Kerim şahyr bir minutlykça dymyp durşuna zaly, penjireleriň öňüni birlaý synlady-da: «Bar, siziň aýdanyňyz bolsun» diýip, tolgynyp gepledi. Ajaýyp eseri uly tolgunma bilen okap duran şahyryň sesi: Dogry aý ýarymdan dolandyň sen, soň, Öň meňkidiň welin, meňki däl onsaň... – diýen setirleri okanynda, çalaja, emma duýarlykly sandyrady. Goşgy tamamlanan badyna öň hatarda oturan zenanlaryň biri Kerim şahyra ýüzlenip: — Kerim aga, şol gelin häzirem barmy, Tejende ýaşaýarmy? – diýip sorady. Şahyr bu sowala: Garrap barýas, aşyk Kerim, Şaglap barýar, aý-günler, Otuz ýyllyk yzda galdy Şol toraňňy, ýylgynlar. — Şondan bäri mahal-mahal duşuşykda, ýygnakda, Goşgularyňy okan wagtyň ilkinji söýgiň hakda — Demiňden ot sowrulýar, tütün çykýar depderden, «Şol gyz häzir barmy?» diýip sorag ýagýar köp ýerden. «Bar» diýip hem bileňok, «ýok» diýip hem bileňok, Çünki ol bar bolanda-da, indi seniň üçin ýok! – diýen ýangynly setirler bilen jogap berdi. Söhbedimiziň şu ýerinde şahyryň «Ýaşlyk dramasyny» soňra täzeden işlänini hem ýatlaýyn. ...Bir gezek Kerim şahyr redaksiýamyza geldi-de: «Ýoldaş redaktor! — men «Ýaşlyk dramasy» poemamy täzeden işledim, şony siziň gazetiňize (şol mahallar men Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň «Ýaş kommunist» (häzirki «Nesil») gazetiniň baş redaktory wezipesinde işleýärdim.) hödürlemekçi» diýdi. Aradan salym geçmänkä bu ajaýyp poema gazetimiziň 4-nji sahypasynda tutuşlygyna çap edildi. Kakadan Aşgabada gaýdyp gelýärkäk, Gowşudyň eteginde Kerim şahyr bize ýüzlendi: — Geliň, ýigitler, şu ýerde az wagt saklanalyň-da, hol baýyrlykdaky gülälekligiň içinde birsalym gezelenç edeliň. Görüň-ä, baharyň gülgün lybasyny, belki, kömelegem taparys. Şahyr töwerek-daşy joşgun bilen synlaýardy. Ygşyldaşyp oturan ter gülälekleri sypalaýardy. Gözlerini süzgekledip, tämiz howadan dem alýardy, nurly günüň çoguna meýmireýärdi. Kätelerem aşak eglip, assyrynlyk bilen kömelek gözleýärdi. Az-kem gezelenç edip maşynlarymyza dolanyp geldik. Kerim şahyr: — Häý, zaluwat kömelejikler, tapdyrmadyňyz-ow, çynym bilen gözledim. Iň bolmanda, ýekejigiňiz tapylaýmal-a – diýip, degişme äheňinde seslendi. Onýança-da sürüji ýigit: — Ine, Kerim aga, size kömelek – diýip, begençli seslendi. Ol terje kömelegi şahyryň eline tutdurdy. Kerim şahyr begenjinden sesini sandyradyp gepledi: — Sag boluň, ýigitler, kömelegem tapyp berdiňiz. Ynha, indi men şu günki gezelenjimden gaty razy. Asyl derdimem dep bolan ýaly bolaýdy. Dörediji adamy begendirmek üçin köp zat gerekmi näme?! Soň görüp otursam, bu gyzykly, täsin duşuşyk Kerim şahyryň öz okyjylary bilen iň soňky duşuşygy bolan eken. Hudaýberdi DIWANGULYÝEW, Türkmenistanyň halk ýazyjysy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |