10:24 Essalowmaleýkim | |
ESSALOWMALEÝKIM!..
Goşgular
Essalawmaleýkim, Birinji memmer. Reňkiňi gördüm, ysyňa ýol ber! Gümmeziň üstünde owadan ene, Çagasyn gujaklap, bakyp dur Güne. Mermeriň ýüzünde üç sany setir Lowurdaýar göýä Ene diriligi: Özi ölüp, ömrün köşegne berip, Ýaş giden eneleň Ýadygärligi Enäniň gaşynda dem salym otyr, Ýok, ýok, beýik Enäň öňünde ör tur! Essalawmaleýkim, Ikinji memmer, Jägildiň gelip dur, ýanyňa ýol ber! ...Gümmeziň üstünde eýjejik bäbek. Elinde – düwüni bitmedik göbek. Ýygrylypjyk otyr... Gözleri ýumuk. Çigiş dek düwlüpdir goşaja ýumruk. Mermeriň ýüzünde üç sany setir Titreşip dur göýä säher terligi: Enäniň-atanyň mährinden ganman, Ýaş ölen çagalaň Ýadygärligi Çaganyň gaşynda dem salym otur. Ýok, ýok, köýen Nesliň öňünde ör tur! Essalawmaleýkim, Üçunji memmer, Ahyňy eşitdim, saýaňa ýol ber! ...Gümmeziň üstünde gyz bilen ýigit. Biri-birisine başyny egip, Hyrçlaryny dişläp, Bakyp dur aşak. Gözlerden dört bulak Akyp dur aşak... Mermeriň ýuzünde üç sany setir Labyrdap dur göýä Yşkyň körügi: Biri-birisine gowşup bilmedik Aşyk-magşuklaryň ýadygärligi Aşyklaň gaşynda dem salym otur, Ýok, ýok, beýik Söýgiň öňünde ör tur! Essalawmaleýkim, Dördünji memmer, Ak pata alaýyn, ýanyňa ýol ber ...Gümmeziň üstünde açylgy kitap. Içinde setirler ýanýardy tütäp... Mermeriň ýüzünde üç sany setir Çyrpyşyp dur göýä Ynsan ärligi: Öz ömrün gysgaldyp halkyň ömrüni Uzaldan şahyrlaň ýadygärligi Bakylyk gaşynda dem salym otur, Ýok, isleseň otur, Isleseň ör tur! – Haýsy bolanda-da, bagyşlar şahyr. (Ol kimiň kimdigin tanaýar ahyr...) ...Baýyrda dört gümmez lowurdap otyr. Derwezäň ýüzünde «Oýlanma baýry»! Her kim ynsabynyň güýjüne görä Dymýar, gülýär... ýa-da Nemleýär çaýry. Nirede gördüňiz bu täsin baýry? Bu gün görülmese, görüler ertir. Onsoň ol ölçegsiz garşylap ili, Uly ölçeg bilen Ugradar otyr... | |
|
√ Eý, kerim-u lem-ýezel... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Goja söýgi / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Uzak gije / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Nädip gozgadyň / Goşgular - 09.12.2024 |
√ Şahyrsumak sen / Goşgular - 06.09.2024 |
√ Takdyr / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Iman ogrusy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Garajaoglanyň şygyrlarynyň täsirinden dörän şygyrlar toplumy / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Ömrüñ manysy / Goşgular - 15.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |