00:54 Eý, bagtyň asmanyna uçanlara bat beren... | |
Eý, bagtyň asmanyna uçanlara bat beren, Seniň söýgi halkaňdan hadyma hallar kerem. «Batanlary söýmerin» sözüňde saplanma bar, Syry gören gözlere senden surat görünýär. Köňüller başy egik, Ýer bölüp gan deňzine, Eý, aý-ýyllardan üstün, Aý diýmerin meňziňe. Gamyňdan dag ýarylyp, ol içine çökendir, Keremler katra ganyň alan – kämil çykandyr. Eý, beýikler daýanjy, saýgyn bizem olardan, Guýruklaryň başlara uýgunlygyn biler sen. Serwer düzseň toprakdan, görip oňa melekler, Seniň nagt puluň ýerne hatda jan – biderekdir. Kime gol-ganat bolsaň, juda belende ýeter, Ýüzünde bardyr meňler, keşbi bagt bilen biter. Goý, bir tiken diýseňem, gül bilen bir ýerdedir, Altyn satýan ölçese, arpa hem ölçegdedir. Amal pikire laýyk, zatlar toprakdan dörär, Söz – ýagdaýa yşarat aýdyňdyr söze görä. Älem başy bir gohdyr, uly bir sarsgyn soňy, Yşk-şükür, arz-şikaýat biledir, baksaň siňe. Şapak-Günüň permany Hak-yşk döwlet tugrasy, Duşuşykda yşk ýordy bu ýorgudy, dogrusy. «Äleme rehmetliniň» ýoksula paýyn gör, ki, Hyrkalar Aý dek aýdyň, şallar gul ýaly barkly. Yşk bir kenarsyz umman, bir damjasy biz bolsak, Delili bar ýüzlerçe, onda hakykat - bilsek. Gök bilen yşk sazlaşýar, yşksyz ýyldyz hem sönýär, Yşkdan «dal» «elip» bolýar, ol yşksyz «dala» dönýär. Söz dirilik suwudyr, yşgyndadyr ol ylmyň, Yşgy jandan tem etme, bol miwe berer, bilgin. Nany alsaň, az söz hem köp ýaly has uzalýar, Emma surat ähline köp sözler hem az bolýar. Şygryň dür söz bolmagy gowy, elbet, diňleseň, Lezzeti bilen şygryň patanaklar düe hem. _______________________ Bu ýerde Gurhandaky Ybraýym pygamber bilen baglanyşykly şu aýat göz öňünde tutulýar: «Gije düşüp tümlük aralaşanda, (Ybraýym) bir ýyldyz gördi. «Bu meniň Perwerdigärim» diýipdi. Ýöne ýyldyz batanda welin: «Men batanlary söýmerin (bu meniň Perwerdigärim däl)» diýdi». Gurhanyň 6-njy («Engam») süresiniň 76-njy aýaty. Gurhanyň 22-nji («Haj») süresiniň 1-nji aýaty: «Gürrüňsiz kyýamatyň satsgyny örän aýylgançdyr». Tugra – hökümdarlar tarapyndan berilýän permanlarda hökümdaryň nyşany. Osmanly türkmenleri döwründe tugrada hökümdaryň we kakasynyň ady ýazylypdyr. Tugrany ýasaýanlar «nyşançy» ýa-da «tugra keş» diýlipdir. Gurhanyň 21-nji («Enbiýa») süresiniň 107-nji aýaty: «(Eý, Muhammet!), biz seni älemlere rehmet üçin iberdik». Dal, elip – arap harplary. Dirilik suwy (aby haýat). Sopuçylykda aby haýat şu manylary aňladýar. 1. Ruhany nur, şatlyk. 2. Yşk we ylym-bilim. 3. Ylahy ylym. 4. Söýgüliniň wyslaty. 5. Ýaryň zowky sapasy. | |
|
√ Garajaoglanyň şygyrlarynyň täsirinden dörän şygyrlar toplumy / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Wepasy hakda / Goşgular - 27.07.2024 |
√ Gaýnene / Goşgular - 17.10.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Janymdan özge ýary... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Nikolaý Rubsowdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Ýadyňdamy, ajalyň?! / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Söýer ýaly / Goşgular - 21.10.2024 |
√ "Watan howasyndan doýmadym hergiz..." / Goşgular - 02.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |