23:58 Eziz Nesiniñ haýsy dostuna Türkiýede galmak maslahat berildi | |
DÜNÝÄ BELLI ÝAZYJY ODATV-de çykyş etdi:
Ýatlamalar
EZIZ NESINIÑ HAÝSY DOSTUNA TÜRKIÝEDE GALMAK MASLAHAT BERILDI 1963-nji ýylyñ 3-nji iýunynda Nazym Hikmetiñ aradan çykmagyndan soñ SSSR-de iñ giñden tanalýan we söýlüp okalýan türk ýazyjysy Eziz Nesiniñ kitaplary rus dilinden başga-da Azerbaýjanda, Özbegistanda, Gazagystanda we şol bir wagtyñ özünde Pribaltika ýurtlarynda-da çäksiz gyzyklanma bilen okalýardy. Nesiniñ özem Moskwada we sowet respublikalarynda bolup tanymal ýazyjy-şahyrlar bilen dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny açypdy. SSSR-de bolan her gezeginde Türkiýede-de seslenme döreden Nesiniñ Moskwada tanşyp, dostluk açan ýazyjylarynyñ birem azerbaýjan ýazyjysy Çingiz Hüseýinowdy. SSSR-iñ Ýazyjylar soýuzynda jogapkär wezipelerde işlemek bilen bir wagtyñ özünde Moskwanyñ Lomonosow adyndaky uniwersitetinde edebiýat ugrundan leksiýalary berýän filologiýa ylymlarynyñ doktory, professor Ç.Hüseýinow 2009-njy ýylda Moskwada çap edilen "Maña tarap gelenleri garşylanymda" atly kitabynda Nazym Hikmet, Eziz Nesin, Kemal Tahyr, Ýylmaz Güneý, Fazyl Hüsnü Daglarja ýaly birnäçe ýazyjy-şahyrlar bilen baglanşykly gyzykly ýatlamalary ýerleşdirdi. Häzir Ierusalimde ýaşaýan togsan iki ýaşly dünýä belli ýazyjy Çingiz Hüseýinow Odatv-ä beren interwýusynda "Soñky romanymy tamamlamagyma ýene iki hepde dagy gerek boljak. Soñky nokady goýdugym täze romana başlamakçy" diýdi. "HAÝRAN GALDYM, BUÝSANDYM" Çingiz Hüseýinow 1969-njy ýylda Yragyñ üsti bilen Türkiýä geçişini ýatlap, häzire çenli hiç kime gürrüñ bermedik bir ýatlamasyny Odatv-ä şeýle sözler bilen gür berdi: "Duş gelen ähli kynçylyklara garamazdan Yragyñ üsti bilen Türkiýä geçibildim. Geçenime ökünmedim. Sebäbi SSSR-de bize Türkiýäni ýalñyş tanadýandyklaryny gördüm. Pulum az bolany üçin SSSR-iñ Stambul konsullygynyñ myhmanhanasynda bolmaly boldum, emma ol ýerigem oteliñ pulundan has köp pul töledim. Hernä Türkiýä gelenim gowy bolaýdy. Döwletimiziñ nähili güýçli döwletdigine, halkymyzyñ nähili agzybir halkdygyna haýran galdym, buýsandym. Eziz Nesiniñ çakylygy bilen Ankara gidip Türk dili guramasynyñ 12-nji gurultaýyna gatnaşdym. Maña Türkiýede galmak teklip edildi, emma men gürrüñiñ şo taýda galmagyny we muny gaýdyp agzamazlygy haýyş etdim. Sebäbi yzymda maşgalam, çagalarym bardy. Hem olary Türkiýä getirmek mümkin däldi, hemem yzyma dolanmadyk ýagdaýymda diñe maşgalama däl, ilen-çalan garyndaş-doganlaryma-da akla sygmajak zorluk-zulumlary etjeklerini bilýärdim. Nirede ýalñyşdym, bilýärsiñizmi? Moskwa gaýdyp baranymda giden ýerlerim we görşen adamlarym barada giñişleýin habarnama ýazmalydy. Maña edilen teklibi-de ýazmaly boldum. Bilemok, ýalñyşdymmy? Emma şuny pikir etdim: eger ýazmadyk bolsam, belkäm, başga kanaldan öwrenerlerdi. Şonda ýagdaýym hasam erbet bolardy. Şol günden başlap maña diñe Türkiýä däl, ähli daşary ýurtlara gitmek gadagan edildi." "TÜRKIÝÄ MENIÑ GYZGYN SALAMYMY WE ÇUÑÑUR HORMATYMY ÝETIRIÑ" Dünýä belli ýazyjy we edebiýat teoretigi Çingiz Hüseýinow türk-azerbaýjan dostluk gatnaşyklarynyñ häzirki ýagdaýy barada-da aýdyp, "Türkiýe biziñ doganymyzdyr we hemişe şeýle bolup galmaly. Biz doganlarymyz bilen bile ýol aşmalydyrys, ýogsam bize aýak üstünde durmak kyn düşer. Türkiýä meniñ gyzgyn salamymy we çuññur hormatymy ýetiriñ. Indi görmek nesip edermi, bilemok" diýip, sözüni tamamlady. 1929-njy ýylda Bakuda doglan dünýä belli ýazyjy Çingiz Hüseýinow 1949-2013-nji ýyllarda Moskwada ýaşandan soñra, 2013-nji ýylda Ierusalime göçdi. Eserleri dünýä dilleriniñ otuzdan gowragyna terjime edilen Ç.Hüseýinow romanlaryny rus we azerbaýjan dillerinde ýazýar. Meşhur ýazyjynyñ iñ uly arzuwlarynyñ birem käbir romanlarynyñ we ylmy makalalarynyñ türk diline geçirilmegi. 29.08.2020 ý. Maýis ALIZADE. Odatv.com | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |