21:55 Eziz ojak / hekaýa | |
EZIZ OJAK
Hekaýalar
Kuwwat işden gele-gelmäne çagalary üçin şatlykly habar aýtdy. — Boluň, şaýyňyzy tutuň, seýilgähe gezelenje gidýäs! Çagalaryň bolaýşyny diýsene! Bagtyýar bilen Jerenjik şatlykdan ýaňa, diriň-diriň bökýärdiler. — Kaka jan, sag bol! Biziň kakamyz iň gowy kaka! Läle çyna berimsiz öýkelän boldy. — Ejeňiz iň gowy eje dälmi? — Ejemizem iň gowy eje! Eje, buzgaýmak alyp berýäň gerek?! Kuwwat gülüp goýberdi. — Hakyňy aldyň gerek?! Läle utulanyny boýun aldy. — Wah, öz dilimden bela galdym! Bokurdagyňyza ýapyşmaz ýaly, azajykdan iýseňiz alyp bererin. — Ejem janymyza döneýin! Ýagmyr ulagyny şäheriň içinden emaý bilen sürüp gitdi. Onuň üçin bu pursat diýseň ýakymlydy. Ol şäheriň gözelligine guwanýardy. Dogrudan-da, töweregi görmäge göz gerekdi. Gunduz ýaly agaryp görünýän kaşaň binalar täsin halda howalanyşyp otyrdylar. Giň köçeleriň ugrundaky ümürsin bolup oturan bezeg ösümlikleri jana şypaly serginlik döredýärdi. Dumly-duşda päkizelik hem kalba rahatlyk salýan asudalyk höküm sürýärdi. Seýilgähiň märekesi ýetik ekeni. Bu ýere dynç almak üçin maşgala bolup gelnensoň, çaga köpdi. Agşamaradygyna garamazdan, heniz ýagtygözinlikdi. Kuwwat dagy ýene öňküje oturýan ýerlerinde ornaşdylar. Çagalar birsalymam eglenmän, ylgaşyp gitdiler. Olaryň eýýäm oýna gyzanlygyny gören Kuwwat Läläniň ýüzüne ýylgyryp bakdy. — Buzgaýmak ýatdan çykdy öýdýän. — Arkaýynja bolaý, häzir ýüzin salşyp gelerler. Läle uly torbadan garbanar ýaly ony-muny çykaryşdyryp başlady. Kuwwat bolsa näme üçindir bu gün seýilgähiň ýodajyklarynda gezelenç etmek üçin ýeke özi gitdi. Daşyndan syr bildirmezlige çalyşsa-da, onuň ünjüsiniň barlygy bildirip durdy. Ýygy-ýygydan adamsyna tarap garanjaklaýan Läle ahyrsoňy ony saçagyň başyna çagyrdy. — Kuwwat, çaýyň sowamanka içsene. Kuwwat şähdaçyk tebigatlydy. Ol hemişe ala-ýaz bolup ýörmegi gowy görýärdi. Ünjüsini ýaşyrmagy welin başaranokdy. Kuwwadyň bu gün hasam ýüzi agralypdy. Läläniň guýup beren çaýyny ele alan Kuwwadyň wajyp gürrüňi gozgasy gelýänligi görnüp durdy. Läle adamsynyň ýüzüne soragly garady. — Hawa, aýdyber, näme aladaň bar bolsa. Seýilgähe ýöne ýere alyp gaýtmadygyňy bilýän. Kuwwat başyny aşak salyp, müýnli dillendi. — Läle, men bu meseläni ahyrsoňy gozgamaly bolýan. Sebäbi munuň başga çözgüdini tapamok. Körpe gyzlarynam durmuşa çykaransoňlar, ejem bilen kakam obada ýeke galdy. Boşap galan howluda ýeke özleri otyr. Olaň halyny göz öňüne getirip, janyma jaý tapamok! — Düşünýän, Kuwwat, hemmesine düşünýän. Ýöne özüň bir zat diýmäňsoň, sesimi çykarman ýörün. Elbetde, garrylary obada ýeke goýmaly däl. Olary günübirin bärik alyp gaýtmaly. Jaýymyz giň, bu ýerde hezil edip ýaşarlar. Maňa-da hemaýatlary deger. Öýde bolsalar, çagalamdan arkaýyn bolaryn. Muň üçin birjigem gam çekme. — Läläm, sag bol, mähribanlarymy ýük görmejegiňe ynanýan. Ýöne olar şähere gaýtmaga razy däl. — Beýle bolsa, goý, gyzlarynyň biriniňkide bolsunlar. Gyzlarynyň hemmesi obada ahyryn. — Ýok, ejem bilen kakam oňa-da razy däl. Olar öýümizi taşlap, hiç ýere giderli däl. Läle birden böwrüne diň salyp durdy. — Men indi düşündim! Sen oba göçeli diýjek bolýaň, şeýle dälmi? Kuwwat Läläniň ýüzüne naýynjar garady. — Läle, düşün, başga çykalgamyz ýok. Oba dessine öwrenişip gidersiň. Läle birbada gürläp bilmän oturdy, soň kynlyk bilen dil ýardy. — Durmuşymyzy bütinleý üýtgetmelimi?! Işimiz nähili bolar? Men ýaňy arzuwyma ýetdim. Merkezi hassahanadan orun berdiler. Iň kämil enjamlardan peýdalanýan. Öz işiňi nätjek? Läle süňňüni saklap bilmän galpyldaýardy. Onuň düşen halyna gyýlan Kuwwat hoşamaý gürlemäge çalyşdy. — Işimizi alada etme, Läle, hemmesi oňyn çözüler. Seň ýaly lukman hemme ýerde-de iş tapar. Gurluşykça-da hemme ýerde iş bar. — Sen çynyrgadyp barýaň-la, Kuwwat. Men oba durmuşynyň nämedigini bilemok. Läle gözlerini bir nokada dikip oturdy. Birdenem zatlaryny ýygnaşdyrmaga durdy. Çagalaryny çagyrdy. Ýaňy oýna gyzan çagalar ýerli-ýerden özelenýärdiler. — Eje, ýene azajyk oýnaýaly?! Buzgaýmak alyp bermeseňem bolýa. Emma ejeleriniň bu wagt aladasy ýetikdi. Ol aljyraňňy halda böwrüne diň salyp durşuna, çagalaryna dözümli buýruk berdi. — Hany, münüň basym ulaga! Gaýdyşyn Läle sesini çykarmady. Bu ýakymsyzlyga çagalaryňam sesine suw sepilen ýalydy. Dartgynly ümsümlik hemmeleriň mazasyny alýardy. Oýlanyp oturan Läläniň birden ýüzi açylan ýaly boldy. — Kuwwat, bolmasa oba ejem gitse nähili bolar? Olar gowy düşünişýäler ahyryn. Belki, gudalaryny bärik gaýtmaga ejem göwnedip biler. Kuwwat ulagynyň badyny gowşadanyny duýman galdy. — Eger ejem bilen kakamy şähere gaýtmaga boýun edip bilse, Hatyja daýzadan ömür razy bolardym. Ýüki ýeňlän ýaly bolan Läle adamsyna hoşamaý ýüzlendi. — Kuwwat, bizi ejemlere düşüräý. Läle öýleriniň deňinde umyt bilen düşüp galdy. Läle baranda, Hatyja eje ýeke gyzyny mähir bilen bagryna basdy. Agtyklarynyň ýüzünden-gözünden öpdi. Ahmet aganyňam ýüzüne nur çaýylana döndi. — Lälejigim, sag-gurgun işleşip ýörmüsiňiz? Kuwwat näme üçin gelmedi? — Gowulyk, kaka jan! Kuwwat bizi almaga gelende salamlaşaryn diýdi. Läle her gezek mähriban öýüne gelende, geň duýgyny başdan geçirýärdi. Telim ogly öýli-işikli edip, uly maşgalany agzybir saklaýan ejesidir kakasynyň yhlasyny hormat bilen duýýardy. Läle bu belent paýhasdan görelde almaga çalyşýardy. Emma häzir welin, kalbynda peýda bolan ünjüden ejap edip, başyny galdyryp bilmän otyrdy. Gyzyndaky bu näjaýlygy bada-bat aňan Hatyja eje Läläniň ýüzüne soragly garady. — Gyzym, öňküligiň ýok-la, näme aladaň bar? Läle birden ähli gaýgysyny ýüze çykardy. — Eje, men-ä näme etjegimi bilemok! Kuwwat oba göçeli diýýä. Gyzynyň bu sözlerine gülüp goýberen Ahmet aganyň ýüzi ýagtylyp gitdi. — Bar aladaňam şomy, gyzym?! Oba gitmeli bolsa, özüm-ä ylgap gitjek. — Kaka jan, seň üçin, belki, şeýledir, sebäbi sen obada önüp-ösdüň. Men şäher gyzy, oba durmuşyny göz öňüne getirip bilmesem näme! — Obadan nägile bolmarsyň, gyzym. Göçmeli bolsa, arkaýyn gidibergin. Gyzynyň jibrinmesini iňkis edip oturan Hatyja eje seresaplylyk bilen sorady. — Kuwwat näme üçin oba göçmekçi bolýa? — Obada garrylam ýeke galdy diýýä. — O diýýäni dogry, gyzym. Gudalaň öýi çolaryp galandyr. Gyzlar kişi maşgalasy bolýa-da, ahyrsoňy ojaklaryny täzelemeli. Hatyja birsalym oýlanyp oturansoň, aladaly gürledi. — Gudalary, dogrudanam, ýeke goýmaly däl. Ýekelik olara agyr düşýändir. Ýöne näme üçin bärik alyp gaýtmaly däl? Bu ýerde boluberenlerinde bolanokmyşmy?! Läle janykmak bilen ejesiniň sözüni böldi. — Eje jan, menem şony diýýän-dä. Bu ýere gelseler, elimiziň aýasynda saklajak ahyryn. — Kuwwat nähili pikir edýä? Onuňam söýgüli kärini taşlap gidiberesi gelýän däldir-ä. — Kuwwat ejesi bilen kakasyny näler getirmekçi. Emma olar göwnänoklar diýýä. — Elbetde, hemme kişem gowy görýändir öwrenişenje ýerinde ýaşamagy. Ýöne ýagdaýa görä bolaýmaly ahyryn, beýlekileňem oňaýyna garamaly. Häliden bäri eneli-gyzyň gürrüňine diň salyp oturan Ahmet aga öz pikirini mälim etdi. — Hatyja, gudalara-da düşünmek gerek. Olar şäheri myzaýyk görüp, gelmejekden däldirler. Ojaklaryny terk etmejek bolýandyrlar. — Kakasy, “Düýe garrasa, köşegine eýerer” diýipdirler. Gudalaň orny indi ogullarynyň ýanynda bolmaly. Hatyja zar-zelil bolup oturan gyzyna dözmezçilik bilen garady. — Gyzym, bolmasa oba özüm gidip görsem nähili borka? Belki, maňa gulak goýarlar. Läle ejesini garsa gujaklady. — Eje jan, saňa döneýin, şeýtsene! Kuwwadyň egnindenem ýük aýrylana dönjek. Aýjemal daýza bilen Annamyrat daýy seni gowy diňlär, hökman razylyk bererler. Birsalym oýlanyp oturan Hatyja başyny agras göterdi. — Hany, onda gidip göreýin, gyzym. Hem gudalaň halyndan habar alaryn. Heý, gepimi düşündirip bilmezmikäm. Hatyja şol günüň ertesi ýola düşdi. Ilki ugraýan otla münüp, gün öýlä sananda etrap merkezine bardy. Oba gatnaýan ulagda eslije ýöremelidi. Hatyja, ýolboýy aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän ekinzarlygy synlap gitdi. Ekinlere yhlas bilen ideg edilýänligi görnüp durdy. Uly atyzlara bölünen gowaçalar gül-pürçükdi. Atyzlaryň gyrasyndaky syrdam boýly derekler täsin görnüşde hatar gurap otyrdylar. Oba gelip düşenden, Hatyjanyň gözi töwereginde boldy. Ol bu gezek obany üns bilen synlaýardy. Iň uşajyk zatlar hem nazaryndan sypanokdy. Hatyja şäherde önüp-ösüpdi. Biri-birinden kaşaň jaýlar baga bürenişip otyrdy. Hemme ýerde arassaçylyk gözüňe ilýärdi. Birenaýy asfalt düşelen ýollar kirşensizdi. Hatyja, ylaýta-da, çagalar bagynyň duşunda ýakymly pursady başdan geçirdi. Päkize geýnüwli çagalar şadyýan bökjekleşýärdiler. Aýjemal gudasyny gadyr bilen garşy aldy. — Wah, guda, kakasam ir bilen welaýat merkezine, dostlarynyň biriniňkä toýa diýip gitdi. Birki gün eglenerin diýdi. Çaý başynda Aýjemal kalbyndaky gussany gizläp bilmedi. — Gyzlar kişi maşgalasy bolýan ekeni, guda. Içerim beýle çolaryp galar öýtmändim. Gyzlam durmuşa çykansoň, öýüň bahary sowlan ýaly boldy. Hatyja gama batan gudasyna göwünlik bermäge çalyşdy. — Gaýrat et, guda, ozaldan gelýän heňňam-da bu. Bagtlary bolsun! Hatyja içerini assyrynlyk bilen synlaýardy. Ötlem-ötlem otaglar edil köşgi-eýwan ýalydy. Bu maşgalada içerä inçelik bilen idi-yssywat edilýänligi görnüp durdy. Diwary tutup duran uly tekjedäki hetdi-hasaby bolmadyk kitaplardan çen tutan Hatyja Annamyrat gudanyň, hakykatdanam, okumyşlygyna göz ýetirdi. Myhmançylyga gelen gudasynyň içerisi bilen gyzyklanmagy Aýjemaly diýseň begendirdi. Ol gül-gül açylyp, Hatyjanyň öňüne düşüp ýördi. Öýüň bikesiniň içerisine yhlasy üýtgeşikdi. Ol ähli zat barada ýekän-ýekän gürrüň berýärdi. — Şu halymyzyň reňki hasam ýerine düşdi. Içki jaýymyz ýagtylan ýaly boldy. Bu ýerde gyzlar bolýady. Düýpdäki mähnet geýim asylýanyň içi egin-eşikden doly ekeni. Onuň gapylaryny wawwasy bar ýaly edip açýan Aýjemal gyzyldan-gymmat zatlaryny görkezýän dek gürledi. — Çagalammyň eşijiklerini henizem saklap ýörün, guda. Kuwwat janyň ilki mekdebe gidendäki köýnejigem durandyr, ynha. Käwagt bulary birin-birin synlap görýän. Alynky otaga gaýdyp gelensoňlar, Aýjemalyň sesi hasam hyjuwlanan ýaly boldy. — Ynha, şujagaz ýerde uly saçagymyzy ýazýadyk. Saçagyň o çetinde gyzlar oturýady. Bäri çetinde bolsa Kuwwat jan bilen kakasy ýerleşýädi. Köplük bolamyzsoň, nahar şüweleňli iýilýärdi. Aýjemal soň myhmanyny daşaryk çagyrdy. Giň howlynyň içine birlaý aýlap çykdy. Hatda mal ýatakdaky goýunlaryna çenli görkezdi. Aýjemalyň ökjesiniň ýeňlemegine sebäp bolan zat aýdýanlarynyň üns bilen diňlenmegidi. Gudasynyň ýüzüne ýygy-ýygy garaýan Aýjemal barha joşgunly gürleýärdi. — Iýjek gögümizem mellekde ýetişdirýäs. Ynha, seretseň, hemme zat gögerip oturandyr. Elinjek derslenen ýer gaýmak ýaly, bol hasyl berýä. Dogrudanam, hemme zat bolsady ekilen ýalydy. Howlynyň içini görmäge göz gerekdi. Deňje bölünen atyzjyklar ümürsin bolup otyrdy. Belent dalbardaky terje üzümler Gün şöhlesine täsin bulduraşýardy. Mellegiň jümmüşine alyp gidýän daş ýodajyklar çyrmaşyk güllerden saýalanypdyr. Uşajyk zatlara çenli sünnälengidi. Hatda mal ýatagynyň üçegem naşyja görnüşdedi. Gudalaryň öýüne bolan yhlasy Hatyjany haýran galdyrýardy. Ol indi kyn ýagdaýa düşüpdi. Sebäbi indi maksadyny ýaňzytmagam gelşiksiz boljakdy. Ýatmakçy bolanlarynda, Aýjemal düşegi daşarda ýazdy. — Guda, daşarda gyşaraýaly. Ýyldyzlaň astyndaky alnan uky başga hili bolýa diýýä. Hakykatdanam, daşarynyň howasy üýtgeşikdi. Üzümli pellerden aralaşýan serginje howa ýürek taryňa kakyp durdy. Obanyň imisalalygy kalba rahatlyk berýärdi. Ýyldyzly asman bolsa Hatyja üçin täsin görnüş boldy. Patrak ýaly ýaldyraşýan ýyldyzlara haýran galyp syn edýän Hatyja uzak wagtlap uklap bilmedi. Hatyja ertesi irden ýola düşmekçi bolanda, Aýjemal garaşylmadyk sözleri orta atdy. — Guda, seniň näme maksat bilen geleniňi bilýän. Ýöne sen kalbyňdakyny aýdyp bilmediň. Sizi biziň ýekeligimiz biynjalyk edýä. Hawa, biz iki garry bolup, hakykatdanam, ýalňyz galdyk. Syr bildirmezlige çalyşsagam, bu aýralyk bize agyr düşýä. Bolýa, guda, biz siziň diýeniňiz bilen bolaly. Kuwwat janyň ýanynda ýaşaly. Bolmanda-da, o günlerimiz barybir indi gaýdyp gelmez! Aýjemal bu sözleri üýtgeşik bir äheň bilen aýtdy. Kalby gyýlyp giden Hatyja gudasynyň elinden garbap tutanyny duýman galdy. — Jorajygym, hatyrjem bol, siziň öýüňiziň yşygy öçmez! Içeriňizde ýene saçak ýazylar, owkat bişer. — Guda, sen näme diýmekçi bolýaň? Kuwwat jan çagalary bilen göçüp geler diýjek bolýaňmy? — Hawa, geler, hökman geler! Bu sözleri eşiden Aýjemal birbada näme diýjegini bilmän, äm-säm bolup durdy. Hatyja gudasy bilen çalt hoşlaşyp, gaty-gaty ýöräp gitdi. Häzir onuň ýüregi ornuna syganokdy. Hatyja esli ýöränsoň, birden yzyna seretdi. Aýjemal henizem onuň yzyndan garap dur ekeni. Hatyja şähere gaýdyp gelensoň, öýüne-de barman, gyzynyňka sowuldy. Ony uly tolgunma bilen garşy aldylar. Gyzam, giýewisem umyt bilen gözlerini tegeleşip durdular. Ýöne Hatyja ejäniň aýdan sözleri olara höküm bolup eşidildi. — Ertiriň özünde işiňizem, jaýyňyzam tabşyryň-da, oba tarap ýola düşüň. Siz indiden beýläk şo ýerde ýaşamaly. Läle birbada näme diýjegini bilmän, mejalsyz göwresini oturgyja goýberdi. Ara düşen dartgynly ümsümlik Hatyja ejäniň kejebesini darykdyrýardy. Ol uzak durup bilmän, tiz çykyp gitdi. Ýanýoda bilen aýgytly gadam urýan Hatyja ejäniň ýüregi belent duýgy bilen urýardy. Edýän işiniň haklygyna bolan ynam oňa güýç berýärdi. Birsalymdan onuň yzyndan gyzy ylgap ýetdi. — Eje jan, gynanmagyn, biz nägile däldiris! Hatyja gözlerini balkyldadyp duran gyzyny bagryna basdy. — Gyzym, saňa hiç wagt ene ýüregine sygmaýan söz aýdan däldirin. Häzirem seni ene ýüreginiň emri bilen ýola salýan. Nirä ugradýanlygymy bilip ýola salýan. Siziň ornuňyz şo ýerde, balam, bagtyňyzam şo ýerde! Ejesiniň gujagynda rahat tapan Läle göwünjeň dillendi. — Düşünýän, eje jan, düşünýän. Biz seniň aýdyşyň ýalam ederis. Çagalarymyň ata ýurdundaky ojagyny saklarys! Täçmyrat REPBIMOW. | |
|
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |