21:06 Päkize kalbyñ owazy / hekaýa | |
PÄKIZE KALBYŇ OWAZY
Ýaran mekdebe gitmek üçin öýlerinden hemişeki wagtda çykdy. Ol köçä düşüp, sähelçe ýörände, Jahan hem, edil dilleşen ýaly, öýleriniň deňinde peýda boldy. Gyz çala baş atyp salamlaşdy-da, köçäniň o tarapyna geçip, yzrakdan ýöräp ugrady. Bu ýagdaý her gün gaýtalanyp duransoň, endik bolup gidipdi. Ýaran goňşy gyz Jahan bilen bile oýnap ulalypdy. Jahan dogumly, görmegeý gyzdy. Ýigidiň her gezek oňa gözi düşende, ýüregi jigläp gidýärdi. Näme üçindir ýumşak häsiýetli Ýaranyň gyzdan susty basylýardy. Ol Jahan hakda köp oýlanýardy. Çagalygyň şirin arzuwlarynyň hemmesi goňşy gyz bilen baglanyşyklydy. Ýöne welin Ýaranyň göwni ahmyrlydy. Gyz oňa elýetmez şaha bolup görünýärdi. Gyz owadandy, owadanlygy ýaly hem howalasy belentdi. Onuň tekepbir nazarynyň talaby uludy. Ol talaby ödemek üçin, ýigitleriň seresi bolmalydy. Ýaran bolsa hiç bir babatda öz deň-duşlaryndan tapawutlanyp bilenokdy. Synpdaşlarynyň arasynda ol naýbaşy ýigitleriň hataryna girenokdy. Inçemikden uzyn boýly Ýaran tagaşyksyzrak görünýärdi. Tebigaty susdy. Barlygy-ýoklugy bildirip durmansoň, oňa kän ähmiýetem berlip durlanokdy. Onsoň beýle ýigide tekepbir bakyşly gyzyň synynyň oturmajagy bellidi. Ýaran birnäçe gezek öňdelik üçin synanyşyp gördi. Emma şonça-da paltasy daşa degdi. Synpyň oglanlarynyň hiç biri ýan berer ýaly däldi. Olaryň hersiniň öz rüstem taraplary bardy. Kuwwat okumyşdy. Ýanynda küt-küt kitaplary göterip ýören zehinli ýigidiň bilim gory çuňdy. Göwresi buýrulyp ýasalan ýaly, türgen Meýlis güýç-gaýraty bilen haýran galdyrýardy. Bälçik Ýolaman synpyň şahandazlykdaky göz guwanjydy. Onuň bar ýerinde gülki öz-özünden döreýärdi. Beýleki oglanlary hem hiç babatda peslär ýaly däldi. Onsoň Ýarana öz hetdini bilip, sus oturmakdan başga alaç galanokdy. Ýarana ýene bir zat azap berýärdi. Olam ýygralygydy. Ýüpek ýaly ýumşak tebigatly ýigidiň şagalaň-şowhun bilen kän mazasy ýokdy. Ylaýta-da, Ýolaman bälçikligini edip başlanda, ugry gaçýardy. Ýolamanyň bolsa diline düşen özüň bolma. Ýygralyk etdigiň, dat günüňe! Onsoň köpçüligiň öňünde ýüzüňi gyzardyp durmalydy. Polady ýumşak bolansoň, köplenç, Ýaranyň üstünden düşülýärdi. Neresse kähalatlarda hut gaçyp gitmäge kaýyldy. Bir synpda okansoňlar, Ýaranyň bolşuny Jahan görüp ýördi. Gyzyň talapkär nazaryndan ýigide gaçyp gutulma ýokdy. Ýaran ahyrsoňy öz bolşuny üýtgedip bilmejegine göz ýetirdi. Sadalygy bilen ylalaşyp, öňe dyzamak, şöhrat gazanmak meýlinden el çekmäge mejbur boldy. Bu bolsa şuglazar keşbi köňül mülküňde hemişelik orun alan arzyly dilberden tamaňy üzmek diýmekdi. Alaçsyzlygyňy duýmak ejirlidi. Ynsan höwes bilen ýaşamaly ahyryn. Duýdansyz ýüze çykan bir waka Ýaranyň durmuşyny has-da suslandyrdy. Garaşylmadyk ýerden oňa Kuwwat hoşamaýlyk edip başlady. Ençeme gezek ýanyna gelip, dostlarça söhbet etdi. Bu ýagdaý Ýarany geňirgendirdi. Sebäbi Kuwwat özüni derejeli tutýardy. Her kim bilen dostsurap ýörmezdi. Ahyrsoňy onuň matlaby aýan boldy. Kuwwat uly arakesmede Ýarana garaşylmadyk soragy berdi. — Ýaran, senden bir zat soramakçy. Jahan bilen araňyzda näme bar? Ýaran äm-säm bolsa-da, bada-bat jogap gaýtardy. — Hiç zadam ýok, diňe goňşy gatnaşygy. Kuwwat Ýaranyň ýüzüne müýnli garady. — Dost, bagyşla welin, seniňem Jahanda hyýalyň bar bolmagy mümkin. Ýöne men-ä şo gyz diýip hut kararymy ýitirdim. Şonuň üçin saňa maslahat salmagy ýüregime düwdüm. Ýaranyň birden ini tikenekläp gitdi. Ýigit şu wagta çenli göwnünde besläp ýören şirin arzuwlaryndan jyda düşen ýaly boldy. Kuwwat bilen bäsleşik etmäge onuň mümkinçiligi ýokdy. Ýaran keýpsiz gürledi. — Söýýän bolsaň, duýgyňy mälim et, dost. Seniň abraýyň uly, belki, gyz oňyn jogap berer. — Diýmek, sen garşy däl-dä? — Meniň garşydygymyň ýa garşy däldigimiň hiç hili manysy ýok. Hemmesi gyza bagly. Kuwwat kanagatlanmak bilen uludan demini aldy. Göýä işi bitip, gyzdan hoş söz eşidene döndi. Kuwwadyň tüýs ýürekden kalbyny açanlygyna Ýaran şübhelenenokdy. Aşyk ýigit umyt bilen galpyldaýardy. Oňa duýgudaşlyk bilen garanyny Ýaranyň özem duýman galypdy. Ýaranyň birden Kuwwada haýpy geldi. Näme üçin oňa medet bermeli dälmiş?! Ol Jahana, hakykatdanam, mynasyp ahyryn. Ýaran dillenenini duýman galdy. — Dostum, sen arkaýyn göwnüňdäkini ediber. Gyz seni söýer. Siz bagtly bolarsyňyz. Siziň bagtyňyz üçin menem elden gelen kömegimi gaýgyrman. Ýaranyň garaşylmadyk ýerden dilinden çykan bu sözler ýöne ýere aýdylmandy. Ol sözler tükeniksiz bişowluklaryň netijesidi. Ýürekde beslenip ýörlen näzik söýginiň diňe salgym ekenligine düşünilmegidi. Jahan ýaly sahypjemala hiç wagt özüniň mynasyp ýar bolup bilmejeginiň ahmyrydy. Hoşal bolan Kuwwat Ýaranyň arkasyna kakdy. — Sag bol, dost, tüýs ýüregimden turduň! Şondan soň Jahanyň özüni alyp barşy üýtgedi. Ol indi, öňküsi ýaly, hondanbärsi däldi. Irden mekdebe barýarkalar, bir zat diýmekçi bolýanlygy bildirip durdy. Ahyrsoňy gyz, mekdepden gaýdyp gelýärkäler, habaryny berdi. — Ýaran, menden näme üçin öýkelediň? Bu garaşylmadyk soraga Ýaran birbada näme jogap berjegini bilmedi. — Meniň öýkelänimi nireden bilýäň, Jahan? Gyz Ýaranyň ýüzüne garamyk gözlerini aýlady. Ol göreçlerde howsala duýulýardy. Ýaran birden bir zat ýadyna düşen ýaly, gaty-gaty gürläp başlady. — Jahan, Kuwwat gowy oglan. Ol saňa mynasyp. Siz bagtly bolarsyňyz. Bu garaşylmadyk sözlere gyz ör-gökden geldi. Ýüzi üýtgäp gitdi. Kalbyndakysyny aýdyp başlan Ýaran bolsa indi saklanyp bilenokdy. — Kuwwat seni, hakykatdanam, söýýän ekeni. Onuňky päk söýgi, Jahan. Sen birjigem ýaýdanma, bagtyňy duşuňdan geçirme. Jahanyň birden ýüzi çytyldy. — O zatlaň aladasy saňa galanok. Il bilen işiň bolmasyn-da, özüňi oňar! Otlukly jabjynan gyz gahar bilen aňyrsyna bakdy. Onuň aşa tolgunýanlygy bildirip durdy. Esli salym dymşyp gidensoňlar, Ýaran müýnli gürledi. — Jahan, bagyşla, men saňa mynasyp ýar bolup bilmezmikäm diýýän. Sen gowy gyz, Jahan! Sen diňe özüňe mynasyp gerçek bilen bagtly bolup bilersiň. Bu sözler gyza zor täsir etdi. Ol durky bilen bärsine döndi. Jahanyň Aý dek jemaly täsin görnüşde öwşün atýardy. Käse ýaly balkyldaýan maral gözleri tolgunma bilen bakýardy. Göreçlerde aýdylmaly sözleriň känligi bildirip durdy. Ýöne gyz ýagşydan-ýamandan sesini çykarmady. Diňe uludan dem aldy-da, çalt-çalt ýöräp gitdi. Şondan soň Jahan Ýaran bilen mekdebe bile gatnamady. Ol öňki wagtyndan has ir öýlerinden çykýardy. Okuwdan soňam yzyna garaman gaýdýardy. Ýaranyň Kuwwat bilenem gatnaşygy üýtgedi. Ozalky dostsuraýan ýigidi indi tanar ýaly däldi. Aşyk ýigidiň habary alynmadyk bolarly. Kuwwat bişowlugy Ýarandan görýän ýaly, ýüzüni kese-kese sowýardy. — Dost jan, senden beýle namartlyga garaşmandym! Ýaman sözler bilen arabozarlyk edersiň öýtmändim. Kuwwadyň gylygynyň üýtgemegi Ýarana ýakymsyz täsir etdi. Ol öň nähilidi ahyryn?! Içgin ýüregini dökende, Ýaran aşyk ýigidiň halyna gyýlypdy. Oňa çyn ýürekden duýgudaşlyk edipdi. Emma adam beýle üýtgäp biljek ekeni! Indi Ýaranyň Kuwwatdan göwni geçipdi. Ony Jahanyň ýanynda tüýs ýüreginden taryplanlygyna ökünýärdi. Mekdep döwri tamamlanyp barýardy. Gyş ahyrlap, baharyň ýyly demi dumly-duşda öz erkini ýöredýärdi. Uly durmuş ýolundan gadam urmaly pursadyň ýetip gelenligini duýýan ýaşlaryň gylygy üýtgäpdi. Biri-birine bolan gatnaşyklary mylaýym häsiýete eýe bolupdy. Maý tapdyklary, üýşüp oturýardylar. Gürrüňlerem, köplenç, şirin göwün ýüwürtmelerden ybaratdy. Bir gün şeýdip otyrkalar, gyzlaryň biri çalaja aýdyma hiňlendi. Näzijek ses bilen aýdylan bu aýdym oturanlara güýçli täsir etdi. Her kim oýa batyp, sesini çykarman otyrdy. Şondan soň synpdaşlaryň arasyna nähilidir bir gozgalaň aralaşdy. Göwünleri joşup duran juwanlaryň indi tutumly bir işiň başyny tutaslary gelýärdi. Kimsi üýşüp sahna oýunjagazyny taýynlalyň diýýärdi. Kimsi aýdym aýdalyň diýse, kimsi tans edermendi. Soňky teklip hemmelere makul göründi. Synpdaşlaryň hemmesi oda düşen ýaly boldy. Ýerli-ýerden tagalla edilensoň, ähli zat sähelçe wagtyň içinde ugrugyp gitdi. Mekdebiň aýdym-saza niýetlenen ýörite otagy höwesekleriň iň köp bolýan ýerine öwrüldi. Ýokary synpyň okuwçylarynyň agzybirlik bilen başlan bu işine aýdym-saz öwredýän Bagty mugallym şatlanyp, iki bolup bilenokdy. Ol desbi-dähel taýynlyk görüp, ene-atalaryň öňünde çykyş etmegi teklip edýärdi. Bu çynlakaý işdi. Şonuň üçin işe ýapyşylyşy hem çynlakaý boldy. Ýöne bir ýerde durup bilmän, bökjekleşýän oglan-gyzlar özleriçe tans edýärdiler. Diňe toýlarda edilýän tansyň hereketlerini gaýtalaýardylar. Bagty mugallym bolsa olary çeper tansa gönükdirjek bolýardy. Onuň hödürleýän tans sazlary hem üýtgeşikdi. Bu sazlara birbada hereketlerini goşup bilmedikler hem boldy. Emma ýuwaş-ýuwaşdan ram edilýärdi. Sazlar ýürek taryňa kakýan belent heňdäki öwüşginlerden ybaratdy. Nepis owazlar biygtyýar öz goýnuna dolap alýardy. Öz içki dünýäň bilen ýüzbe-ýüz galýardyň. Kalbyňdaky besläp ýören umyt-arzuwlaryň, göwün ýüwürtmeleriň hemmesi ör-boýuna galýardy-da, hyýalyň möwç urýan ummanynda gulaçlap ýüzdürýärdi. Bu sazlaryň heňi Ýarany-da bada-bat özüne imrindirdi. Ýigit birden jadylanana dönäýdi. Öň hiç wagt tans edip görmedik ýygra ýigidi indi tanar ýaly däldi. Ýüreginiň urgusyna deň goşulyşyp duran täsin owazlaryň astynda dünýäni duýman tans edýärdi. Hereketler öz-özünden döreýärdi. Içdäki joş alyp duran näzik duýgular gitdigiçe dabaralanýardy. Ýarandaky bolup geçen bu özgerişligi hemmeler bada-bat duýdy. Ylaýta-da, Bagty mugallym haýran galypdy. Ol indi Ýarana gözüni aýyrman syn edýärdi. Sazyň arasy kesilende, Ýaran birjigem gysynmady. Diňe demini dürsäp, indiki saza garaşdy. Ýigidiň henizem şol tans edýän wagtyndaky belent ruhdalygydy. Ýaran ikinji tansa-da ilgezik çykdy. Bu tansyň sazy öňküden tapawutlanýardy. Bu gezek janlyrak hereket etmelidi. Uly ruhubelentlik bilen maksadyňa tarap okdurylmalydy. Ýaran geň halda bu tansyň hem tiz ruhuna girdi. Saýhally hereket bilen ýeňiljek gopýan ýigit tansçylaryň hemmesiniň öňbaşçysy ýaly bolup durdy. Bagty mugallym Ýarany öň hatarda goýdy. Oňa hemralyk üçinem ýanaşyk synpda okaýan Güljany alyp geldi. Güljan hemişe ýylgyryp ýören şadyýan gyzdy. Ol nepis aýlawlar bilen diýseň gowy tans edýärdi. Ýaran bilen bu gyzyň tans hereketleri birenaýy sazlaşyp gidiberdi. Tans edip başlansoň, Ýaranyň durmuşy birden özgerdi. Özem bu özgerişlik örän çalt bolup geçdi. Ýigidi indi tanar ýaly däldi. Birden görke gelen ýaly bolan Ýaranyň özüne bolan ynamy artypdy. Ol indi hemmelerden ezber tansçydy. Ol bu babatda öz ussatlygyny äşgär duýýardy. Ine, onuň göwnünde besläp ýören arzyly pursady! Onuň hem beýlekilerden rüstem tarapy bar ekeni. Diýmek, ol hem beýlekiler bilen deň hatardaky naýbaşy ýigit ekeni. Ýaranyň ussatlygynyň gözbaşy kalbynyň päkizeligidi. Kir-kimirsiz sada ýüregi bolmadyk bolsa, ýigit beýdip hyjuw bilen dolup-daşmazdy. Öz-özünden ylham alyp, töweregindäkileri maýyl etmezdi. Päk niýetiň hem güýji bar ahyryn! Edilmeli çykyş tiz taýynlandy. Ýaşlar hyjuw bilen dolup-daşýardy. Şonuň üçin haýal-ýagallyk etmezlik maslahat bilindi. Mekdebiň direktory Abadan mugallym hemmelerden beter gyssanýardy. Ol hormatly ene-atalaryň hersine aýratyn çakylyk ýollaýardy. Çykyş edilmeli gün toý-baýram ýaly boldy. Ene-atalaryň hemmesi şatlyk bilen üýşüp geldiler. Mekdebiň aýdym-saz otagy mähelleden ýaňa hyň berýärdi. Ilki aýdymçylara nobat berildi. Höwes bilen aýdylan aýdymlar tansçylaryň şowhun bilen orta çykmaklaryna ýardam etdi. Tansçylaryň hijisem gysynyşyp duranokdylar, gulaga diýseň hoş ýakýan mylaýym sazyň astynda ezberlik bilen tans edýärdiler. Tans özüne imrindirýärdi. Tomaşaçylaryň göwnüni awlaýan zat, ilki bilen, tans edýän ýaşlaryň kalbynyň joşgunydy. Bu sazlaşykly hereket edýän toparyň jümmüşinde bolsa uzyn boýly Ýaran tapawutlanyp durdy. Onuň başyndaky akja telpegi, egnindäki nagyş salnan ezýaka köýnegi diýseň ýaraşykly görünýärdi. Özüni ynamly alyp barşy, saza utgaşyp duran sypaýy hereketi, hemmesinden beteri hem çalaja gülümsireýän hoşroý ýüzi oňa nowjuwan gerçegiň görnüşini berýärdi. Çykyş üstünlikli tamamlandy. Tomaşa etmäge gelen ene-atalar şatlyklaryny ýaşyryp bilmän, dowamly wagt el çarpyp durdular. Çykyş tamamlanan badyna, Ýaran ejesiniň ýanyna ylgady. Häliden bäri oglunyň tans edişine demini alman diýen ýaly syn eden enäniň ýüzi bagtyýar nurlanypdy. Ol perzendiniň ýüzünden-gözünden mähir bilen sypaýardy. Ýaranyň birden ejesiniň ýanynda duran Jahana gözi düşdi. Ýeri, ony başda görmeýşini diýsene! Gyzy häzir görmäge göz gerekdi! Ol ýap-ýaňyja açylan bägüle meňzeýärdi. Birmahalky tekepbir garaýan garamyk gözler indi guwanç bilen balkyldaýardy. Başyny belent tutýan tansçy ýigit gyza ilkinji gezek buýsançly nazar saldy. Täçmyrat REPBIMOW. | |
|
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |