01:45 Gülälekli ýodalar / hekaýa | |
GÜLÄLEKLI ÝODALAR
Hekaýalar
Gijara okalgadan gaýdyp gelen Jemal talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýyndaky otagyna girip bilmedi. Otagdaş gyzy Dursunyň ýanyna ýene Laçyn gelen ekeni. Jemal Laçyny halanokdy. Şonuň üçin, tä Laçyn gidýänçä, girelgäniň öňündäki oturgyçlaryň birinde oturyp, garaşmagy ýüregine düwdi. Ýokary okuw mekdebinde höwes bilen okuwa başlan Jemalyň şatlygy uzaga çekmedi. Näme üçindir, onuň köpçülikden sussy basylýardy. Ol özüni erkin alyp baryp bilenokdy. Mekdepde diýseň gowy okaýan Jemal sapaklaryna-da oňly jogap berip bilenokdy. Ol hemişe aljyraňňy haldady. Jemal özündäki bolup geçýän bu ahwalata düşünip bilenokdy. Ol töwerekdäkilerden asgyn gelýärdi. Beýlekileriň ýeňillik bilen baş alyp çykýan ýerinde-de uly kynçylyk çekýärdi. Jemal topardaşlary bilenem öwrenişip gidiberenokdy. Topardaşlarynyň hemmesi ondan ekabyrgörünýärdi. Özlerini köpçülikde diýseň ynamly duýýan şadyýan ýaşlar geň halda gatylyp-garylyp gidýärdi. Hiç kim bilen oňly ümmüldeşip bilmeýän Jemal bolsa, barlygy-ýoklugy bildirmeýän sus haldady. Jemala otagdaş bolup Dursun düşüpdi. Dursun dogumly gyzdy. Ol Jemala kän ähmiýet berip duranokdy. Näme üçindir, ondan özüni belent tutýardy. Otagdaşynyň özüne pisint etmezligi Jemala ýokuş degýärdi, emma edip bilýän alajy ýokdy. Jemal hakykatdanam, özüniň Dursundan köp babatda egsikligini äşgär duýýardy. Dursun onuň ýanynda has edep-ekramly gelýärdi. Görk-görmekden iki paý berlen ýaly, agras häsiýetli gyz özgeler bilen özboluşly bir äheňde gürleşmegi başarýardy. Onuň hemmeler tarapyndan sarpasy tutulýardy. Jemal şunça esewan etse-de, akylly-başly bu gyzyň hereketiniň köstüni görenokdy. Bu ýagdaý islese-islemese, oňa bolan hormatyny artdyrýardy. Özüne bolan ynamy bolsa, şonça egsilýärdi. Jemal indi otagdaş gyzynyň igençlerine kaýylbolupdy.Özi duýmazdan onuň öňünde ýaýaplaýardy. Her bir babatda göwnüne görä gopmaga çalyşýardy. Dursunyň ýanyna Laçyn gelende bolsa, ejirli pursat emele gelýärdi.Ol Jemalasowuk nazaryny dikip, içýakgyç sözlerini aýdýardy. Laçyn göýä, Jemalyň üstünden gülmekden lezzet alýan ýalydy. Jemal oturan ýerinde irkilenini duýman galdy. Birhaýukdan soň, ony yralap oýardylar. Äm-säm bolup gözüni açan Jemal üstüne abanyp duran Dursuny gördi. — A gyz, bu ýerde näme işleýäň? Men saňa haçandan bäri garaşyp otyryn. Aýak üstüne galan Jemal ýagşydan-ýamandan sesini çykarman, gulagasyjylyk bilen Dursunyň yzyna düşdi. Otaglaryna gelensoň, Dursun Jemala haýpygelijilik bilen garady. — Jemal jan, Laçynyň gelenini halaňokmy? Ol indi saňa ýakymsyz söz aýtmaz. Göwnüňe degen bolsam, menem bagyşla! Şondan soň, Dursunyň bolşy üýtgedi. Ol indi Jemal bilen bütinleý başgaça gatnaşyk edýärdi. Birsyhly aladalanyp, hossarlyk edýärdi. Emma beýle ýagdaý Jemaly kanagatlandyranokdy. Ýeri, haçana çenli töwerekden haraý gözläp ýaşamaly?! Gyz özündäki bolup geçýän ahwalata düşünjek bolýardy. Näme üçin ol beýlekilerden sussupeslik edýärkä? Bu babatda kimi-de bolsa, birini günälemäge esas ýokdy. Birsyhly göwnüçökgünlik Jemalyň kalbyny aldym-berdime salýardy. Ol barha alaçsyzlygyň girdabyna düşýärdi. Jemala ylaýta'da, ýygy-ýygydan jaň edip duran ejesi bilen gürleşmek ejirli bolýardy. Gyz mähriban käbesi bilen gürleşende, zordan gözýaşyny saklaýardy. Kalbyndaky gussany bildirmejek bolup azara galýardy. Emma ene ýüregi syzgyrdy, gyzyndaky näjaýlygy bada-bat aňýardy. —Gyzym, näme aladaň bar, näme biynjalyk edýä? Ýa okuwyňy gowy okap bileňokmy? Ejeňden hiç zady gizleme, balam, bolmasa ýanyňa baryp gaýdaýyn. —Eje, meň hiç hili aladam ýok. Okuwymy birkemsiz okap ýörün. — Näme diýseňem, gyzym, sesiň-ä halsyz eşidilýä. Jemal sapaklaryndan boşadygy, okalga gyssanýardy. Dynç günlerem okalgadan çykman oturýardy. Ol diňe şeýdip, kalbyndaky galagoplykdan halas boljak bolýan ýalydy. Diňe ýalňyzlykda göwnüne aram gözleýän ýalydy. Argynlyk aralaşanda bolsa, okalganyň eýwanyna çykyp dynç alýardy. Gözlerini bir nokada dikip oturan gyz perişan görünýärdi. Bir gün Jemal şeýdip, eýwanda ýeke özi oturan wagty ýanyna topardaşy Kerwen geldi. Kerwen harby gullukda bolup gelen salyhatly ýigitdi. Oňa ilki nazaryň düşenden ýakymly täsirdöreýärdi. Kerwen okuwyny yhlas bilen okaýardy, özem bedenini berkitmek üçin irginsiz türgenleşýärdi. Onuň topardaky abraýy uludy. — Jemal, ýene tukatlanyp otyrmyň? Hemişe-de şu bolşuň, seniň alaýaz bolup ýöreniňi hiç göremog-a men. Jemal näme diýjegini bilmän, egnini gysmak bilen oňdy. — Nädeýin, bolşum şeýle-dä. Kerwen Jemalyň ýanynda ornaşykly oturdy-da, çynlakaý söze başlady. — Jemal, dogrusyny aýtsam, seniň häzirki tukatlygyň sebäbini men bilip durun. Ozaldan bärem seniň bilen gürleşmekçi bolup ýördüm. Birbada meniň aýdýanlarymyň saňa düşnüksiz bolup görünmegi mümkin. Hatda käbir sözlerimi göwnüňe almagyňam mümkin. Ýöne sen üns bilen diňle-de, meniň aýtmakçy bolýan sözlerimden dogry netije çykarjak bol. Seniň häzirki tukatlygyň sebäbi, beýlekilere garanyňda, beden taýdan gowşaklygyňdyr. Has dogrusy, öz deň-duşlaryňdan güýjüň pesligidir. Güýjüň pes bolsa, köplenç sussuňam pes bolýa. Ynha, bar belaň körügi şundan ybarat. Kerweniň bu sözlerinden soň, Jemal näme diýjegini bilmän, gözlerini tegeläp oturdy. Kerwen ýene sözüni dowam etdi. — Jemal, häzirki ýagdaýyňdan dessine halas bolmaly. Munuň üçin elde baryňdan edip göreşmeli. Jemal çekinjeňlik bilen topardaş ýigidiniň sözüni böldi. —Men nähili göreşmeli? Ejizligimden nähili halas bolmaly? Munuň heý, çäresi barmy? — Beden taýdan kämilleşmeli, güýjüňi artdyrmaly. Ynha, ýalňyz dogry ýol şundan ybarat. Ýöne bu ýol örän köp zähmeti talap edýär, erjelligi talap edýär. Şonuň üçin ilki bilen onuň ähmiýetine pugta düşünmeli, ýüregiň bilen uýmaly. Oýa batan Jemal ýagşydan-ýamandan sesiniçykarmady. Ýöne gyzyň gözlerinde indi umyt uçguny köreýärdi. Kerwen gitmek üçin ýerinden turdy. — Jemal, seniň häzirki halyňa nebsim agyrýar, saňa ýardam edesim gelýär. Men beden sagdynlygynyň durmuşdaky ähmiýetine gowy düşünýän. Şonuň üçin, her gün ýoňsuz aralygy ýöräp geçýän. Bu hereket üýtgeşik lezzet berýär. Isleseň, senem yzyma düş, meniň aýdýanlarymyň dogrudygyna tiz göz ýetirersiň. — Kerwen, sag bol, men seň aýdýanlaryňa ynanýan. Dogrudanam, men beýlekilerden egsiklik edýän. Her ädimde özümiň ejizligimi duýýan. Bu ýagdaýdan halas bolmak üçin, nähili göreşmelem bol-sa göreşjek. — Berekella, Jemal, seniň şeýle diýjegiňe ynanýardym. Onda gürleşdik, agşamara salkyn düşdügi sport eşikli okuw mekdebimiziň sport meýdançasyna bar. — Bolýar, Kerwen. Jemal şol gün okalgadan ir çykyp gaýtdy. Bolýan otagyna gelendenem, gezelenje taýynlanyp başlady. Gyz sport eşigini bir geýýärdi, bir çykarýardy. Ol sport eşikde özüni oňaýsyz duýýardy, sebäbi beýle lybasda hasam çepiksi görünýän ýalydy. Kerwen hakykatdan hem, wadalaşyşlary ýaly, sport meýdançasynyň girelgesiniň öňünde garaşyp dur ekeni. Sport eşiginde hasam göze gelüwli görünýän bu syratly ýigidiň ýanynda Jemal özüni arkaly ýaly duýdy. Kerwen ýanýodanyň ugrundan haýdap barşyna, birsyhly maslahat berýärdi. — Birbada özüňe kän agram salma, ýuwaş-ýuwaşdan werziş bolarsyň. Süňňüňi berkitmegiň iň dürs usuly pyýada ýöremek bolsa gerek. Sebäbi bu hereket ynsanyň tebigy hereketi ahyryn, bedenimiz şu hereket esasynda kemala gelipdir. Näçe menzil aşsaň şonça-da güýçli boljagyň görnüp duran zat. Ynamsyz gadam urýan çepiksije Jemal çalaja ýylgyrdy. — Men näme üçin ejizkäm? Ýa beýlekilerden az ýöredimmikäm? —Ýok, Jemal, beýlekilerem senden artyk ýörän däldir. — Iş diňe pyýada ýöremäge bagly bolsa, men hiç kimden pes oturmaryn-la. Ýöne munuň bilen hemme zat gülala-güllük bolaýsa. —Birjigem ikirjiňlenme, Jemal, gazanýan üstünligiňi dessine özüňem duýup başlarsyň. Harby gullukdakak biz köp türgenleşik ýörişlerini geçýärdik. Şol ýörişlerem bizi taplady, lellim halymyza ers-mers bolduk. Durmuşda herki zadyň öz kanunalaýyklygy bolýar. Hiç zat tötänleýin ýüze çykanok. Kämilligiňem ýoly bir. Şol ýoldan näçe ilerläp bilseň, şonça-da maksadyň hasyl bolýar. Jemal Kerweniň bu sözlerine düşünmedi. Ýöne bu sözleriň aňyrsynda uly manynyň ýatanlygyny aňdy. Kerwen giň ädimler bilen haýdap ýöreýärdi. Onuňyzyna eýermek üçin Jemal tijenmeli bolýardy. Ep-esli ýöräp, hereketli maşklary edenlerinden soň, Kerwen hoşamaý sözleri aýtdy. — Jemal, berekella, ilkinji synagdan üstünlikli geçdiň. Jemal çalaja ýylgyrdy-da, argyn ädimler bilen bolýan otagyna tarap ýöneldi. — Sag bol, Kerwen! Ertesi sport meýdançasyna gelip, ýene düýnki hereketlerini edenlerinde Jemalyň endam-jany soka salnan ýalydy. Ol ýöremegi sport hasabynda-da görmezdi, emma onuň bedene salýan agramy ýeňil-ýelpaý däl ekeni. Kerwen göýä, Jemalyň halyndan habarly ýaly, göwünlik beriji sözleri aýtdy. —Häzir saňa kyn düşýän bolmagy mümkin, Jemal! Ýöne gaýrat et, bir hepdejik çydasaň, soň öwrenişip gidersiň! Sport meýdançadan daşarda gezelenç edip ýörenlere gözi düşende Jemalyň kalbyna gubar inen ýaly boldy. Şeýle gözel çagda il deňinde agaýana seýil etmegiň ýerine derini saçyp ýörenligine kemsinjek boldy. Gyzdaky bu üýtgeşikligi Kerwen dessine aňdy. — Jemal, mazaň gaçdy-la, ýa ýadaýaňmy? — Ýok, Kerwen, men ýadamok, diňe bolup ýörşümden utanýan. Kerweniň ýüzi ünjüli çytyldy. — Jemal, häzir diňe ümzügiň öňe bolmaly. Başga hiç zada ähmiýet berme. Soň saňa bagt gülüp bakar. Häzirki edýän yhlasyň birkemsiz ýerine düşer. Ýigit birden aýak çekdi-de, janygyp gürläp başlady: — Jemal, deň-duşlarymyň arasynda iň ejizi mendim. Ejizligim bolsa, her ädimde diýen ýaly, degnama degip durdy. Güýç diňe öz mertebäňi goramak üçin zerur däl. Güýç, sagdynlyk ynsanlyk derejäňi kesgitleýär. Muny bir söz bilen beýan etmek kyn, Jemal! Menem seň häzirki ýagdaýyňy başdan geçirdim. Ýöne men öz ykbalyma biperwaýlyk etmedim, ejizligime kaýyl bolmadym. Irginsizlik bilen göreşdim, bedenimi taplamak üçin, janyma dözdüm. Esgerlik döwrüm bolsa, meni birkemsiz taplady. Men ahyrsoňy şeýdip ynha, seň garşyňdaky Kerwene öwrüldim. Kerweniň bu sözleri Jemaly haýran galdyrdy. Ol gözlerini giň açyp, garşysyndaky daýanykly ýigide ýiti-ýiti seretdi. —Kerwen, dogrudanam, sen türgenleşip şeýle syratly bolduňmy? — Hut şeýle, Jemal, meniň häzirki güýjüm tebigat tarapyndan berlen güýç däl, ol gazanylan güýç. Tutanýerlilik bilen öz gazanan güýjüm. —Diýmek, isleseň ejizlikden halas bolýan ekeniň-dä?! —Elbetde, Jemal, maksat tutunsaň, hasyl bolmaýan arzuw ýok. Kerweniň bu sözlerinden soň Jemalyň dünýäsi giňäp gitdi. Serindäki alasarmyklyk göýä, el bilen syrylana döndi. Gyz birden öz islegiňe görä ýaşap bolýanlygyna, durmuşda üýtgedip bolmaýan hiç bir hili çägiň ýoklugyna göz ýetirdi. Kalbynda uly özgerişlikler bolup geçýän Jemal ädimleriniň haýallanlygynam duýanokdy. Kerwenden yza galýanlygyny diňe, ýigidiň sesinden bilip galdy. — Jemal, näme üçin yza galýaň? Birden özüne gelen Jemal howlukmaç dillendi. — Kerwen, maňa garaşma-da, ýöräber, men az-kem dynç aljak. Jemal şeý diýip, oturgyçlaryň birinde ornaşdy. Gözlerini bir nokada dikip, agyr oýa batan gyz göýä, dünýäni unudana çalym edýärdi. Jemal şol gün bolýan otagyna üýtgeşik bir ruh bilen geldi. Otaglaryna ýene Laçyn gelen ekeni. Laçyn bugezegem Jemala kinaýaly nazaryny dikdi. — A gyz, ylgap geldiňmi? Göräýmäge bu ýönekeý sowalda degnaňa degiji söz ýok ýalydy. Ýöne aýdylyş äheňi welin, Jemalyň inini tikenekledip gitdi. Ol her gezek şeýle ýagdaýda özüni ýitirýärdi, emma bu gün welin müzzermedi. — Hawa, ylgap geldim. Ertirem ylgajak, meýliň bolsa, düş yzyma. — Daş edewersin, bir ýetmeýän zadym şoldy-da! — Näme, ylgamagy özüňe kiçilik bilýäň- mi? Men-ä ylgaýan, jora! —Ylgaweri, nireden adyňy tutupdyryn. — Ylgarynam, oň üçin men hiç kimden rugsat soramaly däl. Jemal barha sesini gataldýardy. Onuň häzir ýaňsyly garap oturan Laçynyň petigulusyny beresi gelýärdi. Jemalyň birden beýle ekezlenmeginiň sebäbi, hälkije duýdansyz kalbyna gelen oýlardy. Ol indi özüniň ejizliginiň sebäbine düşünýärdi. Özgeleriň näme üçin güýçlüdiklerine, olar bilen nähili edeňde egniňi deňläp bolýanlygyna aň ýetiripdi. Gyzyň häzir ýüregi suwlujady. Onuň indiden beýläk hiç kimiň öňünde minnet çekesi gelenokdy. Laçyn bu gezek öňküleri ýaly, Jemalyň üstünden gülüp bilmejegine göz ýetirdi. Şonuň üçin tiz garasyny saýlamak bilen boldy. — Bu gün ne döw çaldy, gyz, muňa?! — Maňa hiç döwem çalanok, öz bolşuň ýaly bolýan. Teýeneli söz eşitmejek bolsaň, teýeneli sözüňi aýtma! Laçyn siltenjiräp turup gidensoň, Dursun ötünç soraýan dek, müýnli gürledi. — Jemal, bagyşlaweri, Laçynyň häsiýeti şeýle-dä, beýlekileriň çetiňe degmäni gowy görýär. Jemal dogum bilen dillendi: — Hany, ýene-de bir çetime degjek bolup görsün! Dursun geňirgenmek bilen Jemalyň ýüzüne garady. — A gyz, dogrudanam, saňa näme boldy? Iki gün ylgap geldiň-de üýtgäýdiň-le. — Maňa hiç zadam bolanok, diňe özümiňem beýlekiler bilen deň derejädäki adamdygyma göz ýetirdim. Dursun birden sesini pessaýladyp, uýala-gorka garaşylmadyk soragy berdi. — Sen dogrudanam, Kerwen bilen ylgaýaňmy, gyz? Müýn bilen berlen bu sorag Jemaly bada-bat üýtgetdi. Ýap-ýaňyja-da dergazap bolup duran gyz garşysynda boz-ýaz bolup duran otagdaşyny synlap, nämäniň-nämedigine düşündi. — Bildim, sen Kerweni gowy görýän ekeniň! Dursun tolgunma bilen, Jemalyň agzyna ýapyşdy. — Goýsana gyz, biri eşidäýmesin! Jemal indi garaçyny bilen jorasyna duýgudaşlyk edýärdi. —Tüýs ýüregimden oňlaýan, ikiňizem bir-birege mynasyp! Ertir bu habarjygy Kerwene duýduraryn welin, begenjinden iki bolup bilmez. Dursun bu sözlere ör-gökden gelse-de, duýgusynyň Kerwene ýaňzydyljagyna garşy bolup durmady. Ertesi seýilgähiň gülälekli ýodalarynda şatlyk bilen gadam urýan Jemal birsyhly ýylgyrýardy. Ol özüni sähranyň lälezarlygynda ýaly duýýardy. Jemalyň bu wagtyhoşlugyny Kerwen dessine aňdy. — Jemal, bu gün-ä keýpiň çaglanypdyr welin… — Häzir saňa bir habarjagaz aýdaryn welin, seňem keýpiň çaglanaýar. — Oň ýaly bolsa tizräk aýtsana! — Saňa diýseň owadan bir gyzyň syny düşüpdir. — Allajanlarym, meň ýaly sada ýigide höwes edýän owadan gyz kimkä? — Hany, özüň biljek bol, toparymyzda iň owadan gyz kim? — Toparymyzdaky gyzlaň hemmesem owadan, olaryň hiç birini aýratyn tapawutlandyryp biljek däl. —Boýyhemmelerden saýlanyp dur. Kerwen, oýun etmesene, kimiň owadanlygyny ýürejigiň syzyp durandyr-la. — Jemal, dogrudanam, seniň owadan diýýän gyzyň kimligin itanap bilemok. Sebäbi men tebigat tarapyndan görkli bolup, dünýä inen gyzlara ähmiýet berip duramok. Meniň höwes edýänim özi owadan bolup bilýän gyz. Gazanylan gözellik kalbyň gözelligi deýin, has nepis bolýar. Ýigidiň bu sözlerinden soň, Jemal näme diýjegini bilmän, gözlerini tegeledi. — Gyw oglan, men-ä bir sözüňe-de düşünmedim. —Düşünmedik bolsaň, düşnükli edip aýdaýaýyn. Meň gözüm diňe, bir gyzda eglendi, olam ynha, garşymda dur. Gulagy şaňlap giden Jemal ýigidiň ýüzüne dikanlap garady. — Kerwen, oýun edýäňmi, ýa üstümden güljek bolýaňmy? — Jemal, meň garaçynym, maňa seniň dünýäň aýdyň görünýä. Sen ýanymda bolsaň, özümi bagtyýar duýýan. Beýle duýgyny men ozal hiç wagt başdan geçirip göremok. — Men özümi saňa mynasyp saýamok, Kerwen. Bu ejizligim bilen saňa taý bolup bilmen. — Jemal, näme üçin öz bagtyňa ynanaňok, näme üçin göwnüňi pes tutýaň? Meni bendiedýän zat seňýüregiň näzikligi. Häzirki ejizligiňden bolsa, birjigem müýn etme, ony hökman ýeňip geçersiň. Ynan, sen dünýäde iň owadangyza öwrülersiň. Munuň üçin meň bilen şeýdip, deň gadam urmagyň ýeterlik. Gyz gözlerini bir nokada dikip durşuna, ýagşydan-ýamandan sesini çykarmady. Ýigit ýene erjellik bilen ýalbarmagyny dowam etdi. — Çynym bilen ýalbarýan, Jemal, durmuşda-da bileje gadam uraly. Deň ädýän ädimlerimiz bizi bagta tarap alyp gider. Bagtymyzyň hatyrasyna ýeňmejek kynçylygymyz bolmaz. Ykbaldaşym bolmaga razylyk ber! Başyna bagt guşunyň gonanlygyna diňe, indi göz ýetiren gyz ejap bilen baş atanyny duýman galdy. Täçmyrat REPBIMOW. | |
|
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||