23:52 Ýürek örki / hekaýa | |
ÝÜREK ÖRKI
Hekaýalar
Ýagmyr bu günem okalga hemişeki wagtynda geldi. Ýöne ol heniz ornaşyp-ornaşmanka, täsin waka ýüze çykdy. Talyp ýigidiň ýanyna mylaýym ýylgyryp, örän görmekli bir gyz geldi. — Ýagmyr, salam! Aňk-taňk bolan Ýagmyr aljyraňňylyk bilen gözlerini tegeledi. — Salam! Bagyşlaň, men seni tanamadym-la. Birsyhly ýylgyrýan gyz şadyýan dillendi. — Men obadaşyňyz, Akmyrat dükançyň gyzy. — Örän gowy! Ýöne seni ozal näme üçin görmedimkäm? — Üns bermeseňiz näme, men okalga her günem gelýän. — Bagyşlaweri, ünsüm diňe kitapda bolaýýa. — O diýýäniň-ä dogry. Gyz mundan artyk eglenmän, ornuna geçip oturdy. Obadaş gyzyň özüni örän sypaýy alyp barmagy Ýagmyrda ýakymly täsir döretdi. Hoşroý ýüzündäki uşajyk ýylgyryş onuň göwnaçyklygyndan habar berýärdi. Olar okalgadan bile çykyp gaýtdylar. Obadaş gyzyň ady Miwedi. Ol mekdep ýyllaryny ýatlady. — Mekdepde saňa iň ökde okuwçy hökmünde garaýardylar. Obadaş gyzyň öwgüli sözleri ýigide hoş ýakdy. Ýagmyr şondan soň, okalgada Miwe bilen ýygy-ýygy görşüp başlady. Ýaşlar kämahal okalganyň eýwanyna çykyp söhbet edýärdiler. Söhbetlerem esasan mähriban obalary hakda bolýardy. Miwäniň özboluşly dünýäsi bardy, sadaja pikir öwrümleri örän geňdi. Oslanmadyk ýerden Ýagmyryň obadaş gyza göwni gidäýdi. Ýigidiň ýüregini imrindiren zat gyzyň çaga ýaly sadalygydy. Sähradaky ýalňyz oturan güljagaz ýaly garawsyzlygydy. Ýagmyr uniwersiteti ahyrlap ýördi. Geljekki agronom ýigit ylymlar dünýäsine baş-bütin berlendi. Ähli küýi-köçesi kitaplarda jemlenipdi. Ýöne Ýagmyr basa oturyp, köp okasa-da, durmuşyň diňe kitaplardan ybarat däldigine düşünýärdi. Öýlenmelidi, maşgala ojagyny döretmelidi. Geljekki durmuşy hakda Ýagmyr az oýlananokdy. Durmuşynda Miwäniň peýda bolmagy bilen Ýagmyr bütinleý üýtgedi oturyberdi. Bu özgerişlige onuň özem haýran galýardy. Ýigidiň göýä dünýäsi täzelenen ýaly boldy. Mähekdaşy ýalyjak gyz onuň ähli erkini elinden aldy. Ýagmyr indi Miwäni görmese, bir zady kem ýalydy. Olar indi okuw mekdepleriniň golaýyndaky bagyň jümmüşinde häli-şindi gezelenç edip başladylar. Şol duşuşyklarda edilýän süýji söhbetleriň yzy tükenenokdy. Bu arzyly duşuşyklaryň soňy netijesiz bolmady. Uzaklaşdyrman toýuň ugruna çykmak maslahat edildi. Ýagmyr durmuşyndaky bolup geçen bu özgerişlige tüýs ýürekden begenýärdi. Hemme zat onuň üçin edil bolsady ekilen ýalydy. Olaryň ata-eneleriniň oňlap, obada tutulan toýuň dabarasy dag aşdy. Ýaş çatynjalaryň täze durmuşy hem ýeňil ugrugyp gitdi. Uniwersitetiň golaýynda wagtlaýyn ýaşamak üçin, oňaýlyja jaý tapyldy. Gün geçip, aý aýlanyp, uniwersiteti üstünlik bilen tamamlan Ýagmyr gatnamasy kynragam bolsa, uniwersitetiň okuw-önümçilik ekinzarlygynda işlemäge höwesek boldy. Ýaş agronom ençe ýyllap kitap gatyny dörüp öwrenen bili- mini iş ýüzünde barlap görmäge yhlasly ýapyşdy. Aslynda,Ýagmyryň işe ýapyşyşy üýtgeşikdi. Ol kesbini ömrüniň manysy hasaplaýardy. Ýaş güýç başbermezek taý ýalydy. Tiz netije gazanmasa ýaş agronom kanagatlanyp biljek däldi. Emma gazanylan netije suwytly bolmady. Ekiniň idegi çakyndan has çylşyrymly bolup çykdy. Bu ýerde badyhowa hyýallara bil baglap oturasy iş ýokdy. Tükeniksiz gözlegler zerur ekeni. Sabyr-takat bilen halypa alymlaryň edişi ýaly, ädimme-ädim öňe ilerlemelidi. Ilkinji höwesi oňmadyk ýaş hünärmen aljyraňňy görünýärdi. Baş goşan işinde ähli zatlaryň öz ugruna çözülip gitmeýändigine Ýagmyr has aýdyň göz ýetirip başlady. Emma oňa syrdaş ýokdy. Miwe öý aladalary bilen başagaýdy. Ýagmyryň gursagynda arzuw-hyýallar möwç urýardy. Ol sabyrsyzlyk bilen gelniniň okuwyny tamamlaryna garaşýardy. Mähriban obalaryna baryp, täze işleriň başyny tutmakçydy. Obanyň töweregindäki suw eltmesi kyn ýerleri täze usul bilen özleşdirmekçidi. Damja usuly, ýagyş usuly aýdyp-diýip bolmajak mümkinçilikler döredýärdi. Gujur-gaýrat bilen gaýnap-joşýan ýigit maksadynyň hasyl boljagyna birjik-de şübhelenenokdy. Emma garaşylmadyk ýerden kynçylyk döredi. Ýokary okuw mekdebini tamamlan Miwe obada işlemäge göwünjeň bolmady. Gelin adamsynyň ýalbar-ýakaryny diňlemegem islänokdy. — Şunça okap, indi men obada ýaşamalymy?! — Obamyzyň nämesi kem, Miwe? Şähere gaýra dur diýýär ahyryn. Biz ony hasam özgertmeli. Meň geljek baradaky arzuwlarymyň hemmesi obamyz bilen baglanyşykly. Maňa ynanaý, Miwe, biziň obadaky gurjak durmuşymyz manyly bolar. — Ýok, ýalbarybam oturma, men oba tarap bir ädimem ätjek däl! Ýagmyr ýan bermedi, gönümelligini etdi. Miwe islese-islemese oba gaýtmaly boldy. Oba geňeşliginde hasapçy bolup işe başlan gelin adamsynyň özdiýenliligini hiç ýüregine sygdyryp bilenokdy. Şondan soň Miwäniň gylygy üýtgedi, Ýagmyra öçli garap başlady. Ýaş maşgalada dartgynlyk peýda boly. Dogduk obasynda agronom bolup işleýän Ýagmyr maşgaladaky näsazlygyň durmuşa şeýle güýçli täsir edip biljegini oýuna-da getirmändi. Işden surnugyp gelende öýde mylakat tapanokdy. Birmahalky hoşlabyz Miwäni indi tanar ýaly däldi. Onuň kesirligi gitdigiçe-de artýardy. Obada uly işleriň başy tutulýardy. Şu wagta çenli ekine ýaramsyz hasaplanýan alaňlyk baga bürenip otyrdy. Dagyň daşly gaýalaryndan bat alyp, obanyň deňinden ok ýaly geçip gidýän sil suwlaryny peýdalanmagyň çäresi tapylypdy. Ýagmyry has-da guwandyrýan zat ösüp-örňäp gelýän çagalarydy. Ol çagalaryna diýseň hamrakdy. Ilki ýüzi düşen oguljygyny bagryna basyp, mährini gandyryp bilenokdy. Soňkulary gyz boldy. Biri-birine meňzäp duran iki gyz kakalarynyň göwün hoşudy. Birenaýy maşgala bolaýmalydy. Emma Miwäniň doňy çözülenokdy. Içeridäki bu näsazlyk çagalara-da ýakymsyz täsir etmän duranokdy. Olaryň daýhan birleşigine degişli, ozal ekine ýaramsyz hasaplanýan ýeri özleşdirmeli edilipdi. Ol ýerde topar döredilip, ekin ekilip başlanypdy. Ýagmyr şol ýere agronom edilip bellenildi. Işe ezber Ýagmyr baran gününden başlap, bu ýerde işe yhlas bilen ýapyşdy. Ekin üstündäkilere niýetlenen düşelgede nahar bişirilýärdi, çörek ýapylýardy. Garaz, ýekebaş durmuş üçin bu ýeri kem däldi. Ýagmyr ýalňyzlygy myzaýyk etmejek bolýardy. Ol diňe işi hakda oýlanýardy. Ýagmyr Günüň nähili dogup, nähili ýaşýanlygyny bilenokdy. Ol diňe aýlyk haky berlende ony alyp öýüne barýardy. Her gezegem umyt bilen Miwäniň ýüzüne garaýardy. Emma bulut çöken ýüz açylyberenokdy. Esasy zat, zähmet ähli zady ýeňýärdi, Ýagmyr ömrüniň manysy hasaplaýan keskyssa bikäri bilen baş-bütin meşgullanýardy. Ýürek bilen çekilýän zähmet nähili sapaly! Eger şu nukdaýnazardan seretseň, Ýagmyr bagtyň çür başynda bolaýmalydy. Emma ol özüni bagtly saýanokdy. Bagt başga ýerde ekeni. Ynsany çyn bagta ýetirýän maşgala hem zürýat mähri ekeni. Ýagmyr nirede bolsa-da, çagajyklary göz öňünden aýrylanokdy. Ata ýüregi hemişe eýjejiklerini küýseýärdi. Aýralygyň dagyny çekýän hamrak ýürek ahyrsoňy arzyly günleriň ýetip geljekdigine ynanýardy. Oglunyň harby gulluga çagyrylýanyny eşidende, Ýagmyr gulaklaryna ynanman, wagtyň beýle çalt geçişine haýran galdy. Oglunyň emedekläp, soň ýöräp başlany hol gün ýalydy. Eýýäm onuň Watan öňündäki harby gulluga alynýandygyny eşidende Ýagmyr begendi. Oglunyň indi Watany gorap, durmuşyň-da, Watanyň-da hemem maşgalanyň-da gadyr-gymmatyna has gowy düşünjekdigine buýsandy. Soňky ýyllar Ýagmyr üçin agyr geçdi. Gazanylýan üstünliklere garamazdan, agronom barha suslanýardy. Ýagmyr ýekelige ram edýärdi. Gündizlerine meýdana aýlanýardy. Ol içki pikirini meýdanlar bilen paýlaşýardy. Ýagmyr birsyhly ogly hakda oýlanýardy. Onuň harby gullukdan gaýdyp geljek gününe gözüni dikip garaşýardy. Egni esger lybasly Röwşen ýylgyryp, bir ýerden çykaýjak ýalydy. Şol pikirlere gark bolanda Ýagmyr oba tarap ýalta seredenini duýman galýardy. Ahyrsoňy sabyrsyzlyk bilen garaşylan pursat ýetip geldi. Oglunyň harby gullukdan gaýdyp gelendigini eşiden Ýagmyryň tolgunmadan ýaňa, endamyna galpyldy aralaşdy. Bu şatlykly habary oňa ilki bu toparda aşpezlik edýän Ogulbossan eje buşlady. Daňyň ümüş-tamşynda ulagdan düşen Ogulbossan eje ellerini galgadyp, Ýagmyryň ýanyna ýetmäge gyssanýardy. — Ýagmyr, gözüň aýdyň, ogluň gelipdir! Demini haşlap alýan dolmuş aýal tolgunjyna bäs getirip bilenokdy. — Ynhajykga ýanyňa-da geler, görüşmäge geler ogluň! Ýagmyr begenjinden kararyny ýitiripdi. Ol indi öýe girip bilmän, jaýyň töwereginde köwlenjiräp ýördi. Ýola dikilen intizar göreçlerde umyt uçguny köreýärdi. Emma garaşylýan esger ogul gara berenokdy. Gün öýläne sananda, Ogulbossan eje hemmesine özi günäkär ýaly, müýnli dillendi. —Ýagmyr, bolmasa, görüşmäge özüň gidäýsene! Çaga belki, köpçülikden sypynyp bilýän däldir. Ýagmyr bu ýere gelen ulag bilen oba tarap ýola düşdi. Öýüne golaýlaşdygyça, Ýagmyryň tolgunmasy artdy. Ata ogly bilen nähili görüşjegini bilenokdy. Ýagmyryň çaklaýşy ýaly, öýüň märekesi ýetik ekeni. Işikdäki dalbaryň asty düşeklenipdir. Gullukdan gaýdyp gelen esger bilen görüşmäge gelen goňşy-golamlar aý berip otyrdylar. Ýagmyr görnenden myhmanlaryň gowruna suw sepilen ýaly boldy. Ýerli-ýerden Röwşeni çagyrdylar. — Röwşen, gel, kakaň gelipdir, onuň bilen salamlaş! Röwşen kakasyna tarap ýönelende, howlynyň içine dartgynly ümsümlik aralaşdy. Tolgunmadan ýaňa durky bilen saňňyldaýan Ýagmyr özüne zordan erk edýärdi, bokurdagy tüýdük ýaly gurapdy. Aňyrdan atylan ok ýaly bolup gelen Röwşen kakasyny gujaklady. — Salawmaleýkim! — Waleýkim essalam, Röwşen, geldiňmi sag-aman?! Çynar ýaly ogluň garşysynda bir gysym bolup duran Ýagmyr birden ejizläýdi. — Oglum, seni göresim geldi! Göýä kakasynyň bu sözlerine garaşyp duran ýaly, Röwşeniňem sesi sandyrap çykdy. — Kaka, meňem göresim geldi! Didaryna zar bolan perzendini bagryna basan Ýagmyryň begençden ýaňa gözlerinden ýaş syrygýardy. Ýagmyr özüni birhili müýnli duýdy. Röwşen dillendi: — Kaka, indi obamyzda işläýsene! Hemmämiz bile ýaşalyň-la! Ýagmyr oýlanybam durman, bada-bat ylalaşdy. — Bolýa, oglum, ýöne ejeňiz razy bolarmyka? — Ejemem razy bolar, oňa özüm düşündirerin. Röwşeniň sesi dogumly hem pert çykdy. Täçmyrat REPBIMOW. | |
|
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||