01:18 Mahmal köwüş / hekaýa | |
MAHMAL KÖWÜŞ
Hekaýalar
"Berkarar" söwda we dynç alyş merkezinde ýaş ýigit dosty bilen kafeleriň birinde günortanlyk naharyny edinip otyrdy. Birdenem telefonyna jaň geldi. — Bir minut, dostum — diýip, sypaýyçylyk etdi-de, saçak başyndan turup, eýwanyň ýanyna bardy. Eýwanyň diregine tirsegini goýup, gürleşmäge başlady. Bu onuň başlygydy. Ol ýaş ýigide nähilidir bir tabşyryklary berýärdi. Ikisi nobatdaky işi düşünişensoňlar, telefon öçürildi. Birdenem ýigidiň aşaky gatda köwüş dükanyna girip barýan tanşyna gözi düşdi. Ol dostuna ýene sypaýyçylyk bildirdi-de, aşaky gata tarap ýumlukdy. Uzagrakdan gyzyň bir köwşi synlap durandygyny gördi. Ýöne, näme üçindir, Melike bu köwşi satyn alman, dükandan çykyp gitdi. Ýigit birden özüniň tanalmagyndan heder edip, aňyrlygyna ädimledi. Gyz däliziň beýleki gapdaly bilen ýöräp gitdi. Ol töweregine ünsem berenokdy. Başagaýlykda bir topar adamlaryň arasyna siňip, ýigit onuň deňinden geçdi-de, hälki köwüş dükanyna girdi. Satyjy müşderi bilen mylakatly salamlaşansoň, näme hyzmat edip biljekdigini sorady. — Ýaňky gyz haýsy köwşe seretdi? — diýip, dükandan çykanyň gyzyklanmasy dogrusynda sorady. — Siz ýaňky gyzyl köýnekli gyza diýýäňizmi? — diýip, satyjy gyz anyklady. Ýigit sowala yşarat bilen jogap berensoň, satyjy sözüni dowam etdi: — Ýaňky gyz, ine, şu gyzyl reňkli mahmal köwüş bilen gyzyklandy. — Ol bu köwşi näme üçin almady? — Töleg kartyny öýünde galdyryp gaýdan ekeni. «Indiki gezek gelemde alaryn, basym geljek» diýdi — diýip, ýagdaýy düşündirdi. — Hä, şeý diýseňiz-le! Siz tötänden ol gyzyň köwşüniň ölçegini bilýän-ä dälsiňiz? — diýip, ýene nazaryny dikdi. — Elbetde, bilýän. Ol biziň hemişelik müşderimiz ahyry. «36» belgili köwüşleri alýar. — Dogry, «hemişelik müşderimiz» diýsene?! Onda men şu köwşüň «36» belgilisini satyn almakçy! Bu sözlerden soň satyjy gyz dessine müşderiniň sargydyny taýýar etdi. Müşderem alan zadyndan göwnühoş bolup, dükandan çykyp gaýtdy. Gelenden soň, kafede ýeke galdyrylan dosty onuň nämä başagaý bolup ýörendigini sorady. Ýigit bolsa: — Aý, Melike gabat geldi-laý, aşaky gatda aýlanyp ýören ekeni... — diýip jogap berdi. — Şo-ol aýdymçy gyza diýýäňmi? Daşyndan gaýybana halap ýören gyzyň dälmidi şol? — Ýuwaş bolsana-how, beh, töweregiňde adamlar otyr ahyry! — Merdan bu sözleri aljyraňňylyk bilen aýtdy. — Onsoňam ol meň gaýybana tanşym däl, biz biri-birimizi tanaýas. Birnäçe gezek baýramçylyk konsertinde-de gabat geldik — diýip, sözüniň üstüni ýetirdi. — Aý, bolýa-how, bolýa! Entek ýakyndan tanyşlygyň bolmansoň diýäýdim. Ýogsa-da, eliňdäki näme? — Aý, üýtgeşik zat däl-le... kiçiräk bir zat... — Ýeri, bolýa. Geç, naharyňy bir iýsene, sowap gitdi gelýänçäň! * * * Melike howlukmaçlyk bilen «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň öňünde taksiden düşdi. Onuň etmeli işleri sanardan köp bolmaga çemeli, ädimleri öňkülerden batlanypdyr. Ilkinji nobatda, sahnada geýjek köýnegini deňäp görmek üçin tikinçilik öýüne bardy. Köýnek edil isleýşi ýaly bolupdyr. Ol muny diýseň halady. Soňam keýpikök halda köwüş dükanyna ýöneldi. «36» belgili mahmal köwşüň satylandygyny eşidip, ýüzündäki ýylgyryşy şobada öçdi. — Ony şol gün sizden soň bir oglan gelip, satyn aldy. Belki, başga köwüşlerimizden deňäp görersiňiz, bizde saýlaw köp ahyry?! — Hä, aý, bor-la, zyýany ýok! Öňki köwüşlemden birini geýäýerin. Köp sag boluň! — Şeýdip, Melike dükandan çykyp gaýtdy. Özüne näçe göwünlik berse-de, içinden gaty gynandy. Sebäbi tikinen köýnegi diňe şol köwüş bilen has owadan görünjekdi. «Beh, eýýäm kim satyn alyp ýetişdikä? Görüp gaýdanyma ýaňy bir-iki gün bolupdy ahyry. Ýeri, gelip-gelip, kartyňy şol gün ýadyňdan çykaraýmalymy diýsene» diýip, özüne käýinmäge başlady. Bolmanda, şol günüň özünde köwüşleri öýüne sargyt etdirmändigine gaty gynandy. Her niçigem bolsa, bar zady bähbide ýorup, geçelgeden geçişine taksä mündi. Keýpsiz halda taýýarlyk geçilmeli sahna tarap ýola düşdi. Golaýda uly konsert bardy, Melike-de şol sahnada aýdym aýtmalydy. * * * Irden poçtaçy nähilidir bir poçtany öýlerine getirip gitdi. Bu näme boldugy diýsene?! Açyp görse, gutynyň içinde şol mahmal köwüşler bilen bilelikde: «Dünýäniň iň owadan gyzyna muşdagyndan kiçiräjik sowgat!» diýen ýazgyly bir kagyzjygam bar ekeni. Bu muşdagyň kimdigi Melikäni gaty gyzyklandyrdy, gutynyň içinde bolsa ne at-familiýa, ne-de bir salgy görkezilendi. Bu syrly wakanyň üstüni ýekeje ýol bilen açyp boljakdy. Gyz bada-bat şol ýoly saýlap aldy... * * * Merdan kompýuteriň başynda işläp otyrdy. Birdenkä oňa Melikäniň belgisinden jaň geldi. Ony dessine saňňyldama tutan ýaly boldy. Gyzda onuň belgisi ýokdy, diýmek, belgisini tapypdyr-da... Belki, köwüşleri sowgat ýollanyňam Merdandygyny eýýäm anyklandyr. Ol medeni çäreleri gurnaýjydy. Şonuň üçinem sungat işgärleriniň aglabasynyň belgisini onuň «aragatnaşyk» depderçesinden tapsa boljakdy. Melikäniň belgisem şolaryň biridi. Bu gezek ýigit, çyndanam, aljyrady. Gyz bilen näme gürleşjegini göz öňüne getirmäge synanyşdy. Elleri bolsa diýen etmän, titremegini dowam edýärdi. Her niçigem bolsa, özüni dürsemäge çalyşdy, ýöne jaňy alyp ýetişmedi. Ol uludan demini aldy. Onýança SMS geldi: «Köwüşler üçin sag boluň! Ajaýyp saýlaw!». Ýigit haýran galyp, «Nädip bildiňiz?» diýen ýazgyny ugratdy. «Dükanyň menejeriniň üsti bilen, ol meniň joram» diýen ýazgyny okan wagty biygtyýar ýylgyrdy. Birdenem, tolgunmak duýgusynyň ýerine gursagyny şatlyk duýgusy gurşap aldy. Bu onuň köpden bäri arzuwlan pursadydy. Ol batyrgaýlyk bilen mundan bir minut öň jogap bermäge ýaýdanyp duran belgisine aýlady... Aýjahan ANNABAÝEWA, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň bölüm redaktory. | |
|
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |