10:13 Saña barýan ýol | |
SAÑA BARÝAN ÝOL
Goşgular
![]() Saňa barmak üçin başlan ýolumy, Saý-sebäbe çalşyp bilmen, öt günäm. Al kakdymy, çirk getirdim kalbyma, Şeýdip, kägün boldum munda betgüman. Saňa barmak üçin başlan ýolumy, Tün gijeler garbap aldy käýarym. Öz yşkyňy kem etmäwer gursakda, Şoldur meni Saňa eltjek täk barym. Şüweleňe, şagalaňa badygan, Nebsim mydam haý-höwese sersepil. Köňül bolsa Saňa tarap möwç urýar, Sensiz bolsa kyn. Özüň gorap, Senden başlan ýolumy, Huzuryňda jemlemäge döz meni. Kalbymda Seň nuruň çogsun çog ýaly, Ýa dünýäden üz meni... Aýjahan ANNABAÝEWA. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |