10:57 Çäresiz gyza | |
ÇÄRESIZ GYZA
Goşgular
Bu gün ýyldyryma aslyşyp gitdi Ykbalyňda çyndyr diýen çaklamaň. Tolkunly derýany içiňe salma:n, Akdyrasyň gelýär, emma saklaýaň. Alajyň bar, ele alyp syýaňy Nama göndermeli, okar kimde-kim. Ýöne indi nama ýazyp ýadadyň, Bolşuňa-da çäre tapyp bilmediň… • AHWAL Ýüregim kagyza ýara salmasa, Ahwalyma kim düşüner, ýogsa-da. Indi, hiç zat meni yza dolamaz Däliräp, sil bolup çabga ýagsa-da, Gözlärin dünýämi doldurjak zady. Käte adamlary siňe synlasaň, Baglanyşyklydyr dady-perýady. Hatda meňzeş gözden gaçan damjada. Käte öz-özümi görýärin menem, Şindi açylmadyk näzik gunçada. Bilbil saýramasa, aşyk bolmasa, Gunça açylara sebäp barmyka?! Meni tapman, gözýaş döküp bilbilim, Sülleren del güli suwarýarmyka… *** Gözlerimde gözleg galdy, Sözler galdy aýdylmadyk. Gursagymda bir syr galdy, Söýgüdirem öýdülmedik. Ömür galdy, oň yzlary Ýaşaýyşa meňzemeýär. Ähli gamgyn ýatlamany Guýup gaýtdyk deňzemi ýa?! Umman döräpdir düýnümde, Müýnler üýşüpdir, joşup dur. Sähel kalbym ynjadygy Olar serhetden aşyp dur. Kenara zyňlan balyk deý, Bir ýerde duranok kalbym. Bilýän, senem meniňki däl, Ömrümem karzyna aldym. • ÖZELENMEK Maňa “dem alma” diý, Ýok, “ýaşama” diý, Men bularyň ählisine kaýylam. Men bir-ä seň gara gözleň aşygy, Birem dünýäň şygyrlarna maýylam. Ýüregimi ikä böldüm, bir taýy Şygyrlamda, Ikinjisi gözleňde. Ikisini birleşdirmesem eger, Ýokdur maňa bu bolşumdan özgerme. Ah, jansyz jemendä öwrüljegimi Bilip durkaň “ýazmagyňy kes” diýme. Haýyş, maňa “bes” diýme. Goý, ýarasyn il derdine Derdimden çykarsyn meni, Sazlaşykly sözleň jemi. Aýjahan ANNABAÝEWA. | |
|
√ Agta han / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Ýaraşmaz / Goşgular - 01.12.2024 |
√ Baýram handan gazallar / Goşgular - 14.08.2024 |
√ Men ýene / Goşgular - 29.08.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Men / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Yşk goşgusy / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Gitmek / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Meniň gimnim / Goşgular - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |